Wb/tk/Kesearkaç

< Wb | tk
Wb > tk > Kesearkaç

MÄMMET SEÝIDOW

KESEARKAÇ

Görnükli şahyrymyz, zehinli ýazyjy Mämmet Seýidow bu romanynda Köpetdagyň eteginde ýaşan türkmenleriň Russiýa meýletin (mejbury) birikmezinden öňki ýagdaýlaryny, gelmişeklere garşy alyp baran söweşlerini suratlandyrýar.

1-nji bap: SARMAN ATA

Muny maňa Sarman ata gürrüň beripdi. Ol ýaşy ýetmişden geçen, tegelek ýüzli, süňklek adamdy. Onuň başynda könelip haýy giden gaba telpegi, egninde köneje mele mytgaldan penjegi bolardy. Bilini bolsa ýüp bilen guşardy.

Onuň ýanyp duran sowady bolmasa-da, özi aýtmyşlaýyn, özüne ýeterlik bilimi bolupdyr. Ol baryp-ha ilkinji mekdep açylan ýyllary gatnap, dördünji klasy gutarypdyr, başlangyç bilim alypdyr. Şondan soň hiç ýerde okamasa-da, gazet-žurnallary, eline ilen kitaplary sypdyrman okapdyr. Onuň hat ýazyşy büdür-südür, betgelşik bolsa-da okamaga hiç kimden pes däl ekeni.

– Kitap, gazet meniň üçin iň gowy gürrüňdeşlerim bolupdy — diýip, Sarman atanyň aýdany meniň ýadymda. Çowdur ussanyň şägirdi bolup işleýärkä, “Zöhre – Tahyryň” täze elipbiýde, şol wagtky atlandyryşlary ýaly, jeditçe göçürilen kitaby onuň eline düşüpdir. Ine, şolam Sarmana meşhurlyk getiripdir. Sarman ony sesli, onda-da uly labyz bilen okar ekeni. Ol haýsy öýde “Zöhre – Tahyry” okasa, şol öýe ähli goňşy-golam ýygnanar ekeni. Üstesine-de, onuň sesi ýaşka hasam owazly bolupdyr. Onsoňam näme, ol mahallar häzirki ýaly radio, telewizor ýok. Teatryň, kinonyň adynam eşitmändirler.

Negada bir gezek böküşip aşyr atyşýan lezginler geler ekeni. Olaram tüýdük çalyp, şonuň owazyna aşyr ataýmasalar, ýere oklanýan pullary arkan gaýşyp, dodaklary bilen alaýmasalar, ýa bir fokus görkezäýmeseler, repertuarlary onçakly baý bolmandyr. Toýdan başga wagtlar bagşam aýdym aýdyp ýörmeýän ekeni. Käwagtlar goşgy okaýan şahyrlar geler ekeni. Olaram kä öz goşgularyny, kä özgeleriň goşgularyny ýatdan okar ekenler. Şeýdip oba hezil berip gider ekenler. Sarman ata Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň goşgularyny, “Leýli – Mejnun”, “Şasenem – Garyp”, “Saýatly – Hemra” ýaly dessanlaryň parçalaryny ilki şolardan eşidipdir.

Bu zatlar hasap guşy ýaly seýrek bolupdyr. Şonuň üçinem obada “Zöhre – Tahyr” okarsyň-da, heý, adam üýşmezmi? Uzynly gün ýer depip, ýer sürüp, orak orup, kätmen urup, halys surnugan adamlar ýagyş ýaganda suwlaryň oý ýere syrygyp ýygnanyşy ýaly, ýadawlygyna garaman, kitap okalýan ýere ýygnanypdyrlar.

— Sarman şu gün kitap okajak, özem pylanylarda — diýen söz toý çakylygy ýaly obany gezer eken. Onsoň şol pylanylar tapdygyndan nahar edipdir. Onsoň orta ýassyk oklanyp, şol ýerik Sarmany geçirer ekenler. Ol bolsa ýeňini çermäp, kitabyň gatyny açypdyr.

Ýaş ýigidiň owazy içerde ýaňlandygyça diňleýjileriň göz öňüne şazada gyz Zöhre lowurdap çykarmyş. Wepat bolan weziriň ogly Tahyr onuň töwereginde peýda bolar eken. Garaçomak, Babahan, olaryň nökerleri agyp gelýän gara gaýa bolup, diňleýjileriň üstüne abanar ekeni. Diňleýjileriň birnäçesi aglaýanyny duýdurmajak bolup, gözi awuşaýan şekilli gözlerini owkalasa, ýene biri dyňzap gelen gözýaşlaryny bahana bilen süpüripdir. Ýüzlerine seretseň gözleriniň owasy dym-gyzyl bolup duranmyş. Başga birnäçeleri bolsa ony gizläbem durmaz ekeni. Olar gözýaşlaryny ýa-ha göz-görtele süpürer eken, ýa-da ýaňaklaryndan syrykdyrar oturar ekenler.

Sarman ata käte şähti açylan wagty, bälçiklige salyp:

— Meni öýeren, öýli-işikli eden "Zöhre – Tahyrdyr" — diýerdi. Onuň aýdýanlarynyň jany ýogam däl ekeni. Ýetim Sarman Çowdur ussalarda ýaşaýarka, olaryň goňşularynyň gyzy bolupdyr. Adyna Oguldursun diýer ekenler. Diýmek, bu waka Sarman atanyň aýaly (ýatan ýeri ýagty bolsun) Oguldursun ejäniň entek gyz wagty bolmaly.

Egni köneje serindi çabytly, goşa örüm saçy guşaklygyna ýeten Oguldursun, oba adamlary aýtmyşlaýyn aý ýaly owadan gyz bolupdyr. Gojanyň özüni gürletseň-ä:

— Peri diýýäniňiz, hüýr gyz diýýäniňiz şol ertekilerdäki dälmi? Olardan-a saçynyň agaran wagtam owadandyr — diýip, çyna berimsiz gürlärdi. Ine, şol owadan gyz kitap okalşykda galmaz ekeni. Soňabaka, Sarmanyň öýdedigini, onda-da ýeke özüdigini bilse, her hili bahana bilen Çowdur ussalara geler ekeni. Her gezek gelende bir zat getiripdir.

— Sarman, şu jamyň düýbi deşilipdir. Şu gulpuň açary ýitipdir. Şuňa açar ýasap bersene — diýer ekeni.

Sarman gyz ýüregini ilki duýmasa-da, Oguldursunyň ýumuşlaryny höwes bilen ýerine ýetirer ekeni. Ine, şeýdip kem-kemden öwrenişýärler. Gözler birek-birege habar gatyp ugraýar. Şol günleriň birinde gyz:

— Aý oglan, kitap okap bersene — diýip, haýyş edýär. “Aý oglan?”. Bu sözi gyzlar hemişe ýigitlere aýdyp ýörmeýärler. Bu sözi aýdanda gyzyň sesiniň öňküden birhili üýtgändigini, onda birhili mähir bardygyny ýaş ýigidiň ýüregi duýupdyr.

Sarmanyň keýpi guş bolup uçupdyr. Ýigit oňa höwes bilen “Zöhre – Tahyrdan” parçalar okap beripdir.

"Şükür indi ýar mekany göründi,

Gözüm düşdi sonam gezen ýerlere".

Sarman kitapdaky goşgulary şeýle bir okapdyr welin, ol öz ýanyndan özüni al-asmana çykyp, saýrap duran torgaý däldirin öýtmändir. Günüň guşluga golaýlan wagty hol ýokarda irginsiz jibirdeýän torgaýmykam öýdüpdir.

— Şol torgaýlaram ýöne ýere saýraýan däldirler. Şolaram bir zadyň yşgyna düşüp saýraýandyrlar — diýip, Sarman ata aýdardy.

Bir günem Oguldursuna kitap okap berip, däli-porhan bolup otyrka, bularyň üstüne Çowdur ussa gelipdir. Ussa gapydan girenden, gyz tarsa turupdyr. Ýigidiň sesi tapba kesilipdir. Içerde mesenäniň güwläp duran suwy sowlana dönüpdir. Siňek uçsa sesi eşidiljek diýilýän ümsümlik döräpdir.

— Tüweleme, tüweleme. Okaber — diýip, Çowdur ussa elindäki gamçysyny duldaky çüýden ildiripdir.

Şondan soň kän wagt geçmänkä, şol wagtky Oba şurasynyň başlygy Çowdur ussanyň kömegi bilen ýaşlar goş birikdiripdirler.

— Hawa, biziň söýüşmegimize kömek eden zat, ine, şol kitapdy — diýip, Sarman ata aýdardy. Şoňa-da özgelerden öňürti özi ynanardy.

Kinosyz, teatrsyz şo döwürleriň ýene bir güýmenjesi bolupdyr. Ýöne ol diňe ýaşlaryň, çagalaryň güýmenjesi ekeni. Her obada aýaldan, erkekden ertekä, rowaýata ökde adamlar bolupdyr. Sarman atanyň aýdyşyna görä, onuň çaga wagtlary obalarynda Üzümgül eje diýen bir garry aýal bar ekeni. Onuň pil sapy ýaly sazagy palta bilen bölmäge ýa-da hol ilerki ýapdan bir bedre suw getirinäýmäge güýji ýetmese-de, ertekä welin ökde bolupdyr. Rowaýata, ertekä gezek gelende suwly guýy ýaly bir zat ekeni.

Guýylaryň ýagdaýyna gumlular beletdir. Guýynyň suwuny gowalap-gowalap çekersiň. Uly sürini suwa ýakarsyň. Indi-hä şunda suw galan däldir-ow diýersiň. Soňurrak görseň, ýene jürňüldäp ýatandyr.

Gara gandymdan düýrläp, towlanyp goýlan çäwlügi gurat bolsa bolany. Suwy gutarsa-da sähelçe wagtdan ýene dolar. Üzümgül ejäniňem ertekileri şonuň ýaly ekeni. Indi-hä şunuň aýdara zady galan däldir diýersiň welin, ertesi heniz eşidilmedik, täze ertekä başlar ekeni.

— Eger şo diýilýäni Şährizada bolan bolsa, onda Üzümgül ejäniň ýaşlygydyr — diýip, Sarman ata janygyp aýdýar.

Iňrik garalýar, öýlerde çyra ýakylýar. Obanyň çagalary bolsa ýuwaş-ýuwaşdan Üzümgül ejelere eňer ekeni. Üzümgül ejäniň iki ogly bolupdyr. Ikisi hem çagaly-çugaly bolansoň öýlerini aýrypdyrlar. Şol bir howluda ýanaşyk goşa tamda ýaşar ekenler. Şol goja tamyň öňündäki alty ganat gara öýde Üzümgül ejäniň bir özi ýaşar ekeni. Şol alty ganat diýilýän ortaça öý her agşam obanyň çagalaryndan hyryn-dykyn dolar ekeni.

Onuň her agşam diýilmeginiň sebäbi bar. Gündiz erteki otarmak uly günämiş. Munuňam asly adamlary gündiz işden goýmazlyk üçin diýlen bolsa gerek. Çagalar diýjeksiň welin, ol döwürde gündizine çagalaryňam özüne işleri ýetik bolupdyr.

Çagalaryň oýna eli degmändir. Olar okuwdan çykyp, ululara kömekleşipdirler. Orak orupdyrlar, harman döwüpdirler. Pagta ýygypdyrlar. Olardan başga-da her kimiň gapysynda çallyk geçi diýen ýaly hususy maly bolupdyr. Olara seretmek çagalaryň boýnuna düşüpdir. Hiç kimiň gündizine oturyp erteki diňlemäge wagty ýok ekem. Ertekiçiler bolsa şo zatlary göz öňünde tutup “Gündiz erteki otarmak günä” diýipdirler. Özem dogry aýdypdyrlar. Ine, şonuň üçinem şol garaja öýüň dagdandan ýasalan, ýarsyp ugran gabsalary agşamlaryna dek durmaz ekeni. Ol garşy açylyp, çagalaryň biri salam berer ekeni. Üzümgül eje bolsa:

— Äleýik salam, geleweri köşegim. Ýer tapan ýeriňden geçiber — diýip, egrip oturan iginden ünsüni sowman aýdar ekeni.

Üzümgül eje oduň howruna lakyrdap gaýnan kündügini tutaç bilen tutup alardy-da, daşy çeňklenen hum çäýnegine demläp, moýly käsesine elini ýetirip, çaýy üç gezek gaýtarardy-da, “Bir bar ekeni, bir ýok ekeni” diýibem durman:

— Gadym döwürde bir adam bolanmyşyn. Adyna pylany diýer ekenler — diýip, gürrüň berip başlar ekeni. Çagalar bolsa durşuna gulaga öwrülip diňläpdirler. Öýde Üzümgül ejäniň birsydyrgyn sesinden başga käwagt bir oduň şatyrdysy eşidiläýmese, dagy ses çykmaz ekeni.

— “Müň bir gijäniň” türkmençe çykan kitabyny okap görüpdim. Şährizada gaty gürrüňçil aýal bolupdyr. Ýöne welin Üzümgül eje-de şondan pes oturar öýdemok — diýip, Sarman ata henizem oňa mahabat berip ýör.

Üzümgül eje çagalara döwli-döwsüz ertekileriň, rowaýatlaryň telim dürlüsini aýdyp beripdir. Şolaryň içinden Üzümgül ejäniň Ahal atly ýigit hakynda, onuň Dorbedewi hakynda aýdan hekaýaty Sarman atanyň has oňat ýadynda galypdyr. Ol maňa şeýle hekaýaty gürrüň berdi. Ol, ine, şeýleräkdi.


2-nji bap: MERTLIK

Bu wakanyň başlanan wagty türkmenleriň arzuw edip ýören luw ýylynyň bahar aýlarydy. Tebigat däli-porhandy. Meýdanlary görmäge göz gerekdi. Gataňňurlaryň, çopantelpekleriň jyrk-sary gülleri, gögerçiniň gursagyna çalymdaş jümjümeler, ýere keteni ýazylan ýaly gülälekler alys meýdanlary tutup ýatyrdy. Dik asmana galan torgaý ganatlaryny gybyrdadyp: “Heýjan elek, heýjan elek, bahar geldi, bahar geldi, hezillik, hezillik, hezillik...” diýip, yzyny üzmän jibirdeýärdi.

Baharyň bu gözelliklerine syn edip barýan atlynyň hem ony alyp barýan dor bedewiňem keýpi kökdi. Ýigit ýuwaşja hiňlenip aýdym aýdýardy. Bu aýdymyň ýalňyz diňleýjisi dor bedew, öz ýaşlygyny ýatlap, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkap: “Wah, näsini aýdýarsyň” diýip ahmyr çekýän gojalar ýaly başyny iki-baka bulap, hol öňdäki egne ýetmäge howlugýardy. Onuň aýaklary dokma daragy deýin irginsiz ursa-da güpürdisi eşidilmeýärdi. Ýer durşuna otdy. Toýnaklaryň basyp geçen ýerindäki otlar ýuwaşlyk bilen başlaryny göterip yzy gizleýärdi.

Ýigidiň başynda ak telpegi, egninde ezýaka köýnegi bardy. Ol gyralary owadan jäheklenen, iki syýyň ýartmajyndan ýokarsy mawy begresden gyýylyp, dogaçyr düzülen çäkmen geýipdi. Bilini göwşüllän ýaşyl tirme guşak bilen guşapdy. Aýagyndaky kamys ýaly ak dolagyň üstünden geýen seçekli gyzylbaş çarygy oňa biçak gowy gelişýärdi. Çep tarapynda sallanyp duran egri gylyjy bolsa ony haýbatly görkezýärdi.

Nä döwür, nä zamana. Ýanyň ýaragsyz obadan saýlanybererligi ýokdy. Ýolda-yzda sümsünip ýören galtamanlara duşaýmagyň ahmaldy. Olar ýaz çykaly bäri hasam köpelipdirler. “Ol obadan pylanyny daňyp, atyny äkidipdirler. Pylan obadan pylany degirmenden gelýärkä, galtamanlar duşup, düýesini üstüniň müşdegi bilen elinden alypdyrlar” diýen habar obada häli-şindi eşidilip durdy. Ýigit şonuň üçin gylyjyny göterip çykypdy.

Ol işşekçer jahyl wagty galtamanlara duşup görüpdi. Şol ýyllar obanyň meşhur seýsi Hojaly agadan onuň seýisçilik hünärini öwrenýän wagtydy. Özem onuň çapyksuwarydy.

Güýz aýlarydy. Könegala obasynda uly toýda atlara goýuljak uly baýrakdan olar tamakindiler. Uly baýrak diýilýän köplenç bir düýe, ýa-da boýy iki gulaç, ini gulaç ýarym teke halysy bolýar. Ony aňsatlyk bilen beräýmezler. Ilde-de bedew bar, ilde-de seýis bar. Ol baýraklary almak üçin seýisçilik sungatyndan bilýän zadyň baryny orta goýmalydy. Şol taýýarlyk görülýän günleriň birinde Hojaly seýis:

— Ahal, aý, Ahal! Gel, köşek, atlan. Gorguny bilen sürüp git. Hol Ýalaňaç baýryň aňyrsyndan aýla-da, gaýdanyňda ýüzin salyp gaýt — diýip, ony ata mündürdi-de, jylawy eline tutdurdy.

Ýalaňaç baýyr. Näme üçin oňa Ýalaňaç baýyr diýdilerkä? Her bahar onuň gerşi gök begres bilen örtülýär. Onuň oty beýleki baýyrlaryňkydan pes däl. Güýzüne bolsa saralyp, gyrkmak üçin çökerilen guba düýä meňzeýär. Şunuň ýaly, ady öz bolşuna bap gelmeýän başga-da zatlar bar. Ine, Garamergeniň atyna Küýki diýilýär. Ýogsa olam beýleki atlar ýaly, ýöne näme üçin oňa şeýle at goýlupdyr. Kim bilýär?! Taý wagty küýki ýaly bolup görnen bolmagam mümkin. Biri: “Munyň küýki-le” diýse, il-gün onsoň şol ady goýaýýar. Ýeri, Şorguýa näme diýersiň?! Onuň bal ýaly süýji suwy bar. Ýöne näme üçindir, oňa “Şor” diýen at dakylypdyr.

Ahal şol zatlaryň pikirini edip barşyna, Ýalaňaç baýra ýetenini duýman galdy. Gün giç öýle diýilýän çäge ýetipdi. Ol Burjuly gaýanyň gerşinden sallanyp ugrapdy. Ahal baýra çykyp aňryk aşyp ugrady welin, gündogar tarapdan bäş-alty atly ýüzin salyp gaýtdy. Çapyksuwar ýetginjek birden tisgindi. Depesinden şaglap inen sowuk gan bütin süňňüni gowşadyp giden ýaly boldy. Ýöne ol aljyramady.

Ahal atyň başyny yza öwrende, ara otuz gulaçdan uzak däldi. Ol gamçysyny galdyranyndan, at towşan turan ýaly öňe okduryldy. Şol atyň ady Tarlaňdy. Bu ady oňa bilip dakypdyrlar. Ol Şorguýam däl, Ýalaňaç baýram däl. Tarlaň ýola düşüp gulaklaryny ýapyransoň, tarlaňdan pes gidenokdy, edil sapana salnyp atylan daş ýaly dazyrdap barýardy.

Kowup gelýänler onuň yzyndan ýetip bolmajakdygyny basym aňdylar. Olar ata gamçyny näçe çalsalar-da ara golaýlaşmakdan-a geçen, gaýtam barha sozulýardy. Şonda-da atlylar onuň yzyndan galmandylar. Sebäbi gaçyp barýanda atyna umyt bolşy ýaly, kowup gelýänlerde-de: “Ýa at büdürär, ýa-da üstündäki oturyp bilmän atdan agar” diýen ýaly inçejik tama bardy. Üstündäki eýerden agansoň bolsa at uzaga gitmez. Köplenç atlaryň häsiýeti şeýleräk. Ony atyň üstünde oturanam, kowup gelýänlerem bilýärdiler.

Dazyrdap gelýän at obanyň çetinden girensoň kowguçylar inçejik umytlaryndan el üzmeli boldular. Tarlaňy garşylan itleriň sesi kowýanlara atlarynyň jylawyny çekdirdi. Kowgy yzyna öwrüldi. Indi olaryň özlerine gaçyp gutulmak gerekdi.

"Obanyň alkymynda ýol urýan galtamanlar bar". Bu habary eşiden dessine obanyň ýigitleri atlandylar. Olar Ahaly ýanlaryna alyp, Garamergeniň serdarlygynda Ýalaňaç baýra tarap at salyp gitdiler.

Ýaňky aždarha deý kowalap gelýän atlylaryň garasy görünäýse nädersiň. Garamergeniň nökerleri Ýalaňaç baýryň daşyndan birki gezek aýlandylar. Kä ýerde at toýnaklarynyň yzy görnäýmese, başga zat olaryň gözüne ilmedi. Onsoň ýigitler derek tapman, oba dolanyp geldiler.

Bu Ahalyň galtamanlar bilen ilki duşuşygydy. Ol soňam bir gezek duşuşypdy. Ýene ol soňky duşuşygy ýatlap ýetişmänkä, Dorbedew keýerilip, öňdäki belentlige çykdy. Aňyrky oýda otlap, garnyny otaryp, güneşläp ýatan otuz çemesi keýik güsürdäp ördi. Olar hem edil Dorbedewiň edişi ýaly ilki bir gulaklaryny keýertdiler-de ümdüzine tutduryp gaçdylar. Baharyň bu ajaýyp howasyna keýpi daş ýarýan ýigit atyň jylawyny gaçyp barýan keýiklere tarap öwürdi. Ýyndamlygy şahyrlaryň goşgusynda telim gezek wasp edilen iki sany gudratyň — bedew at bilen boz jereniň arasynda çekeleşik başlandy. Başga wagtlar bolan bolsa, olaryň toýnaklaryndan çykýan tozan dik asmaga galardy. Häzir bolsa ne tozan bardy, ne-de çaň.

At öňe okdurylanyndan Ahal ak telpeginiň sakagyny eňeginden geçirdi. Gylyjyny gynyndan sogurdy. Onuň öňe uzalan elindäki jöwher gylyç günüň şöhlesine ýyldyrym çakan ýaly bolup lowurdady. Keýikler pesinden, ýüz gulaç ara daşlykdan gaçypdylar. Ýöne welin at bilen olaryň arasy barha ýygrylýardy.

Ahal öňem bir gezek at bilen kowalap keýik awlapdy. Bu waka gyşyň başlarynda, Hangaçan düzlüginde bolupdy. Ahalyň aýagynyň astyndaky şo mahal hem şu dor bedewdi. Ol wagt bular bäş atlydy. Ýüz elli hada ara daşlykdan gaçan keýikler dabyrdaşyp gelýän bäş atla zygam etdirer ýaly däldi. Ýöne beýleki bedewlerden derrew öňe saýlanan Dorbedew arany ýygryp ugrady. Olar müň hada çemesi ara daşlyga kowalaşyp gitdiler. Ahyry Dorbedew keýikleriň birini demine dartyp aldy. Ahalyň gylyjyndan läş bolan keýigi ýigitler derrew şakgaladylar. Ömür boýuna bir gapdaly çarwaçylyk bilen gün görüp ýören ýigitleriň ýanynda onuň manysy barmy? Bir keýigi şakgalamak üçin olara bir käse çaý içesi salym gerek boldy.

Olaryň biri ýylgyn çybyklaryndan çiş ýasady. Başga biri çöpleme çöpledi. Beýleki biri çakmagyny şyrkyldadyp gowa düşüren uçgunyny üfläp tutaşdyrdy. Ot güwläp ýandy. Iki sany ullakan kesegiň arasyna üýşürilen közüň üstünde çybyklara düzülen dogramçalar jyzyrdap, işdäňi açyjy ys ýaýratdy.

Häzirem at bilen keýikleriň arasy ýygryldygyça şol şaranyň hoştap ysy Ahalyň burnuny gaşap, kükedip giden ýaly boldy. Onuň bir enaýyja şorja tagamyna agzy garagurt atylan ýaly suwardy. Onuň gözüne indi aralygy on gulaçdan köp bolmadyk iň yzdan haýdap barýan keýikden başga hiç zat görünmeýärdi. At şeýle bir çapýardy welin, göýä ýer onuň daşyndan pyrlanýan ýalydy.

Ine şol “Geçä jan gaýgy, gassaba ýag” diýilýän zat. Keýik gaçýar, onuň dagy alajy ýok. Ol janyny gutarmaly. At kowýar. Ol onuň yzyndan ýetmeli. Ol eýesiniň islegi. Eýesiniň islegini berjaý etmek wepadar bedewler üçinem, itler üçinem ýazylmadyk kanun. Ýeri, atyň üstünde oturan eli gylyçly adama näme gerek? Bu çöllerde gaça-gaça gany kakan keýigiň garalyp giden bir dogramça etimi? Möjeklerem keýikleri edil şunuň ýaly hasyrdyklap kowalaýarlar. Adamyň möjekden tapawudy barmy? Hawa, bar. Möjekler aç. Olar bir zat iýmeli. Olaryň süreninde aç çagajyklary çyňsaşyp galdy. Ene möjek bir lukma tapman sürenine neneň gaýdyp barsyn. Adamlaryň ýagdaýy başga. Eklenji başga ýerden. Olaryň güni şu keýigiň bir çümmük etine galmandyr. Ahalyň dor bedewi keýigiň yzyndan haý diýmän ýeter. Otly gylyç janawaryň bigünä başyndan iner. Ahal hezil edip şorja şara iýer. Şonuň bilen Ahala Isgender Zülkarnaýynyňky ýaly şah çykmasa-da, bir keýik welin dünýäde ýaşamaz. Onuň eýlenen hamy ojak başyndaky bir bölejik kilimiň ýerini tutar.

Arlap gelýän Dorbedew keýigiň yzyndan ýetdi. Keýik aljyrady, büdredi, ýene turdy. Sap atyp, ters tarapa gaçdy. Ýöne kowgy ony sypdyrarly däldi. Janawar birden togalanyp gitdi. Hasyr-husur turdy. Jan ajygyna çommalyp oturdy. Keýikleriň beýle oturýanyny Ahal eşitmändem, görmendem. Onuň aman dileýän gözleri gorkudan ýaňa delmirip, özüniň jelladyna seredýärdi. Onuň gözünden aşak syrygan bir düwme ýaşy görmek üçin oňa siňňin seretmelidi. Ol aglaýardy. Tebigatyň bir ajaýyp synasy aglaýardy.

Al howada ezraýyl ýaly bolup galgaýan jöwher gylyç häzir parlap iner. Bu aljyrap oturan keýik läş bolup ýere ýazylar. Onuň gany şarlap akar. Eger şu gaçha-kowlukdan soňam onda gan diýlen zat galan bolsa. Gylyç inäýmeli bolanda: “Saklan!” diýen çirkin ses çykdy. Ahalyň eli şo durşuna doňup galdy. Dorbedew keýigiň duşundan dazyrdap geçip gitdi.

Ýigit atyň başyny çekdi. Töweregine garandy. Onuň gözüne hiç kim ilmedi. Diňe gaçyp barýan keýikler gözýetimde bir alaňa ýarmaşypdylar. Kowgy gapdalyndan geçip gidensoň özüni dürsän keýigem turup, ökjäni göteripdi. Olam beýlekileriň yzyndan haýdap barşyna, mele ýüňüň mäşirigi ýaly alaňdan aňryk togalanyp gitdi.

Dünýä şeýle imi-salalykdy. Töwerekde adam garasy-ha beýlede dursun, uçup ýören guşam görnenokdy. Onda ýaňky “Saklan!” diýen ses näme? Ol ony eşitdi ahyry. Dur entek. Ol Iner aganyň, Iner golagyň sesidi. Obanyň ýaşulusy Iner golagyň bu sesi onuň gulagyna diňe menzilleriň däl, iki sany keserip ýatan ýylyňam üstünden aşyp gelipdi.

Ahalyň göz öňüne öten ýyl däl, öňňil bolan bir waka gelip geçdi. Özem şu günlerden irräk, ala-bahar diýilýän günlerdi. Obanyň çilik oýnap, goh turzup ýören çagalary gaýralygyna seredip heşerlendiler. Soňra şol tarapa som-saýak ylgaşdylar. Obanyň itleri çagalardanam beter hasyrdap eňdiler.

Çagalaryň jagyl-juguly kesilmese-de, itleriň sesi welin basym ýatdy. Olar eýýäm guýruklaryny bulaýlaşyp, käbiri toýdan paý ýetmedik ýaly torsarylyşyp gelýärdiler. Olar hezil edip, jabjynyp üýrjekdiler. Atyň guýrugyndan aslyşjakdylar, habyrdap hasanaklajakdylar. Arman, atyň üstündäki şu obanyň adamsy Garamergen bolup çykdy.

Itleriň deregine çagalar onuň gapdalyndan ylgaşyp ala-goh bolup gelýärdiler. Garamergen bir keýigi atyň öňüne kese basypdyr. Keýigiň aýaklary, maňlaýyny gylyç çapan kellesi atlynyň dyzlarynyň ýanyn-da şalkyldap ýatyrdy.

“Garamergen keýik awlapdyr” diýen söze erkek adamlaryň birnäçesi: “Ol-a bolaýypdyr”, “Häý, berekella! Haý, Şallyň ogly, aw ganly!”, “Bu gün onda keýikli palaw iýmek bar-da” diýşip, içki duýgularyny daşlaryna çykardylar. Aýallaryň içindenem: “Haý, berekella, tüweleme” diýenleri boldy. Iner golak welin agras ardyndy-da, ýüzüni turşartdy. “Oňarmansyň” diýip, güňleç seslendi. Garamergen ony özüçe ýordy. “Awdan galan awçynyň gözi gidýär, gabanýar” diýip düşündi.

Bir çäýnek çaý içer salym geçip-geçmänkä, Iner golagyň, şol meşhur awçynyň bu awa näme üçin pisindiniň oturmandygy aýan boldy. Obanyň içine soňky ýaýran habar goja awçydan başgasyny tisgindirdi, gozgalaňa saldy. “Wah, ol-a bolmandyr-ow” diýip, olar başlaryny ýaýkadylar, ahmyr bilen dişlerini gysdylar. Diňe Iner golak şo ýagdaýy öňünden bilen ýaly, şoňa garaşan ýaly öňki durkuny üýtgetmedi. Yrymçy ýaşulular başlaryny ýaýkap: “Bu yrymyňa gowy däl, Garam, sen indi aw etmäňi goý, ýogsa bir zadyň üstünden bararsyň. Bu saňa duýduryşdyr” diýdiler. Adamlary şeýle gozgalaňa salan zat – awlanan keýigiň içinden çykan owlagydy. Keýigiň etini garyplara paýladylar. Şonda Iner golak:

— Keýik diýilýän zady ýazyna awlamak düzüw däl. Olaryň haýsy teke, haýsy geçi, haýsynyň bogaz, haýsynyň ýozdugyny uzak aralykdan bilip bolanok — diýip, hemmeler eşider ýaly edip aýtdy.

Ahalyň gulagyna ilen ses, gylyjy keýigiň depesinden indermekden saklan ses Iner golagyň, halypa awçynyň şol sesidi.

Ýigit öz-özünden utandy. Nädip ol goja awçynyň, bütin obanyň gulak asýan ýaşulusynyň şol sargydyny unudaýdyka? Şo pikirlere gümra bolup barýan Ahalyň ýene bir zat ýadyna düşdi. Ol kellesi şarpyldap agyrýan ýaly sag elini maňlaýyna goýup, ýüzüni eýmenç turşutdy. Onuň ýadyna düşen zat gylyç Garamergeniň awlan keýiginin çat maňlaýyndan, iki şahynyň arasyndan degipdi. “Keýik maňa garap oturdy. Gylyç inen bolsa onuňam çat maňlaýyndan inmelidi. Diýmek, bu keýigem bogaz bolmaly. Şu ýerde-de Iner golagyň ýene bir sözi ýadyna düyňdi. “Bogaz keýikler gaty ylgap bilmeýärler. Beýlekilerden yza galýarlar. Atly awça köplenç bogaz keýikler aw bolýarlar.” Ahal şu sözleri ýatlap: “Meniňem Hudaý diýen ýerim bar-ow” diýip oýlandy. Şol agyr oýlaryň astynda ýigit ýene bir depä çykanyny duýman galdy.

Gerşe çykan Dorbedew gulaklaryny ýapyryp kişňedi. Bu ýagdaý eýesine ýaramady. Onuň depesinden inen sowuklyk bütin endamyny tikenekletdi. Howp ony köp garaşdyrmady. Öňden bir ýerden başga bir at Dorbedewe jogap berdi. Onuň yz ýany bilen sekiz atly garşydaky belentlige dabyrdap çykdy. Ahal atyň başyny yzyna öwürmekçi boldy. Ýeri öwräýeniňde-de sekiz atlynyň öňünden gaçyp gutularmyň? Biraz öňräk duşan bolsa, atyň başyny öwräýmegem, olardan derrew araňy açaýmagam bolardy. Bu wagt welin mümkin däl. Sebäbi onuň aty ýadaw, keýik kowalap sojatdy. Duşmanlaryň welin atlaram, özlerem daýaw görünýär. Dorbedewine näçe göwni ýetse-de, Ahal häzir atynyň başyny yza öwürmegi makul bilmedi. Gaçyp yzyňdan ýetdireniňden, dikleşip ölen gowy.

Sekiz atly sekiz ýerden gylyçlaryny şagyrdadyp sogurdylar. Ahalam şolaryň edenini gaýtalady. Olar atlaryny ýuwaşja öňe sürüp ugrady. Ahalam şeýle etdi. Ol tarapdan sekiz, bu tarapdan bir atly, iki duşman bir-biriniň üstüne abanyp ugrady.

Bular Maşadyň hany Ryzaguly hanyň entäp ýören nökerleridi. Ahal olary eşiginden tanady. Eýran bilen Kesearkaç türkmenleriniň arasynda uruş ýokdy. Ýöne alamançylyk, talaňçylyk dowam edýärdi. Hanyň nökerleri gelip, Kesearkaçda güýjüniň ýeten ýerini çapyp gidýärdi. Obalary talap, çarwalaryň malyny sürýärdiler. Ýigitleri, gyzlary ýesir edip äkidýärdiler. Olary gul edip, gyrnak edip, Tähran ýaly Isfihan (Yspyhan) ýaly uly şäherlerde satýardylar. Kesearkajyň türkmenlerem olardan pes oturmaýadylar. Eýran obalaryny çapawullap, gul-gyrnak getirýärdiler. Olary Kesearkajyň özünde, Hywadyr Ürgenç ýaly şäherlere äkidip satýardylar. Şally baýyň çolugy Naryz kürt bäş ýaşy dolmanka, attorba salnyp getirilipdi. Baý ony Hywa bazaryna satmaga barýanlardan iki tokly berip alypdy. Oba adamlary Şally baýa:

— Bäş ýaşly çaga seniň nämäňe gerek? Gul gerek bolsa, işletjek bolsaň, halha ulularam satylýar — diýipdiler. Ýöne welin köp zatlary başyndan geçiren Şally baýyň öz hasaby bardy.

— Ulularyny alsaň gaçjak bolar. Çaga onuň ýaly zady bilmeýär. Häzir-ä “elek getir, soky getir” diýen ýaly ýumuşlary öwrener, ulalansoňam wepaly gul bolar.

Bäş ýaşly gul ilki geleninde, ýürek gyýyjy zaryn aglaýardy. Şally baý ony maşgalanyň arasyna getirmän, at ýatagynyň gapdalyndaky köneje tama salypdy. Agşamlaryna gul şonda ýatardy. Daňdana çenli diýen ýaly aglardy. Onuň agysy ýüregiňi dilip barýardy. Adamlar-a däl, onuň sesine itlerem çydaman, şol köneje tamyň daşyndan çyňsap aýlanýardy. Şol köne kepbe bilen golaý goňşuda ýaşaýan oba adamlarynyň uzynly gije uklap bilmän, gözlerini pökgerdip ertire çykýan wagtlary bolýardy.

Şally baý diýilýän adam eýmenmedigini sylamaýardy. Bu obada onuň eýmenýän adamsy hem diňe Iner awçydy. Halys degnasyna deglen oba adamlary awça ýüz tutupdylar. Ony Şally baý bilen gürleşmäge yrypdylar.

Iner awçy howla gireninden hywa donuny ýasgynjak atynyp, Şally baý onuň öňünden çykypdy. Baý oba adamlarynyň awça ýüz tutup, ony yrandyklaryny ozal eşiden bolara çemeli. Ol Ineri gürlemäge goýman:

— Gelseň, hoş gelipsiň, guluň ýerini tapdym. Ony guma, çopanlaryň ýanyna iberjek. Goý, entek ýüregi düşüşýänçä şol ýerde bolubersin — diýip, ondan öňürdipdi. Edil aýdyşy ýaly, şol gün öýlänler Naryz gul guma, çopanlaryň ýanyna ugrapdy.

Ahal gylyjyny sogranda, şo zatlary göz öňünden geçiripdi. Ol öňünde duran duşmanlardan rehim ýokdugyny bilýärdi. “Günäliniň oduna bigünä ýanar” diýilýän, megerem, şu bolsa gerek. Alamançylyk, talaňçylyk edýän adamlar başga adamlar. Şolaryň kösti gelip, Ahal ýaly öz gününe gezip ýörenlere-de ýetýär. Ýöne welin häzir ol zatlary degşirip oturmagyň geregi ýok. Şu wagt edilmeli iş elleri ýalaňaç gylyçly abanyp gelýän sekiz atlynyň öňünde durmalydy. Bu aňsat iş däldi. Ahal özüniň diri galmajagyny bilýärdi. “Ýöne diri ele düşmejek bolmaly. Olardanam iň bolmanda birini aljak bolmaly. Men olara diri gerekdirin. Öli maly satybam bolmaz, işledibem. Men olara hökman diri gerekdirin”.

Şo zatlary pikir edip duran Ahalyň garşydaşlarynyň arasyndaky üýtgeşikligi görende gözleri tegelendi. Bu näme boldugy? Duşmanlaryň ýedisi at başyny çekdi. Gylyçlaryny gynlaryna saldylar. Duran ýerlerinde sanjylan ýaly brlup durlar. Atlylaryň diňe biri gylyjyny ýygnaman ilerläp gelýär.

Bu Ahalyň ýekme-ýek söweşe çagyryldygydy. Ahal düşünip, atyny onuň üstüne sürüp ugrady. Birdenem aýak çekdi-de: — Barat pälwan? — diýip, sesli aýdanyny duýman galdy.

Häzir onuň garşysynda eli gylyçly gelýän külli Horasany baglan uly pälwandy. Kesearkaçda-da, Maru-Şahu-jahanda-da, Buhara, Horezmin ýaly ýerlerde-de ady belli Barat pälwandy. Ahal ony ozalam bir gezek görüpdi.

Nişapurda Eýranyň uly baýy toý edipdi. Şol toýa Kesearkajyňam bagşy-sazandalary, mergenleri, pälwanlary, bedew atlary gatnaşypdy. Ahal şo wagt Hojaly seýsiň çapyksuwarydy. Ol seýis bilen şol toýa Tarlaňy alyp barypdy. Nişapur baýynyň goýan baýraklaryndan on gulaç pereň parçasy bilen bir guba arwana alyp gaýdypdylar.

Şol toýda-da eýle-beýle pälwanlary sowup, gezegi Barat pälwana beripdiler. Eýranyň uly pälwany üçin baýrak goýdular. Birinji baýrak üçin lur taýpasyndan bolan bir ýaş pälwan çykdy. Adamlar onuň Barat pälwan bilen tutluşardan ejizdigini, güýç synanyşardan asgyndygyny, onuň ýeňiljekdigini görenlerinde aňdylar. Olaryň göreşi uzaga çekmedi. Geçse bir jüňňül suw içesi salym geçendir-dä, Barat pälwan bir silkenden soň lur pälwany üstüni kakyp ýerinden turdy.

— Barat pälwana goýlan ikinji baýrak teke halysy. Milti bolan pälwan orta çyksyn. Gulaly pälwan, Ybadylla pälwan, eşitmedik diýmäň! — diýip, toýuň jarçysy döwre gurap duran märekäniň öňünden aýlandy. Adamlar “Oňa kim çykarka?” diýip garaşdylar, Jarçynyň birinji çakylygyna-da, ikinji çakylygyna-da hiç kim ses bermedi.

Märekäniň öňünde ýeke öýliň horazy ýaly, gollaryny gowaldyp, gabaryp ýören Barat pälwany göreniňde, biliňi guşap orta çykmak üçin gözsüz batyrlyk gerekdi. “Barat pälwan pylan ýerde göreşende pylan pälwanyň goluny döwüpdir, pylan pälwany seňseledipdir” diýen ýaly sözleri Ahal ozalam telim gezek eşidipdi.

Jarçy üçünji gezek:

— Pälwanlar, gorkýan bolsaňyz, onda baýrak Barat Pälwana berilýär — diýip gygyrdy. Şondan soň kyrk ýaş çemesindäki, belki kyrkdanam köpräkdir, daýaw kürt pälwany orta çykdy. Oňa Huşnaf pälwan diýýärdiler. Huşnaf Koý. Onuň çermelen gollary, açyk döşi durşuna çöpür bolup durdy. Onuň bürgüdiň çüňki ýaly ortasy örküçli, ujy egrelip duran burny, gatyşan gür gara gaşlary, gulaklarynyň içinden çykyp duran çogdam gyly ony hasam hyrsyz görkezýärdi.

Bularyň göreşi uzaga çekdi. Kä ol badak saldy, kä beýleki içden çilşirdi. Märekäniň ortasynda süsüşýän öküz ýaly omadaklaşyp telim gezek ters aýlandylar. Olar märekä kä golaýlaşýardylar, kä daşlaşýardylar.

Pälwanlaryň ikisi-de süllümbaý ezildi. Iň soňunda Barat pälwan Huşnafy ýykdy. Ýöne gaty kynlyk bilen ýykdy, göreş tamam bolandan soňam Barat pälwan özüni dürsäp bilmedi. Kimdir biri onuň eline göwşüllän tüýnükli ýaglygy tutdurdy. Barat pälwan onuň bilen yzly-yzyna derini çaldy.

Üçünji baýrak üçin pälwan çagyrmadylar. Diňe jarçynyň özi orta çykyp:

— Barat pälwan bilen göreşmek üçin teke-türkmenleriň meşhur pälwany Garadolan. ýörite gelipdir. Häzir oňa tomaşa ediň. Baýraklary bir gyr at — diýdi.

Garadolan pälwanyň adyny Ahal köp eşidipdi. Ýöne ol Kesearkaçdan bolsa-da entek özüni görmändi. Barat pälwany ilkinji gezek görşi ýaly, ony hem ilkinji gezek görýärdi.

Märekäniň öňüne bili salpyrak guşalan ýaşyl tirme guşakly, inçesagt, daýanykly garaýagyz pyýada çykdy. Ahal öz ýanyndan: “Ine, bu tüýs adyna mynasyp ekeni” diýip pikir etdi. Ol daglarda bitýän garadolan diýen agaja beletdi. Ony telim gezek çalyp, pil sapy, palta sapy ýasapdy. Ýöne ol pälwanyň adynyň Garadolan däldigini, düýpden başgadygyny, keşbini şol agaja meňzedip, Garadolan adynyň soň dakylandygyny bilenokdy.

Märekäniň çak edişi ýaly bularyňam göreşi uzaga çekdi, olar, çep aýaklaryny öňe atyp, sag aýaklaryny gaça saklap, köp aýlandylar. Kä ol, kä beýleki duýdansyz hüjüm edip, aýaklar tapyrdap gidýärdi. Barat pälwan Garadolany näçe gezek dyzyna göterdi. Ol ony aýlap ýere çalmakçydy. Ýöne garşydaşy beýle etmäge maý bermeýärdi. Ol iki aýagynam ýerden göterip, Barat pälwanyň gursagynda düwlen ýaly bolup durdy. Ony agdarmak üçin öňürti özüň güwläp gaýtmalydy. Ýere golaýladan dessine ol ýene aýagyny ýere direjekdi, özüňem gabyrdadyp basjakdy. Bu emel göreşde goranmak üçin esasy emelleriň biridi. Şonuň üçin Barat pälwan şo göterişine telim gezek aýlasa-da, ýere uraýyp bilmedi. Ony goýbermäge mejbur boldy, ýene çekeleşdiler.

Baradyň güýçlüdigi görnüp durdy. Ýöne Garadolan emele ökdedi, çeýedi. Märekäniň öňki gykylygy, öňki şowhunydy. “Garadolan çilşir!”, “Barat ýanbaşla!”

Iller öňe omzasa, öňe omzap, yza çekilse yza çekilip, Ahal Garadolan üçin Hudaýy çagyrýardy. Ol hudaýýoluna bir petir çöregem aýdypdy. Ýöne onuň ähli dilegi biderek boldy. Uzak çekeleşikden soň ýadadymy, hüşgörligi elden berdimi, garaz, Barat pälwan bir silkende Garadolanyň dyzy ýere degdi. Göreşiň kanuny şeýle. Tötänden dyzyň ýere degse, ol ýeňildigiňdi. Şeýdip, özi üçin goýlan baýragyň üçüsinem Barat pälwanyň özi aldy.

Ine, şol pälwan serçäniň üstüne eňen gyrgy ýaly bolup, Ahalyň üstüne gelýärdi.

Bu nädip beýle bolduka?! Il-günüň hormatlap, apalap ýören pälwany şu derejä, ýol urmak, garakçylyk etmek derejesine nädip ýetip bildikä?

Ahal başga bir zady bilmese-de, Barat pälwanyň durmuşynda bir üýtgeşikligiň, onda-da gaty ullakan üýtgeşikligiň bolanyny aňdy. Pälwan öňki pälwana meňzänokdy. Horlanypdyr, garalypdyr, inçelipdir. Tanar ýaly bolmandyr.

Atlar taýak ýeter aralykdan bir-birine tarap güpürdeşip gaýtdylar. Olar orta ýolda duşanlarynda, gylyçlar bir gezek şakyrt etmäge ýetişdiler. Atlar bir-birinin duşundan geçip gitdiler. Ahal Iner golagyň, öwredişi ýaly aty çaltlyk bilen yza öwrüp, Barat pälwanyň ýeňsesinden urup biljekdi. “Uruş diýilýän zat emelden ybaratdyr. Emel bilmeseň urşup bilmersiň, urşup bilmeseň biziň döwrümizde ýaşabam bilmersiň”. Ine, bu ses Iner golagyň sesidi. Ýöne bular ýaly ýekme-ýek söweşde bu emeli ulanmak bolmaýar. Ol karamdy, namartlykdy. Bardy-geldi gylyjy elinden gaçaýsa, ýa at büdräp ýykylaýsa, beýleki tarapy oňa gylyjyny almaga, atyna münüp, özüni dürsemäge maý bermelidi. Ine, bu ýekme-ýek söweşiň ýazylmadyk kanunydy, mertlikdi.

Yza öwrülip, bir-birine täzeden okdurylan atlar bu gezekki duşuşykda geçip gitmediler. Olaryň ikisem çarpaýa galdy. Gylyçlar şakyrt, şakyrt edip seslendi.

Pälwan horlananam, inçelenem bolsa, entek onuň golunda güýç bardygyny Ahal derrew aňdy. Ýigidi iň gynandyrýan zat şu söweşde ortalyk ýokdy. Ýa ol Ahaly öldürmeli, ýa-da Ahal ony. Muňa ýekme-ýek söweşiň kanuny diýerler. Edil göreşdäki ýaly. Göreşde-de ýa ýykylmaly, ýa-da ýykmaly. Çar düşeniň hasap edilmeýär. Baýrak ýekeje. Baýraga goýlan düýäni ýa-da halyny ikä bölüp bolmaýar. Bu ýerde-de şonuň ýaly. Baýraga bir ömür goýlupdyr. Ony söweşýänleriň haýsam bolsa biri almaly.

Şakyrt, şakyrt, şakyrt... Gylyçlar dynman şakyrdaýar. Her gezek çaknyşanda uçgun syçraýar. Töwerekdäkiler: “Barat! Barat!!” diýip gaty sesleri bilen gygyrýardylar. “Ahal!! Ahal!!” diýip, oňa gop berýän ýekeje sesem ýokdy. Çarpaýa galan atlar bir-birine agyz salýardylar. Şakyrt, şakyrt...

Birden tätänlik boldy. Barat pälwanyň aty büdräp alkymyny ýere berdi. Özi zyňlyp honda düşdi. Gylyjyny gaçyrdy. Atyň aýagy syçanyň kürümine giden bolara çemeli.

Ahal atyň başyny beýläk sowdy. Tötänden ýykylan adamy urmak bolmaýar. Oňa ýerinden turmaga, gylyjyny almaga, ata münmäge, özüni dürsemäge maý bermeli. Ýogsa namartlyk bolar.

Birden üstüne gaýa ýykylana döndi. Nämäň-nämedigini seljermäge ýetişmedi. Zordan özüni dürsände, eýýäm iki elem daňylgy.

Ýedi atlynyň ýeri ýerden üstüne eňenini duýman galypdy. Ol eýýäm atyna atlanana Barat pälwana ýigrenç bilen seredýärdi. Ahaly aldadylar, gapyl basdylar.

“Maňa bir zat bolaýsa, ýerli-ýerden eňiň” diýip, Barat öňünden tabşyran bolmaga çemeli. Adam ejizlände gaty ejizlär ekeni. Pälwan Ahalyň gözüne şeýle bir ownuk, gyl ýaly zat üçin uly galmagal turuzýan jinnekçi adamlar ýaly bolup göründi. Özi üçin ýörite üç baýrak goýlan, arassa göreşde ýykyp, şol baýraklaryň üçüsinem almagy başaran, märekäniň elinde göterip oklap gapan şol pälwanynyň şeýle ejizlänini, ownanyny, namartlanyny görmegiň özem uly jezady.

Barat pälwan bärsine bakanda, olaryň göreçleri çakyşdy. Pälwan eli daňylgy bulanyp ýatan ýigidiň ýüregindäkini onuň gözünden okady. “Hä, sen maňa ownuk diýýärmiň, namart, ejiz diýýärmiň asyl!..”

Pälwan atdan agdy. Bilindäki gamasyny sogrup alyp, burjulap duran çytyk ýüzi bilen Ahala tarap ugrady. “Namart, ejiz” diýen pikiriňi ýene bir gaýtala” diýýän äheňde onuň üstüne abandy. Soň egildi-de, daňlan elleriň ýüpüni kesişdirip taşlady.

Ahal daňynyň derdinden awuşan goşaryny owkalaşdyryp, dik oturdy. Barat pälwan Ahalyň gylyjyny alyp, atyň öňüne kese basan serbazyň ýanyna bardy. Sesini çykarman, gylyjy alyp, ony Ahalyň ýanyna oklap goýberdi. Dorbedewi tutaklap gelýän nökeriň elindäki jylawy aldy. Ony eýeriň gaşyna ildirip, bedewiň buduna kakyp goýberdi.

Bu ýagdaýy synlap duran atlylar geň galyp, soragly nazar bilen bir-birlerine seretdiler-de, duran-duran ýerlerinden ata gamçy çaldylar. Pälwanyň aty olaryň ugruna bir imrindi. Ýöne üstüniň boşdugyny, eýesiniň şu ýerdedigini aňyp, olaryň yzyna düşmedi. Atlylar bolsa hälki gaçan keýikler ýaly dabyrdaşyp ilerki belentlikden aňryk aşyp gitdiler.


3-nji bap: IKIÇÄK

Belentlikden aşyp giden atlylaryň yzyndan gabagyny galdyryp sereden Barat pälwan atyna tarap ýöneljek ýaly etdi-de, ýene öňki pikirinden el çekdi. Henizem goşarlaryny sypalap oturan Ahalyň ýanynda saklandy. Gylyjyny sypyryp, gök otlaryň üstüne oklap goýberdi. Şo duran ýerinde aşak çöküp gyşardy. Güneşlemek isleýän ýaly uza-boýuna arkan ýatyp, gylyjyny kellesiniň aşagyna çekdi. Giň deňizde gaýyp ýören ýelkenler ýaly bölek-bölek ak bulutly asmana seredip ýatdy.

Her ýerde-her ýerde ýuwlup serlen eşiklere meňzeş şol bölek-büçek bulutlar göräýmäge gymyldamaýan ýaly bolsalar-da siňe sereden Barat pälwan olaryň çalaja yraň atýandygyny, gündogara tarap usul bilen süýşýändigini aňdy. Pälwan sesini çykarman esli ýatdy-da, birdenem şol ýatyşyny üýtgetmän:

— Adyň näme? — diýdi.

Barat ýuwaşja gepländirin öýtse-de, ýigit üçin onuň sesi sanaç kakylan ýaly bolup eşidildi. Şeýle-de bolsa, Ahal ýuwaşja gepläp jogap gaýtardy. — Ahal.

Barat pälwan dikeldi. Gürrüňdeşiniň ýüzüne seretdi. Soňra Ahalyň otlap ýören atyna tarap ümledi.

— Olam Dorbedewmi?

Ahal gabaklaryny giňden gerip, oňa seretdi. Ýigidiň tegelenen goýun gözlerinde “Sen nireden bilýäň?” diýen sorag bardy. Pälwan onuň gözündäki soragy aňdy. Ýöne oňa jogap bermän, sözüni dowam etdi.

— Çöregiň bitin ekeni — diýip, ol atlylaryň aşyp giden gerşine tarap ümledi.

— Bilen bolsalar olary saklamak maňa başartmazdy.

— Näme, olar meniň üçin ýörite gelipmidiler?

— Şeýle amatly ýerde duşjagyňy bilseler, Hywa, Ürgenje-de giderler — diýip, pälwan şol öňki ýuwaş sesi bilen aýtdy. — Horasanda seniň bilen Dorbedewiň adyny eşitmedik ýokdur.

Barat pälwanyň bu sözleri başda Ahalyň gözlerinde peýda bolan soraga jogapdy.

Ahal bilen Dorbedewiň adyny Kesearkaja-da, Horasana-da, Horezmine-de dolduran bir ýagdaý bolupdy.

Durun etraplarynda Arkajyň uly baýy toý edipdi. Şol toýa Maşadyň hany Ryzaguly han özüniň külli Horasanda öňüne at geçirmedik Rabat diýen bedewini iberipdi. “Rabat gadymy Rüstem Zalyň münen Rahş atly bedewiniň neslindenmiş” diýilýärdi. Ol çynmy, ýalanmy, ony bilýän ýok. Diňe bir zat aýandy. Rabat ýaryşa girip, Horasanda entek baýrak sypdyrmandy.

Her uly toýuň endik bolup galan bir ýagdaýy bar. Atly bedew, atly pälwan, atly mergen üçin ýörite baýrak goýulýar. Şo toýda-da Ryzaguly hanyň Rabaty üçin yzy köşekli ak maýa goýlupdy.

— Rabat bilen ýaryşjak bedewler orta çyksyn! — diýip, jarçy üç gezek gygyrdy. Orta çykan atlar Rabatyň özi bilen dört bedew boldy. Olaryň biri Maru-Şahu-jahan etraplaryndan gelen bedewdi. Ahalyň seýis gözleri ol aty içgin synlady. Ol at ady-owazasy şu etraplara gelip ýeten Çaşgyn seýsiň elinden çykan atdy. Ata söz diýer ýaly däldi. Onuň töweregine garanyp, başyny bulap barşy awa garanýan Garyçgaýa meňzeýärdi. Ýöne onuň aýaklaryny basyşyndan bir keminiň bardygyny Ahalyň seýis gözleri sypdyrman aňdy.

— Şu atyň bir kemçiligi-hä bar — diýip, ýanynda duran Hojaly seýse ýuwaşlyk bilen aýtdy. Hojaly seýis Dorbedewiň seýsi däldi. Ýöne öz şägirdiniň aty niçik seýislänini bilmek üçin şo toýa Ahal bilen gidipdi.

— Meniň göwnüme bolmasa, ol daňdan çapylmadyk ýaly — diýip, halypa seýis aýtdy.

Soň Çaşgynyň özi bilen gürleşenlerinde, özüniň ýaramandygyny, çapyksuwaryňam daňdan aty gezdirmelidigini unudyp, uklap galandygyny aýtdy. “Ýogsa at-a at jan eken” diýip, Ahal başyny ýaýkady.

Rabadyň gapdalyndan goýberiljek üçünji at hywaly seýis Hoşmädiňkidi. Ol seýsiň atyna-da, özüne-de Hojaly bilen Ahal beletdi. Olar oňa uly baha berenokdylar. Öz etrapynda iň ýyndam hasap edilýän at Kesearkaja gelip entek ozmandy. Hojaly seýsiň aýtmagyna görä Hoşmädiň halypasy gaty uly seýis. Arman ýöne Hoşmät onuň yzyny alyp göterip bilmändir.

Dorbedewi ugratmazdan öňürti Ahal çapyksuwaryň gulagyna:

— Aty Aly Aşrafydan daşrak saklajak bolgun — diýip, tabşyrdy. Rabadyň çapyksuwary Aly Aşrafynyň galyberjegini bilse, karam edýänligini Ahal ön telim gezek eşidipdi.

Atlar pellehanadan towşan turan ýaly bolup gaýtdylar. Adamlar gozgalaň tapyp ugrady. Wagyrdy barha köpelýärdi. Üýn alyşmak kyndy.

Orta ýoldan mazaly geçensoň, Rabat bilen Çaşgyn (Çaşgynyň atynyň adam Çaşgyndy) deň gelýärdiler. Dorbedew olardan doga bagy yzdady. Adamlar bir-biriniň egnini basyp, atylan peýkam ýaly, ýüzin salyp gelýän atlylara seredýärdiler. Birdenem garaşylmadyk zat ýüze çykdy. Çaşgyn ýoldan syçrap çykdy. Şol çykyşyna-da gaýdyp ýaryşa girmedi. Çaşgynyň çapyk-suwarynyň aýtmagyna görä Aly Aşrafy atyň ýüzüne gamçy çalypdyr. Çapyşykdan soň gykylyk dik asmana galdy. Çaşgynyň tarapdarlaryndan gylyja, hanjara ýapyşanlaram boldy. Aly Aşrafynyň garnyny şol ýerde silkip gidiberjek ýigitlerem bardy. Ýöne toý eýesi ara düşüp:

— Adamlar, garyndaşlar, gaýrat ediň! Toýy bir bulamaweriň — diýip, iki elini gursagynda goýup ýalbardy. Hanjarlar, gylyçlar ýene-de gyna girdi. Ýöne at çapyşygyny şonuň bilen sowdular.

Çaşgyn tazygyp çykansoň, esasy göreş Dorbedew bilen Rabadyň arasynda gitdi. Dorbedew soňky ýüz gulaç aralyga çenli bir kaddyny saklady. Diňe pellehana alkymlanda, öňe ümzük atyp, Rabatdan ozup geçdi.

Ine, şol ýaryş Dorbedewiň dabarasyny Eýrana, Turana ýaýradypdy.

— Ryzaguly han Dorbedewi getirip berene ýüz tümen baýrak goýdy — diýip, Barat pälwan sözüni dowam etdi.

Ýüz tümen diýilýän az pul däl. Arwanalaryň, inerleriň bahasy bäş-alty tümenden ýokary däl. Ýüz tümene ýylky sürüsinden on ýabyny, Dorbedewiň özi ýaly atlardan bäş aty alyp bolýar.

Bu zatlary pikirinde aýlan Ahal ýolan otunyň baldagyndan tutup, pyrlap oturyşyna:

— Arzanladypdyr-la. Ol maňa ýüz elli tümen hödürläpdi — diýip, başyny galdyrman aýtdy.

Şol pajygaly çapyşygyň bolanyna bir aý çemesi wagt bolupdy. Şol günleriň birinde iki atly Ahalyň öýüniň işigine gelip atdan agdy. Gapa çykan Ahal bilen olar ellerini uzadyp görüşdiler. Egni han sowgadyna çalymdaş haltaly iki adam doly horjuny göterip, Ahalyň yzy bilen öýe girdi. Bir gözi sary kişmişden, hurmadan, beýleki gözi Eýranyň pürçükli kempudyndan, künjüli halwasyndan doldurylan horjuny Ahalyň eline berdiler. Öý eýesi horjuny uly geň galma bilen kabul etdi. Ony beýleki öýe eltip, Aksona uzatdy. Onuň:

— Bu nämäniň alamaty? — diýip, gözleri bilen beren soragyna:

— Men näbileýin — diýen äheňde eginlerini ýygryp jogap berdi.

Ýaşulular söz aýtmaga gelen sawçylara meňzeýärdi. Ony diýseňem Ahalyň ýetişen gyzy-ha beýlede dursun, aslynda gyz maşgala ýokdy. Onuň diňe ylgap ýeren on ýaşly ogly Salyr bardy. Näme-de bolsa Ahal olara sorag bermedi. Olaryň özleriniň gürrüň açaryna garaşdy.

Gelen adamlar Ryzaguly hany öwdüler. Onuň jomartlygyny, batyrlygyny, il serdary bir adamdygyny magtadylar. Ahala köp salam aýdanyny ýatladylar. Gürrüň ýuwaş-ýuwaşdan Dorbedewe syrykdy.

— Ryzaguly han siziň atyňyz üçin 150 tümen hödürleýär — diýip, gelenleriň biri aýtdy.

— Eli açyk adam-da, göwni giden zada lomaý eçiläýýär — diýip beýleki goldady.

Ahal bu bahany eşidip begener, ýerinden towsup turar öýtdüler. Ol gaty uly baha. Iň baý öýüň gyzynyň galyňyndanam ýokary. Ýöne Ahal oňa begenmedem, gynanmadam, ýylgyrmadam, asyl ýerindenem gozganmady.

Myhmanlara söwüş edildi, nahar çekildi. Giç öýlänler olar turmakçy boldular, öz sözleriniň jogabyna garaşdylar.

— Ryzaguly hanyň döwleti yrylmasyn. Dorbedewe beren uly bahasy üçin taňryýalkasyn. Ýöne ol at meňki däl. Ol Kesearkajyňky. Ol Kesearkajyň abraýy. Bir iliň abraýyny, guwanjyny satyp goýbermäge meniň hakym, ygtyýarym ýok — diýip, Ahal jogap berdi. Oňa:

— Dorbedew bolmasa gyr bedew eken-dä. Başgasyny alarsyň, seýislärsiň. Seniň-ä, näme, eliňden gelýär — diýip, myhmanlaryň biri aýtdy.

— Ýüz elli tümen ýöne zat däl. Gelen döwleti sypdyrma, samsyk bolma — diýip, beýlekisi janykdy. Ahal samsyk bolanyny kem görmedi.

— Ýüz elli tümene seniň özüňi razy edip alýar. Ogurlap almak bilen satyn almagyň arasynda elli tümen däl, ýer bilen gök ýaly tapawut bar — diýip, Barat pälwan penjeläp alan otuny gapdala tarap zyňyp goýberdi.

— Ryzaguly han üçin onuň näme tapawudy bar? — diýip, Ahal seslendi.

— Sen batyr ýigit, gowy zat. Ýöne tekepbirem ekeniň — diýip, Barat pälwan onuň öňki soragyna jogap bermän aýtdy. — Şol tekepbirligiň welin gowy däl. Ahal sesini çykarman, oňa gözleri bilen sorag berdi. Barat dowam etdi.

— Sen aýt, ýaňy sekiz adam bilen bir özüň urşarmydyň?

Ahal esli mahal dymyp durdy. Soňra öz-özüne diýýän ýaly:

— “Bilse pişik öňi-soňy öljegin. Yza dönüp gaplaň bilen garpyşar” — diýdi.

— “Ýol tapmasa müň duşmandan gaçara. Gerçek ýigit jöwher gylyja ýapyşar” — diýip, pälwan gürrüňdeşiniň Saadydan başlan bendini tamamlady. Soňra:

— Seniň gaçara ýoluň kändi — diýip, Dorbedewe ümledi. Dorbedew bolsa ulularyň gürrüňine gulak asman, hol beýlede ýazyň paşyrdap duran ter otlaryndan güýürdedip ýördi. Kämahalam eýäm howlukmaýarmyka diýýän ýaly, otuny güýürdedip durşuna bärsine garanýardy.

— Size duşmazymyň öň ýanynda keýik kowalap, aty daljykdyraýdym. Siziň atlaryňyz bolsa daýaw.

— Onda-da Dorbedew Dorbedewdir. Bu görünýän atlara zygam etdirmez — diýip, Barat pälwan indiki aýtjak sözüni oýlanýan ýaly, böwrüne diň salyp dymdy. Soňra başyny galdyrdy-da:

— Garaz, meşhur seýsiň, akylly-başly adamyň şeýle ýeňilkellelik edip, özüni oda urmagy geň zat — diýip, sözüniň üstüne goşdy.

— Dünýäde geň zat köpelipdir. Menem bir meşhur pälwany tanaýardym — diýip, Ahal sözüniň yzyny ýetirmän goýdy. Olam ýol urýan garakçy bolupdyr — diýip, pälwan onuň sözüniň yzyna sugşurdy. Ahal sesini çykarmady. Pälwan tarapa diňe soragly nazaryny aýlap goýdy.

— Ol uzyn taryh — diýip, Barat pälwan uludan bir demini aldy. Sonra ýeňsesini gylyjyň üstünde goýup, asmana seredip, sesini-üýnüni çykarman ýatdy.

Barat pälwanyň kakasy Aly Muhammet Şahrudy öz şäherlerinde — Şahrudda kiçijik dükanyň eýesidi. Ol dükanda halwa, hurma, sary kişmiş ýaly azyk harytlary bilen birlikde mata-marlak, çäýnek-käse, okara-çemçe diýen ýaly harytlary satardy. Ol öz satýan harytlaryny ondan-mundan gelýän täjirlerden, söwdagärlerden alýardy. Onuň dükanynda belli harytlar däl-de, säwlikde duşan harytlaram satylardy.

Uzynly gün aýak üstünde Aly Muhammediň halys sütüni süýnerdi. Hysyr-pysyr bilen agşama zordan ýetýän wagtlaram az bolmazdy. “Ynha haý diýmän, oglum Barat ýetişer. Arkamdan dirär. Kömekçi bolar” diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi.

Ogly ýetişdi, öýli-işikli boldy. Ýöne ol atasyna kömekçi bolmady. Ol söwdagärlige däl-de, pälwanlyga ýykgyn etdi. Barat göreşi çagalykdan söýdi. Onuň gowy görýän zady özi ýalylar bilen göreş tutmakdy. Beýik Saadynyň bir pälwan hakyndaky hekaýatyny garrylardan eşidipdi. Şahyryň aýdyşyna görä, bir uly pälwan göreşleriň 360 emelini bilýär ekeni. Ol şägirtlerine şol emelleriň 359-syny öwredip, birini özi üçin saklar ekeni.

Şol pälwandan ak pata alan şägirtleriň biri patyşanyň ýanynda:

— Ol meniň halypam bolýar. Ýogsa ony ýyksa bolar — diýip uly gürlänmiş. Patyşa-da oňa:

— Göreşde ataňam bolsa ýykmalydyr. Sen şony ýykyp bilseň, men seni köşk pälwany edip alaýyn — diýipdir. Ussady çagyranmyşlar. Garry halypa bilen ýaş şägirdiň tutluşygy başlanmyş. Göreş uzaga çekýär. Pälwanlar bir-birinden peslär ýaly däl. Halys bolmajagyny bilen halypa şol özüne goýan emelini salyp, şägirdini agdaranmyş. Soňundan onuň ýüzüne seredip:

— Özüniň nyşana boljagyny göz öňünde tutman, ýaý atmagy öwredýän mergen akmakdyr — diýip ajy ýylgyranmyş.

Barat pälwan olar ýaly halypa tälimini almandy.

Ol öz-özünden pälwan bolup gitdi. Emelleriň köpüsini göreşýänlere seredip öwrendi. Käbirlerini özi oýlap tapdy.

Baradyň at-owazasy derrew il içine ýaýrady. Uly toýlardan baýrak getirip ugrady. Käbir toýlarda bolsa oňa ýörite baýrak goýdular. Pälwanyň kakasy Aly Muhammet:

— Oglum, göreş bilen çaga ekläp bolmaz. Senem bir hünär al. Iň gowusy dükany ýöretmäni öwren — diýip gulagyna guýardy. Kakasynyň aýdyşy ýaly uly toýlar, onda-da uly pälwanlaryň gatnaşmaly toýlary gaty seýrek bolýar. Ýylda birem bolanok diýen ýaly. kiçi toýlara, garyp adamlaryň toýlaryna baryp alan bir çebşiň ýa-da bir ýaglygyň bilen bäş çagany ekläp bolmaz. Ýaşlaram indi gidişýär. Täze nesil, täze pälwanlar ýetişýär. Olaryň elinden baýragy häzir alaýsaňam. soňurrak aldyrjak däller. Barat pälwanlykdan el göterip, kakasynyň ýanyna dükana geçýär. Ol entek dükanyň abyny-tabyny almanka-da, iki bela olaryň gerşinden inýär. Garahassaçylyk ýyly şol ýowuz kesele ýatyp, pälwanyň kakasy ölýär. Ikinji betbagtlygam Aly Muhammediň ýyly dolmanka, bularyň başyndan inýär.

Günleriň birinde Şahrudyň baýy Nowruzalynyň öýüne şalaryň şasy myhmançylyga gelýär. Ol myhmançylyga baranynda ýany bilen wezir-wekillerinden başga-da üç-dört ýüz serbazam alyp barýar. Olary iýdirmeli-içirmeli, gaýdanlarynda tapdygyňdan gymmatbaha sowgat bermeli. Şonuň üçin şany hiç kim myhmançylyga çagyrmaýar. Myhman barjak ýerini şanyň özi kesgitläp, özi aýdýar.

Nowruzaly baý obanyň atly adamlaryny çagyryp, şanyň nökerlerini myhmanlamak hakda maslahatlaşýarlar. Şanyň serbazlaryna gaýtawul bermeli däldigini, çykan çykdajylaryny soňundan özüniň tölejekdigini aýdýar.

Myhmançylygyň bellenen güni gün guşluga galyberende deprek kakyp, saz çalyp, ala-zenzele bolup, myhmanlar Şahrudyň köçesinden girýärler. Her hili gülkünç eşikleri geýen wäşiler, myhmanlaryň öňüne düşüp böküşýärler, aşyr atýarlar. Her hili oýunlar edýärler. Bütin şäher daşary çykyp, myhmanlara seredýärler. Wezir-wekilleriň yzyna düşüp gelýän serbazlar ýoluň gyrasyndaky baglara, bakjalara hüjüm edip, tapan-tupan zatlaryny ýolup alýarlar. Baran ýerlerini çekirtge sürüsi ýaly boşadyp gidýärler.

Barat pälwanyň öýüne serbazlaryň bäşisi düşýär. Wah, janyň ujy, özge myhmanlar ýaly berlenini iýip oňsa. Maşgalanyň huruşlyk diýip, göz dikip oturan ýekeje toklusyny hasyr-husur pyçakdan geçirýärler. Çişe düzýärler. Olar bu zatlaryň hemmesini öý eýesinden soraman edýärler. Barat pälwan bolsa diňe egnini gysyp oňýar. Ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmeýär. Ýöne seň egniňi gysanyň bilenem bela diýilýän zat geljek bolsa özüne ýol tapýan ekeni.

Myhmanlar, eger myhman diýip bolýan bolsa, öýüň iýer ýaly zadyny iýdiler. Ýöne şoňa-da kanagat etmediler. Başga ýerde myhman bolanlar gowy sowgat aldylar. Baradyň myhmanlary olary görüp:

— Sen bizi kemsidýäň — diýip, nagaralaryny döwdüler; Pälwan olara höre-köşe etdi, ýalbardy. Olar gulak asman, dükanyň gapysyny palta bilen döwdüler. Içini werham-tarham etdiler. Alan zatlaryny aldylar, almadyklaryny orta üýşürip, dükany otladylar. Ozalam gününi çala aýlaýan maşgala ýeke günüň içinde gedaýa öwrüldi.

— Ol myhmançylyk däl, galtamançylyk bolýar — diýip, Ahal uludan demini alyp aýtdy.

— Haýsy zat galtamançylyk däl. Şanyň ýaşap ýörmeginden başlap, ähli zat galtamançylykdyr — diýip, Barat pälwan ýene arkan gyşaryp, kellesiniň aşagyndaky gylyjy düzetdi.

— Soň näme boldy?

— Soňmy? — diýip, Barat pälwan näme diýjegini bilmeýän ýaly hyrçyny dişläp dymdy.

Myhmanlary ataransoň, Barat pälwan arzyny Nowruzaly baýa aýdýar.

— “Çykdajyňyzy tölärin” diýipdiňiz, agaýy — diýip, onuň beren wadasyny ýatladýar. Nowruzaly baý oňa:

— Sen patyşany myhman alan adamlardan. Indi bir dükany düzedip bilmeseň, men saňa näme diýeýin — diýip, onuň ýüzüne jabjynypdyr. — Senem goňşy obalara bar, islän zadyňy al, gerek zadyňy getir. Gaýtawul berseler, gel meniň ýanyma.

Nowruzaly baý şu sözleri aýdyp, Baradyňam galtaman bolmagyny ündäpdir.

— Baýyň, özi ýalylar şonda çykan çykdajylaryny on esse edip ýerine salandyrlar. Nowruzaly baý Şahrudyň uly hany boldy — diýip, Barat pälwan aýtdy. Çagalar eklençsiz galypdyr. Barat pälwanyň, Maşatda ýaşaýan bir tanşy bar ekeni. Ine şol:

— Sen Ryzaguly hana serbaz bol. Serbaz bolsaň üç tanap ýer berýärler. Çagalara ýapyşalga bolar — diýipdir. Üç tanap ýere akylly-başly seretseň, çagalaryň ýyl harjyny almak boljak. Hasylyň gowy gelen ýyllary daşyndan az-owlak sataýmagam boljak. Barat pälwan oýlana-oýlana, tanşynyň şu maslahatyny makul bilipdir. Ryzaguly hanam hemme adamyny serbazlyga alanok. Bu ýerde Barat pälwanyň tanşam, ady belli pälwanlygam, şanyň serbazlaryny myhmanlanam kömek etdi. Ine, indem bir ýyl bäri Barat pälwanyň egninde serbazyň sowudy, serbazyň gylyjy.

— Serbazlara serbazlygy üçin bir köpügem hak tölänoklar. Gaýta iýjek-içjegiň öz garnyňa. Eşigiň, at-ýaragyň bahasynam özüň bermeli. Üstesine-de käte onbaşyňa-da sowgatjyk emläp durmaly — diýip, Barat pälwan gürrüňini jemledi.

Ahal şo zatlary öz başyndan geçiren ýaly uludan bir demini aldy.

— Eger beýle bolsa serbazlyga geçmezler.

— Geçmezler — diýip, pälwan Ahalyň soňky sözüni gaýtalady-da, oňa gür gaşlarynyň aşagyndan seretdi. — Agzyny açyp oturan çülpeleri nädip eklejek? Diňe bir eklenjem däl...

Ahalyň soragly gözlerine nazary kaklyşan pälwan sözüni dowam etdi.

— Ýaşajak bolsaň, her ädimiňe pul gerek. Öňüňden çykan serbaz bir bahana bilen seni urýar. Bahana gytmy? Ol ýana seredýäň, bu ýana seredýäň diýip yrsaraýar. Urar-da, yzyndanam taýak hakyny talap eder. Puluň ýok bolsa, git-de serbazyň ýerini depip ber, odunyny döwüp ber, hyzmatyny edip üz.

— Eger üzülmän galaýsa?..

— Üzülmän galaýsamy? — diýip, Barat pälwan böwrüne diň saldy. — Onda näme boljagyny bilemok. Entek üzülmän galan ýerini eşidemok.

Pälwan asmana seredip ýatyşyna esli wagt sesini çykarmady. Ahalam dymdy. Hol ýokardan, ak bulutlaryň bäri ýanyndan durnalar toýnuk gurap, geçip barýardylar. Olaryň “gyrruk-gyrruk” diýen sesleri eşidilýärdi.

— Sen ynsan durmuşynyň gürrüňini edýärsiň — diýip, Barat pälwan dik oturdy.

— Şol, uçup barýan durnalardan sorap gör. Şolaryň güni ikimiziňkiden aňsatdyr öýdýärmiň?

Ahal asmana seretdi. Durnalar toýnugyny bozman uçup barýardylar. Olar boýunlaryny öňe uzadyp, ganatlaryny agraslyk bilen kakýardylar. Birdenem aşaklap ugradylar. Gonmaga, otlamaga ýer peýleýän bolmaga çemeli.

— Olaryňky hezille — diýip, Ahal durnalardan gözüni aýyrman aýtdy. Onuň sesinde durnalara, umuman, tebigatyň gözelligine bolan inçe söýgi duýulýardy.

— Olaryňkam hezil däldir. Bürgüt diýer, garaguş diýer, olaryňam öz galtamanlary bardyr. Garaz, aňsat däldir.

— Siz “Ynsyň-jynsyň durmuşy şoňa gurlupdyr” diýjek bolýaňyz. Ýöne welin ol zatlardan ýokarda adalat diýlenem bir zat bolmalydyr-a.

— Adalat! Adalat diýilýän zat näme? Aýdaly, bir awçy towşany duzak gurup tutupdyr. Awçynyň eden işi adalatlylyk däl. Şol towşany tutmaýanda-da ol gününi görüp bilerdi. Ekin eksin, bag oturtsyn, mal edinsin, süýt sagsyn. Aýdaly, şo towşany möjek kowalap barýar. Möjegiňki adalatsyzlyk diýersiň.

— Hawa, diýerin. Möjek güýjüne daýanýar. Galtamançylyk edýär. Üstesine-de, belki, towşanyň çagalary bardyr. Towşany möjek iýse çagalary aç öler.

— Möjegiňem çagalary bolsa näme? Ol towşany tutup bilmese, özem, çagalaram uzynly gije aç galmaly. Bu näme, adalatlylykmy?

Ahal gozgandy. “Hymm” edip ýüzüni aşak saldy. Günäsiniň üstünde tutulan çaga ýaly elindäki çöp bilen ýeri dyrmalady. Barat pälwan hüjümini dowam etdi. — Aýdaly, kowalaşyp barýanlaryň gapdalyndan bir atly çykyp, gylyjyny syrdy-da, olaryň yzyna düşdi. Awçynyň edýäni telekmi?

— Telek däl. Ejizi goldamak sogapdyr.

— Ejizi goldap, möjegi öldürdi. Möjegiň bolsa sürenindäki körpeje çagalary ajyndan gyryldy. Ýeri, muňa kim günäkär? Hany, adalatlylyk? Şol adamyň gazanan günäsi känmi ýa-da sogaby känmi?

— Diýmek, “Galtamanlarda günä ýok” diýjek bolýaň. Şeýle dälmi?

— Galtamanlaram edil möjekler ýaly, dagy çykalgasy bolmasa olar nätsinler?

Ahal içini hümledip esli oturdy. Penjeleri bilen gökje otlary gyryşdyrdy. Gysymyny dolduryp, eliniň tersi bilen oklap goýberdi. Ýene gyrdy. Ol elleriniň näme edýänini duýanokdy. Eýesiniň tukat ýagdaýyny aňan ýaly Dorbedew otlap duran ýerinden oňa tarap owadan gözlerini aýlady. “Gaýtma niýetiň ýokmy?” diýýän ýaly ýuwaşja hokrandy.

— Mesliginden galtamançylyk edýänem bolsa bardyr — diýip, Barat pälwan ýuwaş ses bilen, böwrüne diň salyp — aýtdy. — Bu görünýän galtamanlaryň köpüsi çykalga tapman galtamançylyk edýärler.

— Sizem şol çykalga tapmaýanlardanmy?—diýip, Ahal oňa sorag berdi.

— Şony diýseňem boljak— diýip, pälwan gamgyn halda gürledi. — Meniň atymy ogurladylar. Täze at aldym. Bahasyny entek tölämok. Puly nireden aljak. Üstesine çagalara-da ojuk-bujuk gerek. Geçen gyşyň gazapdygyny gördüňmi? Çagalar doly gyşy galyň eşiksiz, köwüşsiz geçirdiler.

— Hawa, gyşa gazaply boldy — diýip, Ahal seslendi.

— Ine, biz şo möjegiň gününe düşýäs. Şol towşany iýseg-ä biz galtaman, iýmesegem aç ölmeli.

— Diýmek, galtamançylyk hökman bolaýmaly-da. Onuň ahyry görnenok-da?

— Galtamançylykmy?—diýip, Barat pälwan ýaňsylaýan ýaly edip aýtdy. — Galtamançylygyň ulusyna uruş diýerler. Ýagdaý şeýle bolsa, urşam bolar durar. Durmuşdan bihabar adamlar urşy hanlar, şalar başlaýandyr öýdýärler. Uruş olara gerekdir öýdýärler.

— Dagy näme? Saňa gerekmi? Maňa gerekmi? Halka gerekmi?

— Halka gerek bolmasa-da, serbazlara gerek. Uruş olaryň eklenji. Goşun öňňil Aýystana gitdi. Öten ýyl dynç boldular. Şu ýylam bir tarapa gitmeseler, serbazlaryň özleri gozgalaň turzarlar. Olar goşun serkerdelerini şoňa mejbur edýärler.

— Alamançylyk meselesinde siz-ä türkmenleri ýazgarýaňyz, bizem sizi. Seniň häzirki gürrüň berşiňe görä, alamançylygyň ilki sebäpkäri siz bolaýjak ýaly.

— Towuk ulumy ýa ýumurtga? Ony ikimizem bilemzok.

— Seniň häzirki aýdyşyňdan talaňçylygy ilki başlaýan serbazlar diýen netije gelip çykýar.

— Bar, şeýle eken-dä.

— Şeýle bolsa, biziň alamançylygymyz arymyzy ýerine salmak bolýar.

— Aryňyzymy? Bu goňşyň bilen urşup, ol goňşyňy ursaň, aryň ýerine düşýämi? Serbazlar sizi talap, ýesir alyp gaýdýar. Sizem baryp il-güni talap, ýesir alyp gaýdýarsyňyz. Şeýdip öz aryňyzy naçar gyzdan, gözüni owkalap duran neresse çagadan alýaňyz.

Ahal pälwanyň sözüne jogap bermedi. Agyr pikire gitdi. Onuň gözüniň öňüne pajygaly bir ýagdaý gelip geçdi.

Güýzüň asuda säherleriniň biridi. Agar çäkmenini ýasgynjak atynyp, gapa çykan Ahalyň gulagyna “Alamançylar gelýär” diýen sözler eşidildi. Gara daglaryň arasyny söküp, olja alyp, ýesir alyp gelen atlylar Şally baýyň gapysynda ýük ýazdyrdylar. Ahal dähedem-dessem basyp, olaryň ýanyna bardy. Ýöne şol baranyna henizem ökünip ýör.

Getirilen ýesirleriň arasynda ýaňy öýlenen ýaş ýigit bilen onuň gelni, şol ýigidiň enesi, iki sany — biri gyz, beýleki oglan jigileri bardy. Alamançylar bir öýi boşadyp gaýdypdyrlar. Dulugyndan ak görnen enelerem, gelnem ses edip aglaýardy. Ýaş ýigit bolsa owasyny dym-gyzyl edip, ýer dyrmap otyrdy. Bäş ýaşlyja gyz töweregine geň galmak bilen seredýärdi. Görmäge üýşen çagalaryň käbirine ýylgyrmak bilen seredýärdi.

Ol häzir ejesiniň, hossarlarynyň ýanynda. Ol çaga. Ol entek öz hossarlaryndan waýkyryp-waýkyryp aýra düşmelidigini, ejesiniň köşegini aldyran maýa ýaly bozlap-bozlap, ony iň soňky gezek bagryna basjakdygyny, aç adamyň aşa topulyşy ýaly özüniň ýüzünden-gözünden ogşajakdygyny, güýç bilen aýranlarynda ellerini uzadyp, dünýäni elendirip aglajakdygyny bilenokdy. Bir öýden girip-çykan, sähel büdrese kömege gelen, aglasa diňdiren hossarlarynyň hersiniň bir gapydan çykjakdygyny, bir-birini hiç haçan görüp bilmejekdiklerini bilenokdy.

— Alamançylyk, ar-namys üçin edilýän zat däldir. Ol ar-namysyň arkasyndan edilýän haram baýlykdyr — diýip, gürläp oturan Barat pälwanyň sözleri Ahala düýşde aýdylýan ýaly bolup eşidildi.

Ahal geçen ýene bir wakany ýadyna saldy. Ol şeýle bolupdy. Aksoltan ejäniň ogly bir ýerden gelýärkä, öňünden kürt alamançylary çykyp, tutup alyp gidipdirler. Äkidibem satypdyrlar. Ýaňy ýigit çykyp ugran oglanyň haýsy baýyň guly bolup, hyzmatyny edip ýörenini kim bilýär.

Aksoltan eje uzynly gije çirim etmän aglap geçirdi. Obanyň Garamergen ýaly jalaý ýigitleri garry enä hossar çykyp, ar almaga gidermen boldular. Bu ýagdaýy eşiden oba ýaşululary oňlamadylar. Iner golak başlyklaýyn paýhasly gojalar pikir alyşmak üçin maslahata ýygnandylar. Şol maslahata ýaşlaram, Ahal dagynam çagyrypdylar. Şonda Ahal Iner golagyň pikirini goldapdy. Garamergen oňa:

— Sen gorkýan bolsaň, eneň ýorganyndan çykma-da — diýipdi. Garamergeniň özi ýalylar onuň sözüni alyp göterdiler. Ýerli-ýerden gygyryp, Ahala:

— Beýle namart bolsaň, galyber. Şükür Hudaýa, gitjegem, ary ýerine saljagam tapylar — diýipdiler.

Ahalyňam öz tarapyny çalýan ýaranlary bardy. Olar Garamergeniňkiden köp bolmasa, az däldiler. Ýöne garşydaşlarynyň “gorkak, namart” diýen sözlerinden çekinip, olaryňam köpüsi Garamergeniň tarapyna geçdi. Onda-da: “Bu jany enemiň bukjasynda ýygnap bilmen. Tohumlyk galmak aladam ýok. Tohumlyk galan galsyn” diýen ýaly janyňa degäýjek sözleri aýdyp geçdiler. Ahal:

— Men şul ömrümiň Aksoltan ejä sähelçejigem bolsa teselli berjegini bilsem, ony gaşymy çytman bagyşlardym. Ýöne başga bir enäniň çagasyny alyp gaýdyp, ony gan agladanym bilen Aksoltan ejäniň ýürek ýarasyna ýardam edip bilerin öýdemok — diýdi.

Garamergeniň tarapyna geçýänlerem köpeldi. Ahalyň özem: “Maňa-da şu jan sizden artyk gerek däl, ýörüň gitseňiz” diýip, tas onuň tarapyna geçipdi. Ýöne onuň özi ynsabyňa, mertebäňe, adamkärçiligiňe kast etmekdigini, Garamergeniň adamkärçiligiň golaýyndan geçmeýän erbet meýilleriniň öňünde baş egmekdigini syzdy. Ol özüni güýç bilen, erjellik bilen masgaraçylygyň girdabyndan saklady.

Ýaşulularyň gelen karary Garamergeniň dyzmaç ýaranlarynyň jylawyndan çekdi, olaryň howalasyny ýatyrdy. Olar alamana gitmegi ýigitlere gadagan etdiler. Barat pälwanyň soňky gürrüňlerini düýşünde eşidýän ýaly, ýarym-ýalta diňlän, manysyny oňly düýrüp alyp bilmedik Ahal ukudan açylan ýaly boldy. Uludan bir demini aldy. Baharyň howasynyň şeýle mylaýymlygyna garamazdan, onuň maňlaýy kemsiz çygjarypdy. Pälwan özüniň soňky sözlerini Ahalyň oňly diňlemändigini, sojap dem alşyndan, ýüz keşbinden aňdy. Ol bir zat diýjek bolup, sag elini gürrüňdeşiniň dyzynyň üstünde goýdy. Şol arada Ahal:

— Bu alamanlaryň, bu hasratly masgaraçylygyň öňüni alyp bolmazmyka? — diýip seslendi.

— Bolmaz — diýip, Barat pälwan çürt-kesik aýtdy. — Birinji sebäbi, ony patyşa-da islemez, serbazlaram. Olar isläýende-de siz saklanyp bilmersiňiz.

— Ol näme üçin?

— Üçini. Sizde döwlet ýok. Gürleşer ýaly, alamançylygy bile ýazgaryp, bile çäre görer ýaly.

Barat pälwan ýene bir zatlar aýtjak boldy. Ýöne oňa söz diýmäge maý bermedik başga bir ýagdaý boldy. Hol ilerki belentlikden aşyp giden serbazlar ýene-de sadranç ýaly bolup-depäniň üstünden göründiler. Olar Barat pälwandan habar tutmak üçin öwrülen bolsalar gerek. Olar belentlige çykdylar-da, sanjylan ýaly bolup durdular.

Barat pälwanam, Ahalam ýerinden galdy. Ahal uzakda, Mizewe daglarynyň depesinden sallanyp ugran Güne eli bilen maňlaýyny kölegeledip seretdi. Günüň öňüni açan ak bulut, äpet deňizde görünýän sal ýaly bolup, günbatara tarap süýşýärdi.

— Gaýdara wagt bolup ýör öýdýän. Gümür-ýamyr edip, ep-esli oturaýypdyrys — diýip, pälwan seslendi.

Ýaraglaryny, dakynyp, her kim öz atyna tarap ugrady. Ony gören serbazlar atlaryny yza öwrüp, ýene belentlikden anryk eňip gitdiler.

Şeýle gowy, açyk ýürekli, paýhasly adamdan Ahalyň birden aýrylasy gelmedi. Dorbedewi onuň gapdaly bilen sürüp gitdi. Olar serbazlaryň ýaňky görnen ýerlerine ýetip aýak çekdiler. Ýene-de esli wagt gürleşip durdular. Olar bir-birine elini uzadyp, at üstünde hoşlaşdylar. Barat pälwanyň aty belentlikden aňryk eňip gitdi. Ahal şol ýerde sanjylan garantga ýaly bolup durdy. Ol Barat pälwanyň yzyndan seredýärdi. Bir käse çaý içerlik salym geçensoň atyny yza öwürdi.

Kürt diýilse ýigrenip, barlyşyksyz duşmany saýyp ýören Ahala Barat pälwanyň ýetiren täsiri uludy. Ol pälwanyň kürt däldigini, onuň milletiniň parsdygyny bilmese-de, bahasyna ýetilmez gowy adamdygyny bilip galdy. Her halkyň öz gowusy, öz hordasy bar.

“Garamergen ýalylary satyp iýdiräýmeli adam ekeni. Şular ýaly adamlar köp bolsa bolmaýarmy?” diýip, öz ýanyndan oýlandy.

Gylyç syryp duşan iki duşman, şeýdip dost boldular. Mähir bilen elleşip hoşlaşdylar. Bu ýagdaýy Iner golak eşiden bolaýsa:

— Bagt diýilýän zat şolardan ybaratdyr — diýip aýdar.

Gök deňiz ýaly gök otly meýdandan Dorbedewi sürüp barýan Ahal şu günki ölümden sypyşyny, gowy adam bilen duşuşygyny öz bagtynyň bir bölegi hasap edýärdi.


4-nji bap: KÖWREÝIKLI GUÝUSYNDA

Ýandakly obasy ýazlaga çykansoň, obanyň ýoz çekenesi Köwreýikli guýynyň töwereginde otarylýardy. Guýy dört tarapy alaňlar bilen gurşalan takyr meýdanyň orta gürpünde ýerleşýärdi. Çopanlaryň goşy çarhynyň gutunlary gatan süňk ýaly agaryp görünýän guýudan salan ýoly aralykda ýerleşýär. Guýynyň başynda endik bolan iner irmän-arman urgan çekýär. Köne çarhlar şakyrdaýar, jygyldaýar. Suwçy ýigidiň hereketlerine tabyn iner, ol “Çüýw!” diýende gidýär, “Gaýt!” diýende yza dönýär. Iner her gidip gelende, suwdan dolup çykýan äpet gowanyň suwy guýynyň başynda goýlan uzyn nowa dökülýärdi.

Goşda öz işi bilen gümra çoluk körpeç ýaly edip galdyrylan sazak, çeti dikip, selin, siňren bilen basyrylan çatmadan her eline bir kündük alyp çykdy.

Meşigiň bir bujagyny çözüp, oda-tüssä garalyp giden kündükleriň ikisinem suwdan doldurdy. Üýşüp ýatan ojar közlerini kesewi bilen eýläk-beýläk dörüp, kündükleri goýdy. Soňra guşluga galyp, günorta syryp ugran güne seretdi.

— Süriňem eňmeli wagty boluberipdir-ow — diýip, öz-özi bilen gürleşdi. Soňra çatma söýelgi taýagyny alyp, süriniň öňünden çykmak üçin günbatarky egne tarap ugrady.

Suwçy goşa nowany suwdan dolduransoň, ineri urgandan çözmän çökeripdir. Iner töweregine ýaltalyk bilen göz aýlap, gäwüş çalyp otyrdy. Suwçynyň özi bolsa guýudan on ädim daşlaşyp, tirsegine direnip gyşaryp ýatyrdy. Agramy batmana ýetýän agyr gowalary sowup alaýmak aňsat iş däl. Soňabaka oňurgalaryň ýazara geliberýär. Suwçynyňam häzir “Süri gelýänçä, bilime bir dynç bereýin” diýin ýatyşydy.

Çoluk egne ýetensoň, uzak garaşdyrman, çopan aňyrdan geldi. Iki bolup mallary suwa bölüp-bölüp goýberdiler. Bir tapgyr goýberip, olaryň öňüni kesýärdiler. Bu guýynyň başynda dyknyşyk döremez ýaly, suwsuz mallar bir-birini basgylap harlamaz ýaly görülýän çäredi.

Iner ýene urgan çekip, gatnan ugraýar. Utunlar jygyldaýar, çarh şakyrdaýar. Köýnegini balagynyň içine salyp, dyzyna çenli çyzganan suwçy doly gowalary sowup alýardy. Olary nowalara wagşyldadyp guýýardy. Suwsuz mallar nowanyň başynda hümer berip, bir-birini itekleýärdiler. Aralykdan burunlaryny sokup öňe omzaýardylar. Gözleri agyp-dönüp oýnaýan mes çebişler şahlaryna daýanybermekdenem gaýtmaýardylar. Olar goýunlary, toklulary süsüp, urjaşdyryp, özlerine nowa tarap ýol açýardylar.

Suwdan ganan mallar kellelerini silkeläp, dodaklaryndaky damjalary töweregine syçradyp, ýaltalyk bilen öwrülýärdiler. Gaýraky egne tarap ýüzlenýärler. Ýöne uzak gitmän aýak çekýärler, şol duran ýerlerinde güýlünip ýatýardylar.

Suwçynyň yşaraty bilen çopandyr çoluk mallaryň ýene bir tapgyryny suwa goýberýärdiler. Hasanaklaşyp inen dowarlaryň bir bölegi geçensoň galanlarynyň öňüne taýak oklaýarlar. Iki-ýeke sabyrsyz çebişler, sarç işşekler taýak oklanyňa-da, ara düşeniňe-de seretmän, erjellik bilen gaçyp geçýärdiler.

Bir çäýnek çaý içer salymda süriniň iň soňky tapgyry suwa eňdi. Suwdan ganan mallar gaýraky egne çenli aralykda gyzyl-ýaýryt bolup ýaýrap ýatyrdy. Olar düme ekilen gawun-garpyzlara meňzeýärdi. Garrybaý:

— Gulgeldi, hany çaýyň bolsa beriber indi — diýip, gygyryp aýtdy.

— Kündükler gaýnandyr, kaka, häzir demläýerin — diýip, çoluk goşa tarap eňdi.

Gulgeldi Garrybaý çopanyň dört çagadan soň bolan ýalňyz ogludy. Öňki bolan dört gyzyň dördüsem oňly aýaklanmanka, aradan çykdy. Dördünji gyzy Ogulgeregi iki ýaşyna-da ýetmänkä, täjihoraz alyp gidipdi. Ol Garrybaýyň gujagynda demini kynlyk bilen alyp, gözlerini agdaryp, ýüzüni göm-gök edip jan beripdi. Bogazyny hyýgyldadyp her gezek demini zordan alýan çaganyň naýynjar gözleri Garrybaýa seredýärdi. Atanyň göwnüne ýaşajyk çaga ondan delalat isleýän ýalydy. Onuň çaga gözleri “Meni ezraýyla bermesene, meniň ýaşasym gelýär. Seniň gujagyňda oturasym gelýär. Sen meniň güýçli kakam ahyry” diýip, ýalbarýan ýalydy. “Ejiziň öňünde eliňden hiç bir zat gelmeýänini, öz ejizligiňi duýmak bir ömri ýaşandan agyr ekeni” diýip, Garrybaý gözleriniň ýaşyny süpüripdi. Öňki üç gyzy ölende aglaman, gerşini ýegşerdip çydan Garrybaý bu gezek çydam käsesini elinden gideripdi. Aňyrdan gelýän gözýaşy gözleriniň owasy saklap bilmändi. Garrybaýa agyrdy. Gaýa ýaly adamynyň gözünden ýaş döküp, aglap durşuny görmegem ýeňil däldi.

Şondan soň bir ýyl geçip-geçmänkä, Gulgeldi dünýä inipdi. Garrybaý oňa “Biziň Hudaýdan diläp ýeren gulumyz geldi, hyzmatkärimiz geldi” diýip, Gulgeldi adyny goýupdy. Gulgeldi on iki ýaşyna çenli ejesiniň elinde össe-de, esasy terbiýäni kakasyndan alypdy. Maral pahyr aradan çykanyndan soň, ol mydama kakasynyň ýanynda boldy.

Çaga sähel bir zat bolsa, Maral oda-käze düşerdi. Eneler köplenç şeýle-de bolýarlar. Çagalaryna çakdan aşa dözümsizlik edýärler. Olar hasam beter oglan çaga şeýle bolýarlar. Gyz çagalaryny dözümli tutýarlar. Atalar onuň tersine. Gyz çagalaryna dözümsizlik edip, oglan çagalaryny berk tutýarlar. Garrybaýam şo diýilýän atalardandy.

Gyşyň aldajy sowuk günleriniň birinde obanyň çagalaryndan bir topary eşekli oduna gidermen boldular. Ozalam dört çagany elden gideren Maral Gulgeldiniň “Oduna gitjek” diýen sözüni eşidip, ör-gökden geldi.

— Heý, beýle-de bir zat bolarmy? Bu sowukda bir ýerlerde gatap galaýmazmyň? Kakasy, ogluňa bir haýt diý ahyry — diýip, Garrybaýa tutundy. Garrybaý çarygynyň bagyny işip oturyşyna:

— Är çykan ogly gundagda saklap bolmaz — diýip hemleli aýtdy. Ol Gulgeldiniň çagalar bilen çekeleşip, ýolmalaşyp oýnanyny, güýji ýetmejek zatlara ýapyşybermegini gowy görýärdi. Ol gumlarda gezen ýerlerinden Gulgeldä çilik oýnar ýaly ujy egrije taýak getirip berdi. Sözeniň daýaw çybygyny alyp, onuň daşyny birkemsiz arassalady. Ony oda gorsap egdi. Şeýdip Gulgeldä ýaý ýasap berdi. Inçeden syrdam çybyklardan ok ýasady. Ýaş oglan bu zatlaryň hemmesini uly sowgat hökmünde kabul ederdi.

Gulgeldi urşup bir ýerini agyrtsa-da, ýykylyp dyrnagyny döwdürse-de, dyzyny sypjyrdyp aglasa-da, kakasynyň ýanyna gelmezdi. Geläýse-de “Tur, emelsiziň biri” diýip, kowuljagyny bilip durdy. Garrybaý aýalyna:

— Ozal bir adamynyň ogly bar ekeni. Olam gaty ýalta bolupdyr. Ony hülli-hülli edip terbiýeläpdirler. Ol diňe iýip-içip, myşlap ýatmany biler ekeni. Atasy bir gün ogluna diýenini etdirip bilmän, çök düşüp, asmana elini serip: “Eý, taňrym, men senden ogul diläpdim. Sen maňa atamy iberipsiň” — diýip, nalyş edenmişin — diýerdi. Ol çagany kyn işlerden aýamaly däldigini, ony näçe berk tutsaň, şonça oňat boljagyny aýalynyň gulagyna guýardy. Aýalyna:

— Sen gazma taýagy näme üçin oda sokup gorsaýandyklaryny bilýäňmi? Şeýtseň taýak berk bolýar. Şony unutma. Çaga-da edil şonuň ýalydyr — diýip tabşyrardy.

Garrybaý uzak ýeriň çopançylygyna-da aýaly aradan çykandan soň başlady. Maral pahyr ölensoň, oba oňa boşap galan höwürtgeden ýa-da göçülip gidilen ýurtdan enaýy däldi. Ýüregi gysdy, dünýä daraldy. “Hüw!” diýip çöllere çykyp gidiberesi gelerdi. Ol şonam etdi. Obanyň sagylmaýan ýoz çekenesini bakarman boldy. Şo wagtlar sagylýan mallaryň çopany işden çykypdy. Garrybaýa “Sen şony bak” diýdiler. Ol göwnemedi. “Sagylýan mallary baksaň, her gün oba gelip durmaly boljak. Men iň gowusy biraz salym şo çöllerde bolaýyn” diýdi. Şeýdip Garrybaý üç ýyl mundan ozal ýoz çekenäniň yzyna düşüp ugrady. Özüne çoluk edibem on iki ýaşly ogluny aldy.

Gaýnan kündükleri demlemek üçin goşa tarap eňen Gulgeldi ylgap barşyna, kä ýerde taýagyny ýere sünjüp towsup barýardy. Birsalymdan soň ol:

— Kaka, çaýyň-a taýýar, basyraýynmy?—diýip gygyrdy.

— Bardym häzir — diýip, Garrybaý iki elini arkasyna tutup, goşa tarap mytdyldap ugrady.

Inerini urgandan aýryp, duşaklap, ýaýlanyň ileri çetine goýberen suwçy:

— Ynha indi guşdyrnak çaý bilen salam-helik etse bolar — diýip, iki elini owkalap goşa tarap gadam urdy.

Gapysyna köne kilim tutulan çatmanyň eýeleri bolan şol üç adam şol çatmanyň gapysynda bir-birine degşirilip ýazylan iki sany gülli keçäniň üstünde ýerleşdi. Çopan käseleri çaýdan doldurdy. Olaryň birini: “Janym çaý, janym çaý, içsem seni göwnüm jaý” diýip gapdalynda çöken suwçynyň öňünde goýdy.

— Göwnüň jaý bolsa, Tarhan, biziňem göwnümizi jaý et — diýip, Garrybaý çopan onuň ýüzüne seretmän aýtdy. Tarhan:

— Öňem biri: “Myhman käşgä suw dilese” diýipdir — diýip, ýerinden böküp turdy.

Tarhan şadyýan oglandy. Onda dilewarlygam ýok däldi. Adamlary ýylgyrdaýjak sözleri tapardy. Garrybaý bir gezek ogluny öwdi. Ol:

— Tüweleme, meniň şu oglum gaty akyllydyr. Tüýs kakasyna, çeken oguldyr — diýip, ony mahabatlandyrdy. Tarhan çopanyň sözüni alyp göterdi:

— Hawa-la, gaty akylly. Akyly kellesine sygman haçan görseň burnundanjyk dökülip durandyr —diýip, gülmän, ýylgyrman aýtdy. Onuň beýle dilewarlygyna belet Garrybaý loh-loh edip güldi. Çatma girip, dilli tüýdügini alyp çykan Tarhan iki barmagy bilen tüýdügiň dilini şyrkyldadyp goýberdi. Soňra agzyna salyp bir zowlatdy-da:

— Garrybaý aga, haýsyny çalyp bereýin? — diýip, oňa ýüzlendi. Haýsyny diýip sorasa-da, onuň ullakan gory ýokdy. Onuň ähli bilýäni bäş-alty heňden köp däldi. Haýsy heňleri çaljagyny çopanam bilýärdi, çolugam bilýärdi. Tarhanyň bulardan artyk bilýän zady haýsy heňi haçan çaljagydy.

Garrybaý pylan heň diýmedi. Tarhanam onuň jogabyna garaşyp durman, ilki çemine düşenden başlady.

“Gök kürtesi tawus guşuň ýelegin, Ýada salyp aklyn alar pelegiň...”

Dutaryňam, tüýdügiňem birmeňzeş häsiýeti bar. Olar her adama birhili täsir edýär. Her kimiň öz kesmeklän ýarasyny dyrmaýar. Ine, ataly-ogul otyr. Biri ýaşuly nesil. Dünýäniň ajysyny-süýjüsini dadan adam. Tüýdük onuň gözüniň öňüne Garagumuň aňňat-aňňat gollaryny, ýapylardan bozlap inen guba arwanalary, olara näzijek ses bilen jogap berýän köşekleri, torumlary, ala-zenzele bolup gerişden inýän goýunlary, olara garaşyp kökende dyzaýan guzulary, ýalazy ýapyň gerşinde ak sözeni, ondan edilen gazma taýagy, ýene-ýeneleri göz öňüne getirýär. Adamyň ömründe ýatda galýan belli-belli pursatlary bolýar. Sazyň owazy, ine, şol ýatlamalary gozgaýar.

Ine, egni suwkädili çynar ýaly bir gyz guýa tarap gelýär. Guýynyň bu tarapyndan bir ýigit atyny idip gelýär. Ol töweregine ýaltaklap seredenini duýmaýar. Jiňkerip duran göz ýok ýaly. Ýigit gowa ýapyşýar:

— Maral, tut, kädiňi dolduraýyn — diýip, gyza ýüzlenýär. Gyz edil goýun kirpisi ýaly tisginip ýygrylýar. Otlukly gözler gabagynyň aşagyndan töweregine howatyrly seredýär. Şol ýygrylyp durşuna emaý bilen kädisini uzadýar.

Kädisi suwdan dolan gyz çümüp-çykyp ýüzüp ýören sona ýaly galkyjaklap barýar. Ýigit gowadaky galan suwy nowa agdarmagy ýatdan çykaryp, elinde saklap durşuna taňryýalkasy berip giden gyzdan gözüni aýyrman seredýär. Suwa ýakmaga getirilen atam ýigit bilen ýürekdeş ýaly gyzyň yzyndan tiňkesini dikip dur. Ine, şol Maral diýip ady tutulan gyz-a Gulgeldiniň ejesi, onuň yzyndan nebsewürlik bilen seredip duran ýigidem şu oturan çopandy.

Haýatlarynyň kä ýerde düýbi opurylyp, kä ýerde ýokarsy gädilip giden köneje howluda ýakylýan saryýagyň ysy gelýärdi. Üsti gazanly ojaklarda çerkezmidir, çetimidir, ýenjilýän ýelekli düşekçe ýaly töwerege ak külüni syçradyp ýanýar. Ellerini tirseklerine çenli çermän aýallar gazanlaryň daşynda oda gelen perwanalar ýaly çelpekleri gazana atýar. Bu gün bu howly gelin gaýtarýardy.

Gazanlaryň daşynda gaýmalaşýan ýigitlerem az däl. Olaryň gözi bişip duran çelpekde. Aýallaryň gözüne güýdüşip, gazandaky çelpege penjäni urýarlar. Onson asmandan inip, jüýjeleň birini kakyp alan çaýkel ýaly, hanha gaçyp barýar. Olar iki-ýeke geleňsizräk gelinlere çelpek ýapmaga halys maý berenoklar. Ine, şol çelpek syryp gaçan ýigitler Şally baý, Iner awçy Garrybaý diýen ýaly adamlardy. Gaýtaryljak gelnem şu oturan Gulgeldiniň ejesi Maraldy.

Saz uzak ýaňlandygyça sahna çalşyp, üýtgäp durdy. Ine, düýäni çökerip, sypmaz ýaly dyzarlan ýigit başyny galdyrman ony gyrkýardy. Gyrkylygyň şygyldysyna mele ýüň düýäniň gerşinden taýyp düşýärdi. Ýüpek ýaly mele ýüňi çäkmen edermiň, ýorgana salarmyň, ömür boýy ýapyn, ýassan, bäri-bärde ýapjak gümany bolmaz.

Şo zatlaryň pikirini edip, howlukman işläp duran ýigit gutardym edip başyny göterdi. Edil şo pursatam özüne tarap ýüzin salyp gelýän atlydan heder etmedi. Atlynyň tanyş adamlygyndan başga-da, onuň näme üçin, näme habar bilen haýdap gelýändigini aňdy.

— Gygyryp gel, how — diýip, atla tarap ýönelmekçi boldy. Ýene aýak çekip düýesini turuzmakçy boldy. Düýe art aýaklarynyň üstüne galdy-da, bagyryp ýene çökdi. Onuň entek dyzanagy aýrylmandy. Ýigit atlynyň entek aýdyp ýetişmedik şatlykly habaryndan aljyrapdy. Bizi diňe sowuk habarlar däl, şatlykly, gowy habarlaram aljyradýar. Atly onuň ýanyna gelip jylawy çekdi.

— Gygyrsam, ogluň boldy! Buşluk!

— Taňryýalkasyn, buşlugyňa iňňeden çykma agar çäkmeniň bar.

Şol buşluk diýip gelen Iner awçydy. Oňa taňryýalkasyn beren ýigidem şu oturan Garrybaýdy. Dünýä indi diýlip buşlanan çaga bu gün on alty ýaşy dolmaga köp bolsa iki ýa-da üç aý galan Gulgeldi çolukdy.

Çolugyň göz öňünden geçýän sahnalaram şoňa çalymdaşdy. Ýöne başgady. Ine, bahar paslynyň gülälekleri ýaly al ketenili, gyzyl çog gyzlar topar tutup barýarlar. Ekiniň gyrasyndan girip, gelýän topar sülgüne diýseň çalymdaş gyzlaryň ýüzi hol ilerki pürs dikilip, ýörite edilen, hiňňillige tarapdy. Öňünden duýdansyz çykan oglanlary görüp, ürken sülgünler ýaly güsürdäp bir tarapa çekildiler, düýrükdiler. Soňra ýene-de ýollaryny dowam etdiler. Gyzlary ürküzen oglanlaryň biri, ine, şu oturan Gulgeldidi.

Gyzlar bat uçýardylar. Hiňňilligiň daşy gyzan bazara meňzeýärdi. Hiňňillige münen iki gyz heniz bat alyp ýetişmänkä, daşynda duran oglanlaryň biri böküp iki gyzyň arasyna mündi.

Hiňňillik gyz bilen oglanyň arasyny ýakynlaşdyrýan ýalňyz mümkinçilikdi. Başga wagtlar olaryň bile durany görülse-de halanmazdy. Hiňňillikde welin beýle däl. Iki gyzyň aralygyna oglanyň münmegem, oglan bilen gyzyň uçmagam geň görlüp durulmaýar.

Iki gyzyň arasyna münen oglanyň arasyndan başga bir oglan aslyşdy.

— Jan dost, şu gezegem maňa bersene — diýip özelendi. Ine, şol hiňňillikden düşen oglan şu tüýdük çalyp oturan Tarhandy. Onuň ýerine münenem Gulgeldidi.

Tarhan barmaklaryny tüýdügiň deşiklerinde gybyrdadyp şeýle bir çalýardy welin, hol ýokaryk galyp, ganatlaryny gybyrdadyp saýraýan, irginsiz jibirdeýän torgaý ýalydy. Tüýdükçi “Garagözi” çalyp başlanda, Gulgeldiniň gözüniň öňündäki sahna üýtgedi.

Obanyň ortarasynda birtopar oglan çilik oýnap ýör. Batly degen taýagyň zarbyna çiligiň deregini tutýan, çakyry çykan oňurga süňki allowarralara zyňlyp gitdi. Çiligi uran oglan jyrralyp gaçdy. Eşekçi bolsa onuň yzyndan eňdi, uzaklaşdyrman onuň yzyndan ýetip, taýagy bilen dürtdi.

— Bar, eşegiňi al!

Bu mahal çiligiň bady ýatypdy, saklanypdy. Çilik gymyldamany goýandan soň ýa-da beýleki birinin taýagy çilige degenden soň, dürteniň peýdasy ýokdy. Üstesiňe-de taýak gatyrak dürtülen bolmaga çemeli. Dürtülen oglan birden gyzdy. Beýlekiler nämäniň-näme-digine düşünip ýetişmänkäler, ikisi-de hytdyda-mytdy. Oglanlaryň biri aglady. Şol wagt “Häýt!..” diýip, gapdaldan goşulan adam oglanlary aralady.

— Näme aglaýaň? Goý sesiňi — diýip aglaýana käýedi. — Oýunda aglasaň, Daýyň başy kel bolarmyş.

Ine, şol çilik oýnap urşanlaryň biri şu tüýdük çalyp oturan Tarhandy. Daýysynyň başy kel bolar öýdüp agysyny goýan oglanam Gulgeldidi. Olaryň arasyna düşen bolsa, şu kündügini käsä sarkyryp oturan Garrybaýdy.

Ataly-ogla geçmişlerini ýatladyp, olary allowarralardan aýlan saz gutardy. Çoluk saçagy getirdi-de orta atdy. Onuň gapdalynda ullakan, gyrasynyň ýasylygy el ýaly çanak goýdy. Üç adam elini ýuwup, çanagyň daşyna egrildiler. Olar çörek dograp başladylar. Gora gömlüp bişirilen ýer petiri entek gatap ýetişmändi. Ol barmaklaryň güýjüne ýeňillik bilen döwlüp dogralýardy. Ine, bir bölejik çörek syçrap honda düşdi. Garrybaý syçran çöregi alyp agzyna atdy-da, kümşüldäp oturyşyna:

— Bu gün, näme, myhman geläýjekmikä? — diýip, her gezek çörek dogranda aýdýan sözüni gaýtalady.

— Näçe gün bäri çörek syçraýar weli, biz-ä gelýän myhman göremzok — diýip, Gulgeldi seslendi.

— Oba huruşlyk gerekdir, basym gelseler gerek — diýip, Garrybaý çopan ýene bir dişlem çöregi agzyna atdy. Ol çörek dogranda hemişe şeýledi. Hem dogrardy, hem iýerdi, eliniň dek durmaýşy ýaly agzam dek durmazdy. Haçan görseň kümşüldäp durandyr. Ol özüniň şol gylygyny aklamak üçin:

— Nahardan öň birki agyz gury çörek iýmek sogapmyşyn — diýerdi.

Iner golak oňa: “Garrybaý öňürti çöregini iýýär, soňundan çorbasyny içäýýär” diýip degerdi.

Çörek dograp bolandan soň, Gulgeldi çanagy tegeläp alyp geldi. Gaýnap duran gazanyň gulaklaryndan tutaç bilen tutup, gazma ojakdan ýokary göterdi. Içindäki çorbany şo durşuna çanaga eňterdi. Ol çanagy gaýtaryp getirende, çanak erňegine çenli doludy. Ýaňy dogralan çöregiň üstüni gara gowurdaklar örtüpdi.

Üç adam ýeňini çermäp, çanagyň başyna geçdi. Garrybaýdan başgasy ýekedyz otyrdy. Diňe çopan aýbogdaşyny gurupdy. Ol eliň aýasy ýaly ýalpakdan uly hywa çemçesiniň uzyn sapyndan tutdy. Çorbanyň o ýanyny, bu ýanyny basyşdyrdy-da suwundan susup alyp owurtlady. Ol özüniň şol hereketini üç gezek gaýtalady-da, çemçäniň sapyny suwça geçirdi. Ilki Tarhan, soňra Gulgeldi çopanyň edişi ýaly, çorbanyň suwundan üç gezek owurtlady. Tarhan Gulgeldiden iki ýaş uludy.

Garrybaý bürgüdiň penjeleri ýaly ellerini çanaga urdy. Gowurdagyň birini barmaklary bilen sermäp aldy-da, ony iki bölüp, bir penje dogramany elinde ykjamlady. Soňra pişigiň kellesi ýaly edip, agzyna saldy.

Birsellem hiç kimden ses çykmady. Gödeňsi penjeler dogramany gowzap ugran çanagyň bir böwründe tokgalaýardy. Soňra ony jüýje göteren çaýkel ýaly göterýärdi-de, agyzlara atýardy. Dogramany gapyp alan agyzlarda ol oda düşen gar tokgasy ýaly şobada eräp gidýärdi. Çorba syrygýan syňraklary, barmaklary ýalaýan diliň, dodaklaryň şapbyldysy eşidilýärdi.

Nahary hemmeden soň başlanam, barmaklaryny yhlas bilen ýalap, hemmeden öň gaýra çekilenem çoluk boldy. Onuň yzyndan suwçy gaýra süýşdi. Barmaklaryny ýalady. Garrybaý dogramany penjesine düýrläp durşuna:

— Näme yza çekilýäň? Iý-dä! — diýdi.

— Bereket bersin, köp iýdim, süýji çorba bolupdyr — diýip, suwçy ýagly elini aýagyndaky köneje gyzylbaş çarygyna oýkady.

Garrybaý iň soňuna çenli iýdi. Çanagyň gyralaryna ýelmeşip galanyny elleri bilen syryp aldy. Halys gutaransoň:

— Ýalaşdyr, oglum — diýip, Gulgeldiniň öňüne süýşürdi. Özi bolsa Tarhanyň edişi ýaly barmaklaryny şapladyp-şapladyp ýalandan soň, çarygyna oýkady. Soňra ykjamlanyp, oglunyň çanagy ýalap bolaryna garaşdy. Gulgeldi sag eliniň süýem barmagyny çanagyň içine yhlas bilen aýlady, ony keýp edip ýalady. Ol gerk-gäbe doýanam bolsa, şeýdip ýalany ähli iýen çorbasyndan süýji ýalydy. Ol şeýle bir arassa ýalady welin, soňundan çanaga suw çaýkap, ýuwup oturmagyň geregi hem ýokdy.

Gulgeldi çanagy beýläk aýrandan soňra, Garrybaý goşawujyny ýokary göterdi. Dogany dodaklaryny müňküldedip içinden sanady. Doga gezek gelende, Garrybaýyň hem gory Tarhanyň çalýan heňlerinden köp däldi. Gaýta azdy. Garrybaý garyplyk zerarly Hafizulla işanyň mekdebine gatnap bilmändi. Her anna güni molla bermeli bir saçak çöreg-ä beýlede dursun, ol öz iýjeginem tapanokdy. “Bir garny dok bolsa, bir garny aç” diýilýänlerdendi. Balagynyň uzynlygy dyzyndandy, köýnegi göbegini zordan ýapýardy. Egninde köneje agar çäkmenden kiçeldilip tikilen çäkmeni, aýagynda gyşyna hamçarygy, tomsuna çepegi bolardy. Ol eklenje kömek bolsun diýip, obanyň owlak-guzularyny bakardy. Onuň üçin mekdep, kitap diýilýän zat elýetmez bir zatdy. Garrybaý:

— Bereniňe şükür — diýip, gapdala gyşardy. Çoluk towsup turdy-da, köneje ýassygy kakasyna oklady, köne oýlugy getirip üstüne ýapdy. Soňra boş meşigi göterip, guýa tarap ugrady. Tarhan name işlejegini bilmän, töweregine garandy.Garrybaý çopanyň gök eşeginiň henizem gaňňasynyň aýrylmandygyny, gaňňany aýyrmak hiç kimiň ýadyna düşmändigini görüp oňa ugrady.

Çopan şo ýatyşyna uklajak boldy. Ol ýadawdy. Uzyn gije şöwür çekipdi. Onuň dabanlarynyň aşagy, injikleri bir mylaýym syzlaýardy. Arkan gaýşyp, oňurgalaryna ýazgynlyk berende, ukusy gelýän ýaly, dynjyny alýan ýaly bolýardy. Gözüni hol günbatarky egne dikip, kä süzüp, kä açyp ýatyrdy. Hemişeler ol şeýdibem uklaýardy. Bu gün welin uklamak nesip etmedi. Ol eýmenç tisginip tirsegine galdy. Görýän zatlarynyň düýşüdigini ýa-da hakykatdygyny biljek bolýan ýaly gözlerini yzly-yzyna gyrpyldatdy. Gany depesinden aşak basan ýaly, birden endamy sowap giden ýaly boldy. Ýüzi eýmenç üýtgedi. Ýok ol düýş görenokdy. Onuň gören zatlaryny eşegiň gaňňasyny aýryp ýetişmedik Tarhanam, gowa bilen çekip alan suwuny meşige guýjak bolup duran Gulgeldem görüpdi. Edil Garrybaýyň ininiň tikenekleýşi ýaly olaryňam ini tikenekläpdi, depe saçlary düýrügipdi. Onuň gören zatlary hakykatdy.

Tarhan ylgap, çopanyň ýanyna geldi. Ol eýýäm uklandyr öýdüpdi. Ony oýarmakçy, oňa duýdurmakçydy. “Çopan birden gapyl galaýmasyn” daýip ylgapdy. Çopan gapyl däldi. Ol gaşyny çytyp, gündogarky egne seredip, indi gözüni gyrpman, tiňkesini dikip ýatyrdy.

Olaryň üstüne abanan bela atlylardy. Egniň üstüne atlylar çykdylar. Olar on iki atlydy. Özlerem atlaryny bärik howlukman sürüp gaýtdylar.

Gulgeldiniň beren ýalyny iýip, häzirem çopanyn ukusyny goraýan ýaly, onuň hol beýle ýanynda garysyny ýassanyp ýatan Garagöz bilen Goýmat ilki bir kellelerini galdyrdylar, gulaklaryny dikeltdiler. Atlylaryň oýa inip ugranlaryny görensoňlar, seslerini çykarman, şo tarapa hasanaklaşyp gitdiler.

Parslarda “Wepalylygy itden öwren” diýen nakyl bar. Itleriň eldeki bolaly bäri, adamlar bilen dostlaşaly bäri on alty müň ýyl geçipdir diýýärler. Şunça ýylyň dowamynda öz dostlugyny aýap saklaýan itleriň ýalagyna wepalydygy hakynda bir topar rowaýatlar aýdylýardy. Käbir rowaýatlarda itler adamlara garanda has wepaly edilip görkezilýär. Şol rowaýatlaryň käbirini Garrybaý Gulgeldidir Tarhana-da aýdyp beripdi.

Garrybaý itleriň yzyndan seredeninde, güýçli ýeliň ugruna batly togalanyp barýan iki düýp ullakan bozagan ýaly olar honda böküp, hasanaklap barýardylar. Häzir olary hiç bir güýç yzyna gaýtaryp biljek däldi. “Atylan ok daşdan gaýtmaz” diýilýänleridi.

Bu itler Garrybaý bilen indi üç ýyl bäri süriniň yzyna düşüp ýör. Gije diýmän, gündiz diýmän, olary möjekden garawullaýardylar. Özlerem gaty duýgur itler. Şular bolsa süriniň golaýyna möjek geljek gümany ýok. Olar möjek bilen iki gezek garpyşdylar. Her gezegem möjekler zordan gaçyp gutulýardylar. Özlerem ýaralanýardylar, möjeklerem ýaralaýardylar. Goýunlara welin olaryň dişinem degirtmän saklardylar. Öten ýazyň başlarynda iki bolup bir ene möjegi aldylar. Köp sürä barmagyny batyryp, käsinde mallary ýaralap, käsinde ýolma-çekme ogurlap, heniz ele düşmän ýören möjekdi. Garrybaýyň sürüsiniň töwereginde-de birki gezek görnüpdi. Ol itlerdenem Iner golagyň guran gapanlaryndanam sypyp gelýärdi. Ony men diýen itleriň dört-bäş sanysyny alyp yzarlabam gördüler. Ähli möjeklere degişli bir häsiýet bar. Möjekler dynç alanlaynda öz gaçyp gelýän taraplaryna seredip ýatýarlar. Şonuň üçinem olar yzarlap gelýänleri uzakdan görýär. Görşi ýaly gaçyp gidýär.

Soňky gezek weli oňa sypara maý bolmady. Ýassynlar ýatan süriniň entäk öräýmedik wagty Garagöz bilen Goýmat gozgalaň tapyp ugrady. Olar süriniň yga tarapyna aýlandylar. Olar uzak garaşmadylar. Möjek golaýlan bolara çemeli, ikisi birden hasanaklaşyp gitdiler. Garrybaý eli egri taýakly olaryň yzyndan eňdi. Ol baranda iki it möjegi ara alypdyr. Olaryň biri möjegiň alkymyndan agyz urupdyr. Beýlekisi onuň gulagyny çeýneýär. Garrybaý elindäki gazma taýagy bilen bir inderende, möjegi burup atdy. Onuň oňurgasy ýazan bolsa gerek.

Garrybaý ölen möjegiň hamyny günortan suwa inende, goşa alyp geldi. Itleriňem üsti gyzyl gandy. Halys ýadawdylar. Howa yssy däldi. Şonda-da olar has-has edip, dillerini sallaşyp ýatyrdylar. Garrybaý: — Gulgeldi, hol ak işşegi soý — diýip, gygyrdy.

Itlere guýruk ýagy bermelidi. Ýogsa olaryň dininiň harap bolaýmagy ahmal. Möjek bilen tutluşan itlere guýruk gapdyrmak öňden gelýän dessurdy. Onsoňam itler ol işşegi gazanypdy. Gaplaň öldürene bir sygyr, möjek öldüreňe bir işşek ata-baba gelýän däpdi.

Bu itleriň birini, Goýmady Garrybaýa öz obasynyň adamlary beripdi. Garagözi bolsa başga bir obadan bir öweç berip alypdy. Ine, şol iki it häzir sapandan sypan daş ýaly bolup atlylara, tarap dazyrdap barýardy. Öňden gelýän at olaryň bolup gelşinden ürküp, tas ökjäni göteripdi. At oýurganyp ugrandan soň, üstündäki onuň jylawyny çekdi. Ürküp gaçmaga maý bermedi.

Ikinji atlynyň gylyjy günüň şöhlesine ýyldyrym çakan ýaly lowurdap gitdi. Itleriň biri depe saçyňy düýrükdiriji eýmenç waňkyryp, aşyr atdy. Şol ýykylyşyna-da gaýdyp galmady. Beýleki özüni gylyçdan gaça saklap, esli wagt jabjynyp-jabjynyp üýrdi. Onam başga bir gylyç ýere ýazdy. Atlylar hiç bir zat bolmadyk ýaly, olaryň deňinden geçip gaýtdylar. Itleriň öldürilendigini görüp ýatan Garrybaý ýerinden turdy. Taýagyny alyp, olaryň öňünden çykdy. Ol taýagy endik boýunça alypdy. Bir taýak bilen on gylyjyň garşysyna etjegiň näme? Oňa çopanyň akyly ýetýärdi.

Türkmeniň ozaldan gelýän däbi boýunça aňyrdan gelen adam gelen ýerine, atly adam pyýada, ýaş kiçi adam ýaşula salam bermelidi. Bu ýerde ol däp bozuldy. Garrybaý olara salam berdi. Ýöne gelenleriň salama mätäçligi ýok bolara çemeli. Olar “Waleýkim” diýmegiň ýerine diňe gaşlaryny çytdylar. Atlaryny tabyrdadyp, ýatan süriniň töweregine aýlandylar.

Çagyrylmadyk myhmanlaryň arasyndaky başy düňderilen kersene çalymdaş, ýokarsy tegelenip duran mele telpekli, sary murtly, sary sakgaly müçenek bilen bejerilen gyzyl ýüzli, hyrsyz adam öňe saýlandy. Galtamanbaşynyň şu adamdygyny Garrybaý soraman aňdy. Oňa bir zat aýtjak boldy, ýetişmedi.

— Çopan — diýip, galtamanbaşy ondan öňürdip gürledi: — Maly biziň aýdan ýerimize sürseňiz-ä, size zat degmän goýbereris. Diýenimizi etmeseňizem ikiňizem ýenjip, eliňizi-aýagyňyzy sarap, şu ýerde taşlap gideris.

Çopan galtamanbaşynyň ýalan sözlemeýändigini duýdy. Ol çopany, çolugy daňyp, sürini alyp giden galtamanlar hakda telim hekaýat eşidipdi. Wagty bilen yzyndan hiç kim barman, çopandyr çolugyň açlykdan horlanandyklaryny, bir-biriniň ýanyna süýşenekläp, daňyny dişleri bilen çözendikleri hakynda gürrüň edýärdiler. Ine, şol eýmençlikleri öz başlaryndan geçirmeli boldular. Şeýdip, indi obanyň göz dikip oturan maly gidibermeli bolarmy? Bulary galtamanlara taladyp, oba nä ýüz bilen barsyn? Näme-de bolsa, gaýtawul bermeli diýip oýlanan çopan taýagyny götermänkä, birden tisginip gitdi. Ony bu niýetinden el çekmäge mejbur eden zat galtamanbaşynyň ýaňky aýdan bir sözi boldy. Ol “ikiňizi” diýdi. Bular üç ahyry. Hany Gulgeldi?

Garrybaý ýalt edip, guýa tarap seretdi. Gulgeldi suw getirmäge gidipdi ahyry. Guýynyň başynda ne Gulgeldi, ne-de başga adam görünýär.

— Ýeri, çopan, sen näme diýersiň? — diýip, sary murtly ýene-de Garrybaýy gyssady.

— Näme göçüň geçip barýamy? Ýa-da “Ogry syrty gowşak” diýen ýaly gorkýaňmy? Günäň üstünde tutularyn öýdýäňmi? Barybir tutularsyň. Bu gün tutulmasaň, erte tutularsyň — diýip, Garrybaý azmly gürledi. Galtamanbaşy oňa jogap bermedi. Ol elindäki gamçy bilen Tarhanyň ýagyrnysyny syrdyryp aldy. Suwçynyň ýüzi eýmenç çytyldy, ynjyly towlandy. Ýöne sesini çykarmady. Onuň egninde güllüje çit matadan tikilen köýneginiň, üstünden gara mytgaldan çäkmeniniň bardygyna garamazdan gerşiniň ot degen ýaly agyrandygy ýüzünden bellidi. Garrybaý galtamanbaşa gygyrdy:

— Oglana eliňi degirme! Eli ýaragsyz çagany ýenjeniň bilen Rüstem Zal boldugyň däl. Ol seniň gorkaklygyň alamaty. Sen gorkýaň, howlugýaň. Obanyň ýigitleri geler öýdýäň. Olar gelerem.

Galtamanbaşy oňa jogap bermedi. Ol Tarhanyň depesinden gamçyny ikinji gezek inderdi.

— Bar, maly sür! Näme dursuň, haramzada? Ýogsa-da... — diýip gamçysyny bulaýlady-da gaharly gepledi. Soňky gamçynyň awusyna ýegşerilen Tarhan sesini çykarman, Garrybaýa seretdi. Garrybaý sary murtla sögündi-de:

— Nätjek-dä! Sürmeli bolsa sürmeli bor-da — diýip, Tarhanyň ynjyly ýüzündäki soraga jogap berdi. Garrybaý beýle diýmese-de diýmezdi. Ol topulyp elindäki taýagy sary murtlyň depesinden indererdi. Heý, öz eliň bilen iliň-günüň göz dikip oturan malyny galtamanlara berip goýberip bolarmy? Beýdip nä sypatyň bilen oba barjak? Bu mallar Iner golakdan başlap, köýnejigi zordan göbegine ýetýän, şondan aşagy ýalaňaç, ýüzi çyr-çyrşak gum oýnap ýören çagalara çenli ähli obadaşlarynyň indiki rysgaly ahyry. Onam galtamanlara berip goýbermek çopanyň ynsabyna syganok.

Garrybaýyň ýekeje umyt edýän zady bardy. Olam edil iňňe ýiten ýaly gürüm-jürüm bolup ýiten Gulgeldidi. Ol guýa girendir. Diýmek galtamanlar ony görmändirler. Gören bolsalar “ikiňizi” diýmezdi. Her zat ederler, ony guýudan çykarjak bolardylar. Dagy ýagdaýyny tapmasalar guýyny gömerdiler. Gulgeldi şo ýerde. Biz goly boşadaýsak, ol çykyp gider. Oba habar ýetirer. Ýigitler ýetişer. Şol umyt bilenem çopan “Sürmeli bolsa sürmeli bolar” diýipdi.

Tarhan henizem sesini çykaranokdy. Ol şu ýagdaý başlanan wagty oýa ýatan çopany yralap, “Atlylar gelýär” diýipdi. Şolam iň soňky sözüdi. Şondan soň ýagşydan-ýamandan dilini ýarmandy. Ol häzirem Garrybaýa gözleri bilen sorag berdi. Çopan ona:

— Guýa tarap seretme — diýip, ýuwaşlyk bilen aýtdy. Suwçynyň şol tarapa telim gezek seredeni Garrybaýyň gözüne ilipdi. Çopan ony galtamanlaryň aňaryndan howatyr edýärdi. Şonuň üçin basymrak goldan çykanyny kem görmedi. Ol:

— Sömelip durma-da, maly sür. Ýa-da ýene gamçy iýesiň gelýärmi? Bular başga zada husydam bolsalar, şoňa jomartdyrlar — diýip, suwça tarap gygyrdy. Suwçy kümäniň gapdalynda ýatan täzeje gazma taýagyny aldy.

Bu gazma taýagy edinenine köp wagt geçmändi. Düýn-öňňin hol gaýraky gollaryň birinden inerini alyp gelýärkä, ýalazy ýapyda oturan syrdym uzyn sözene gözi düşüpdi. Onuň düýbüni eli bilen peşäp gazdy. Ol hemme sözenlerden taýak bolmaýanyny, gazma taýaklyk sözeniň gollarda däl-de, ýalazy ýapylarda, ak urpaklaryň gerşinde ösýändigini, şolaryňam arasynda iki-ýeke saýlama sözenlerden bolýandygyny bilýärdi. Düýbüniň ýogynlygy taýaga ylaýykdy. Tarhan onuň ýerini belläp gaýtdy. Soň eliniň boş wagty pil alyp, Gulgeldi bilen ýörite gelip gazypdy. Sözeniň gazylan düýbi bir gulaçdanam geçipdi. Ony pil kynlyk bilen çapdy. Gor ýaly gyzgyn çägede bekäp ösen sözeniň düýbüni çapmak üçin iki sany işşekçer jahyl süllümbaý derledi. Tarhan ony tejribeli çopanyň edişi ýaly, iki tarapynam pyçak bilen ýonup timarlady. Oda sokup gorsady. Eltutaryň aşak ýanyndan birgaryş ýerini ýonup nagyşlady. Bu çopanlaryň endigidi. Mallaryň çep gulagyndan, sag gulagyndan gädip tagmalaýyşlary ýaly, taýaklaryna-da öz nagyşlaryny çekýärdiler. Mal ýitende ýa-da süri garyşanda mallary şol tagmalaryndan tanaýyşlary ýaly, taýagam öz nagyşlaryndan tanaýarlar.

Tarhan sünnäläp nagyşlan, çagalykdan arzuw eden gazma taýagyny alyp, sürä tarap ugrady. Ýaňy ýatan sürini kynlyk bilen örüzdiler. Peýwagtyna bolanda süri entek ýatmaly. Gün öýleden agandan soň onuň özi örüp ugraýar. Çopanyň etmeli zady onuň yzyna düşübermeli. Onsoň ýassyna çenli gitdigidir. Ýassynlar goýun ýene ýatar. Çopanyň öz bellije goýny bardyr. Goýun çopanyň bir döwüm çöregini iýmek üçin onuň ýanyna geler. Çopan bilindäki ýüpi alyp, ujundaky halkany nançy goýnuň boýnundan geçirer-de, beýleki ujuny öz goşaryna daňar. Daňdan süri ýerende ýatan goýny dyzap çopany turzar. Çopan ýene süriniň yzyndadyr. Şol ýerden ol süriniň ýüzüni guýa tarap öwrüp ugrar. Edil şu günki edişi ýaly gün guşluga galanda, süri suwa eňer. Giç öýlänlerem örer.

Bu gezek ol kada bozuldy. Goýunlara-da, çopana-da irkilere, dynç alara maý bolmady. Oňa-muňa dabyrdaşýan atlylar ýaňy ýatan goýunlary örüzdiler. Çopan bilen Tarhan sürini sürüp goldan çykardylar. Dogrusy sürini sürýän atlylardy. Çopan bilen Tarhan olara kömek edýärdiler.

Süri goldan çykanda, Garrybaýyň özem yzyna seredenini duýman galdy. Ony galtamanlaryň biri gördi. Ýöne ol hiç zat aňmady. Olar üçin bu gol iki sany itiň maslygy bilen çopanlaryň çöp çatmasy galan goldy. Garrybaý üçin bolsa ol entek uly umytdy. Oňa guýynyň agzyndan oglunyň kellesi görnüp giden ýaly boldy.

Süri galtamanlaryň görkezen ugruna tarap süýşüp ugrady. Öz wezipelerini ýerine ýetirip, eýelerine wepalydyklaryny subut edip, söweşde wepat bolan itleriň pikirini edip barýan Garrybaý sürini howlukdyrman öz maýdalyna sürüp gitdi.


5-nji bap: INER GOLAK

Barat pälwan bilen hoşlaşyp ýola düşen Ahalyň keýpi kökdi. Kämahal öz ýanyňdan bir adama baha berýäň. Onuň bilen duşuşyp, gürleşeniňde, şol beren bahaň tersine bolup çykýar. Sen oňa duýgur, aýtjak zadyňa ýeke sözüňden düşünip durandyr öýdýäň. Ol “Türkmeni dürtmeseň duýmaz” diýlen ýaly böwrüne hürsekläýmeseň duýmaýan, söz manysyny bilmeýän mahluk bolup çykýar. Sen oňa agrasdyr öýdýäň. Ol bolsa eňegine jaň kakylan ýaly ýaňra, onda-da aýdan sözi ýele sowrulýan arpa gylçygy ýaly sowrulyp duran ýaňra. Sen jomartdyr öýdýäň, ol syňragyndan syryganyny ýalap oturan syrnyh adam bolup çykýar. Garaz, seniň akdyr öýdeniň gara, uzyndyr öýdeniň gysga, süýjüdir öýdeniň ajy bolup çykýar. Sen öňki pikirleriňden düýpgöter el çekip, ondan dänmeli bolýarsyň. Olaryň gös-göni tersine pikir etmeli bolýarsyň. Olam başaşak ýörän ýaly täsir edýär. Şonuň ýaly bolanda adam gürrüňdeşindenem, özündenem nägile bolýar. Ähli keýpi pozulýar.

Ahalyňky onuň tersine bolup çykdy. Ol Barat pälwan barasynda ýalňyşmandyr. Ol pälwany daşyndan görüp, akylly-paýhasly, mert adamdyr diýip ýördi. Onuň bilen gürrüňdeş bolanyndan soň, özüniň henizem bärden gaýdýandygyny duýup galdy. Şonuň üçinem onuň keýpi göterildi. Üstesine-de bahar howalasy. Şol howala keýpini hasam göterýärdi.

Käte şeýle zadam bolýar. Asmanyň ýüzi agar çäkmen bilen syrylan ýaly, kir-kimir ýok. Diýseň arassa, mawy aýna ýaly owadan. Birdenem uzaklardan nokat ýaly gara bulut görünýär. Ol garalybam baranok, aýrylybam gidenok. Şol arassa, mawy asmanyň görküne ujypsyzja zeperini ýetirip dur. Şonuň ýaly şadyýan, keýpiň kök wagtyň bir ujypsyz ünji kalbyň giň terüniň bir ýerinde döreýär. Ol ulalanogam, aýrylanogam. Teniňe batan gyldyrgan ýaly özüniň şol ujypsyz ünjüsini ýetirip durýar.

Ahalyňam kalbynda şol gyldyrgan ýaly ujypsyz ünji döredi. Olam Barat pälwan bilen alamançylyk, galtamançylyk hakynda eden gürrünlerinden galan gyldyrgandy. Ahal Eýranyň serbazlarynyň alamançylyk, talaňçylyk edeninde, ony meslikden artykmaç güýçlerini nirä sarp etjeklerini bilmän edýändirler öýderdi. Asyl olaryň gidere ýeri bolmasa, alaman, talaň olaryň ýalňyz eklenji bolsa nätjek. Diýmek, talaňçylygyň gutarjak wagty ýok. Onuň aňyrsy görünmeýär.

Şeýle seredeniňde talaňçylyklaryň, uruşlaryň bolmagyna hanlar, şalar däl-de serbazlar, nökerler, garamaýak halk sebäpkär ýaly bolup görünýär. Olar öz eklençleri üçin uruş başlamagy hanlardan, şalardan talap edýärler. Ol ýöne seredäýeniňde şeýledi. Aslynda onuň başga sebäpleri bar. Hanlar, şalar olary şeýle etmäge mejbur edýärler. Serbazlaryň iki aýagynam bir gonja sokýardylar. Hak tölenmese, ekere ýeri bolmasa, işläre, ölmez-ödi gazanara ýagdaýy bolmasa dagy adamlar nätsinler?!

Şol pikirleri kellesinde aýlap gelýän Ahal obanyň çetinden girenini duýmady. Hol ýerde çagalar üýşüp ýaý atýarlar, ylgaýarlar, gülüşýärler. Şolaryň birem Salyr bolmaly. Oba çagalarynyň arasynda öz paýynyň bardygynyň buýsanjy Ahala lezzet berýärdi. Çagalaryň biri çep eli bilen ýaýyň bilinden gysymlap, matadan ýarym gulaç ölçäp aljak ýaly, sag eli bilen ok ötürilen kirşi dartyp, gursagynyň deňine getirip çeneýärdi. Ahal ony tanady. Ine, şol oba oglanlarynyň arasyndaky paýy Salyrdy. Ol sag elindäki kirşi goýberdi. Kirişden sypan ok awuna okdurylan elguş ýaly çöpüň başyna ildirilen omaça süňke tarap süýnüp barýardy. Ok nyşana degdimi-degmedimi, ondan Ahalyň habary ýok. Ýöne ýaňky ok atan Salyryň gözleri atla düşdi. Kakasyny tanady. Ol ýaňky atylan peýkam ýaly oglanlaryň arasyndan sogrulyp, Ahala tarap okdurylyp gaýtdy. Onuň gelýänini görüp, Ahal atdan düşdi.

— Kaka, sag-aman geldiňmi? — diýip, Salyr onuň. gujagyna doldy.

— Geldim, oglum. Özüňizem gurgun otyrmysyňyz? — diýip, gop berip ata mündürdi-de atyň jylawyndan tutup, gapdaly bilen ýöräp gitdi.

— Seni Ilaman kakam sorady. Seniň şu gün geljegiňi şondan eşitdim — diýip, Salyr atyň üstünde oturan ýerinden aýtdy.

— Näme üçin soranyny bilmediňmi?

— Ýok, sen özuň “uly adamlara beýle sorag bermeli däldir” diýipdiň ahyry. Ýöne obaň ýaşululary Iner agalara üýşdüler. Şally aga-da, Goňur aga-da, Nurahmet kakamam şolarda. Bir maslahat edýärler öýdýän.

Ahal Iner golaklaryň hataryna göz aýlady. Ol ýerde gybyr-sybyrlygyň bardygyny gördi. Semawarlaryň daşynda Iner aganyň gelinleri pyrlanýardy. Elinde çäýnek göterip öýe giren Ilamanyňkydy. Kädini egip, semawary dolduryp duran Ýolamanyň gelnidi. Jaýyň töwereginde daňlan atlar bäş-on bardy. Nurahmediň ogly Handanyň Sekili, Ilamanyň gyry, Garamergeniň küýküsi...

Ahal atlaryň hemmesini tanaýardy. Şol atlara seredip, Iner golagyň öýünde kimleriň bardygyny aýdyp bolýardy. At gapa gelensoň Salyr atdan böküp düşdi. Ahal Dorbedewiň jylawyny sypyrdy, onuň deregine uýanyny ildirip, Salyryň eline berdi-de:

— Ata bir suw görkez — diýip, horjuny eline alyp öýe girdi. Salyr guýa tarap towsaklap ylgap barýardy. Dorbedew bolsa ýuwaşja öňňürdikläp, onuň gapdalyndan galanokdy.

Ahal öýe gireninde, Aksona tara dokap otyrdy. Matalda “O ýan geçer dor atym, bu ýan geçer dor atym, aýagynda gyl tanap süýräp geçer dor atym” diýilýän mäki irmän, eýläk-beýläk gatnaýardy, mäki her gezek geçende jark, jark edip darak jarkyldaýardy. Ahalyň içerik girenini görüp:

— Sag-aman geldiňmi? — diýip, Aksona aýaklaryny gozakdan çykardy. Ol Iner aganyň ogly Ilamanyň iki gezek sorap gelenini aýtmakçy bolanda:

— Ony eşitdim. Salyr aýtdy. Barmaly bolsa baraýarys — diýip, Ahal başyndaky ak telpegini silkdi. Ony çep eline geýdirip, sag eli bilen buýralaryny düzedişdirdi. Içinden ýelýyrtan ýaglygy alyp, çalaja çygjaran ýüzüni süpürdi. Ýaglygy ýene telpegiň içine salyp, telpegi geýdi.

— Men olara bir görnüp gaýdaýyn — diýip, daş çykdy-da, guýa tarap seretdi. Salyr guýynyň çarhyny aýlap, gowany çekýärdi. Ýöne çarhyň jygyldysyny Ahal eşidenokdy. Ol eşidilerden ara daşrakdy. Bir eli suw kädili aýal guýynyň başyna bardy. Olaryň näme gürrüň edenini Ahal bilenokdy. Ol diňe Salyryň guýudan gowany çekip alyp, şol aýalyň kädisiniň üstüne egendigini gördi. Ol aýalyň beren taňryýalkasynyny eşidenok, ýöne Ahal ony ýüregi bilen duýdy. Ogluna guwandy, myssa ýylgyrdy.

Ahal Iner golak diýilýän adamyny kakasy ýaly görýärdi.

Abaly serdaryň asly Ýandakly obasyndan däldi. Ol Durun etrapyndan Halçapyk diýilýän adamyň, uly baý bolmasa-da, atly adamynyň ogludy. Onuň Iner awçy bilen tanyşlygy geçen uruşda başlanypdy. Şol wagt Ahal iki ýaşynda ekeni. Onuň kakasy Kesearaçdan ýygnalan jigitlere serdarlyk edipdir. Iner awçy Abaly serdaryň iň ýakyn görýän müňbaşysy eken. Soňra Abaly serdar özüniň ýakyn kömekçisi hem maslahatçysy edip alypdyr. Abaly serdaryň özi uruş gutarmanka, bir dönügiň atan peýkamyndan ölüpdi.

Iner golak ony Ahala şeýle gürrüň beripdi. Abaly serdar goşunyň ol toparyndan beýleki toparyna barýan ekeni. Sazakly gola inenlerinde olaryň öňünden gara ýapynjaly eýran serbazlarynyň eşiginde bir gara atly çykypdyr. Ol şo golda öňden garaşyp duran bolara çemeli. Ol öňden taýýarlap duran ýaýynyň okuny goýberip, atyny ýüzin salyp gidipdir. Ok Abaly serdaryň çep gursagyndan degipdir. Ýigitleriň bir topary gara atlynyň yzyndan eňipdir.

Hasyr-husur atdan agan Iner awçy Abaly serdaryň ýykylmagyna maý bermändir. Ony gujaklap düşüripdir. Ýanyndakylaryň biriniň suw gabynda galan suwy azajyk-azajykdan agzyna damdyrypdyrlar. Gara atlyny tutup, elini-aýagyny daňyp atyň yzyna tirkäp getirenlerinde, Abaly serdar kellesini galdyryp “Ahalyň hossary ýokdur, Iner. Senden başga hossary ýokdur” diýipdir. Iner awçy Ahaly öz ogly ornunda saklamaga, ulalansoň öýermäge, hossar çykmaga söz beripdir. Ölen adama berlen söz mukaddes sözdür. Ol anty-kasamdanam ýokary tutulýar.

Uruş gutaransoň Abaly serdaryň maşgalasyny Iner awçy Ýandakly obasyna göçürip getiripdir. Şu obanyň maşgalasy hökmünde ýer-suw bernpdirler. Şeýdibem Iner awçy Ahalyň hossary bolup galypdyr.

Dul galan Halbikä serdaryň yzyny ýitirmän saklamak üçin Iner awçy bütin maşgalasy bilen goltgy beripdir. Onuň hojalygynyň mal-garasynyň dargamazlygyna kömek edipdir. Iner golak Abaly serdar bilen dostlugyny şeýle berjaý edipdir.

Öz kakasyny atan dönügiň kimdigini Ahal soň, eýýäm ýigit çykanyndan soň eşidipdi. Iner aganyň aýtmagyna görä, ol goňşy obadan Abak baýyň Hasar diýilýän ogly ekeni. Ol alamançylyga gidende ele düşenmiş. Şol mahal Kesearkaja garşy uruş bolup, Maşadyň Ryzagulydan öňki hany ony jansyz bolmaga yrypdyr.

Şol zatlary pikir edip barýan Ahal Iner aganyň özüni çagyrmagyny geň görenokdy. Onuň ilkinji çagyryşy, ilkinji gezek ýumuş buýruşy däldi. Ony geň galdyrýan, howsala salýan zat Iner agalaryň öýüniň töwereginde jylawy gaňtarylgy duran atlaryň känligidi. Ol öýe golaýlaberende, gapydan Ilaman çykdy. Ol iki elini uzadyp:

— Ahal kaka, salawmaleýkim — diýip, onuň bilen görüşdi.

Oňa Ahal kaka diýmeginiň sebäbi Ilaman ondan üç ýarym ýaş dagy kiçidi. Abaly serdar aradan çykansoň, uruş uzaga çekmän gutarypdy. Urşuň gutaran ýylam Iner awçyň ekizleri Ilaman bilen Ýolaman dünýä inipdi.

— Bu nämäniň tutumy? — diýip, Ahalyň beren soragyna Ilaman:

— Bu ýerde eglenip durma-da, öýe gir, öýde aýdarlar — diýip, iki eli bilen onuň elini saklap durşuna idip öýe saldy. Gapydan girip:

— Ynha özem geldi — diýip, içerdäkilere ýüzlendi. Içeriniň dymyljyk howasy burnuna uran Ahal özüne sabyrsyzlyk bilen garaşylandygyny öýdäki adamlaryň keşbinden, olaryň hereketlerinden aňdy.

Iner golagyň uly jaýynda on-on bäş adam bardy. Tördäki ýaşulular diýäýmeseň, olaryň köpüsi ýeke dyzynyň üstünde otyrdylar. Olar ýigitlerdi.

— Gelen bolsaň, howwa — diýip, Iner golak bu çakylygyň, bu howsalanyň sebäbini mälim etdi. — Köwreýikli guýusyndaky ýoz çekenäni, howwa, galtamanlar sürüpdirler. Ine, çoluk geldi — diýip, Iner golak burça gysylyp, ýygrylyp oturan Gulgeldini görkezdi-de, sözüni dowam etdi. — Olar on adam, biz ynha, seniň bilen, çolugyň özi bilen sekiz adam jemledik. — Sekiz adam az däl. Ýöne galtamanlar kimler-kä? — diýip, Ahal soragly nazaryny Gulgeldä tarap aýlady.

— Olar saňa atlaryny, gelen ýerlerini aýdar durarlar öýdýärmiň? — diýip, Garamergen torsarylyp aýtdy. Ol şu çakylyga Ahalyň çagyrylmagyny gysganyp otyrdy. “Ýadap gelýän adama azar bermäliň, özümiz oňararys” diýipdi.

Şu ýedi ýigidiň arasyna Ahaly goşdurmajak bolup, Garamergeniň dyzamagynyň öz sebäbi bardy. Ahalyň bar ýerinde serkerdelik, ýigitleriň baştutany bolmak oňa ýetjek däldi. Onuň bolsa baştutan bolup gidesi gelýärdi. Goýunlary galtamanlaryň elinden aljagyna ol ynanýardy. Şol eden işiňe daýanyp, toklularyň birini öldürmegem, çölde şagal mesligi etmegem bolar. Ol işi edeniňden soňra, toklyny il-gün saňa bagyşlar.

Çölüň açyk howasy, baharyň maýyllygy, mylaýym öwüsýän şemal. Ojar oduň üstünde jyzyrdaýan çişligiň işdäňi açyjy ysy. Seniň buýrugyňa tabyn bolup duran oglanlar. Olar göwnühoşluk bilen seniň agzyňa çişlik tutup berýärler. Çopanyň kündügini gaýnadyp, käsä ajy gök çaý guýup uzadýarlar. Her owurtlaňda diliňi gaşap gidýän awyternek ýaly gök çaý. Sen bir han adam. Hanlyk bolsa Garamergeniň arzuw edip ýören zady. Goý azajyk bolsun. Azajygam bolsa eşret ahyry. Ýöne welin ynha Ahal gelip gapdaldan sokjaryldy. Iner golak indi ýigitleriň baştutany edin Ahaly bellär. Garamergen bolsa onuň sag goly bolar. Baştutan näme diýse, näme buýursa “Lepbeý aga” diýip ylgamaly. Ynha Ilaman ýaly. Garamergen beýle bolmagy halanok. Onuň “Ýadap gelen Ahala azar bermäliň” diýenem, “Olar saňa adyny aýdarmy?” diýip, torsarylmagam şonuň üçindi. Onuň içki dünýäsinden bihabar Ahal:

— Kimler diýýänim, kürtlermi ýa türkmenlermi diýip soradygym — diýip, ýüzüni Garamergene tarap öwürmän aýtdy. Şu soragy bereninde, Ahalyň göz öňüne gelen zat Barat pälwan bilen onuň ýoldaşlarydy.

— Özi-hä türkmenler. Ýöne bu golaýyň türkmenleri bora çemeli däl — diýip, çoluk öz çaklamasyny mälim etdi.

— Maly nirä sürdüler?

— Ilerik, Eýrana tarap.

— Onda ullakan howsala düşüp durasy işem ýok — diýip, Ahal arkaýyn gürledi. — Olar Şorguýuda düşlemeli, maly suwa ýakmaly bolarlar. Şorguýa bolsa ertir, günortadan bäri barmazlar.

— Olaryň aňyrdan Garçgaýyň üstünden gitmegem mümkin — diýip, Şally baý gürledi.

— Gulgeldiniň gaýdanyndan olaryň habary ýok. Olar arkaýyndyrlar.

— Çolugyň olaryň ýadyna soňrak düşmegem ahmaldyr.

— Ahmaldyr. Ýöne Garrybaý dagy başga gürrüň tapyp, howwa, çolugyň gizlenip galanyny aýtmazlar. Olaryň, howwa, ýalňyz umydy çoluk ahyry — diýip, Iner golak bir eli bilen gujagyndaky ýassygy düzedip oturyşyna aýtdy.

Öňünde goýlan çäýnegiň ajy çaýyny gaýtaryp, Ahal “Howwa” diýip, öz sözüni tassyklap gürleýän şu mähriban adamyny, özüniň uly hossary bolan adamyny, nebsewürlik bilen synlady. Onuň çep eli çigninden ýokdy. Ona Ahalyň ýüregi gyýlyp gitdi. Ahal onuň iki eliniň bar mahalynam bilýärdi. Bir elini aldyryşy hakynda Iner awçynyň özi şeýle gürrüň beripdi. Kesearkaçda awçy az däldi. Ýöne awçylar hakda gürrüň etseler, ilki Iner awçynyň adyny tutup, gürrüňi şondan başlardylar. Günleriň birinde Iner awçy “Erek daglarynda bakylýan sygyrlara gaplaň azar berýärmiş” diýen habary eşidýär. Bu habar Iner ýaly zandyna guýma awçylary gozgaman, olaryň agzyny suwartman durup-biljek däldi. Ol habary eşideninden gidermen boldy. Kerwen ussa ýasadan gapanlaryny suwuk torba salyp, eýeriň gaşyndan asdy. Sapy sünnälenip ýasalan, jezwerlenen, tygasy garyş ýarym jöwher pyçagyny gyny bilen biline gysdyrdy. Geçen uruşda göteren gylyjyny egninden asdy-da atlandy.

Gaplaňyň geçýän ýerlerini, suwa inýän güzerini aňtap Iner awçy kän aýlandy. Çopanlardan, çoluklardan sorady. Olar gaplaňyň nirede sygyr atanyny görkezip bilýärdiler. Ýöne ol ýerden gaplaňy taparmyň. Olar aw eden ýerinden gatnap ýören bolsalar bolaýmajakmy? Oýuň suwa inýän çeşmesini, güzerini, heý bolmanda suwa geçýän ýoluny tapsaň başga gep. Gaplaňlar suwa gatnaýan ýoluny, inýän güzerini aňsat üýtgetmeýärler. Şolary tapsaň, Iner awçynyňky ýalam gapan tapsaň, gaplaňyň derisini gerdeniňde sallanyp duran hasap edäýmeli.

Herki zada yhlas gerek. Yhlas akyla, paýhasa, güýje ýarpy diýse bolar. Şol aýdylýan zatlaryň her haýsynyň gapdalyndan yhlasyň bolmagy zerur. Aýdaly güýjüň bar. Ýöne göreşde ýykmak üçin, agyr ýük götermek üçin yhlasam gerek. Kyn ýagdaýdan baş çykarmak üçin akyl-paýhasam, guralam, höwesem bar. Şolaryň daşyndan yhlas gerek. “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar” diýip, ýöne ýere aýdylyp goýberilen zat däl.

Iner awçy yhlas bilen aňtadam, gaplanyň yzyny tapdam. Onda-da ne yz. Gaplaňlaryň bir endigi bar. Olar aw atansoňlar iýenini iýip, galanyny gömüp goýýarlar. Haçan ajyksalar, agtaryp iýip ýörler. Il arasynda “gaplaň eti porsadyp iýermiş” diýen gürrüň bar. Şol gürrüň gaplaňlaryň şol edehätinden gelip çykan zat bolsa gerek. Iner awçam gaplaňyň “Ajygamda iýerin-dä” diýip, gömüp goýan maslygyna duş geldi. Ol darajyk zawda keserip ýatan iki sany ullakan daşyň arasyndady. Oňa iki tarapyndan ýol bardy. Iki daşyň arasyna ýa gündogarsyndan ýa-da günbatarsyndan girmelidi. Iner awçy gapanlaryny gaplaňyň iki daşyň arasyndan giräýjek ýerlerinde gurdy. Ol indi awyň ganly boljagyna şübhelenmeýärdi. Gapanlaryny häli-şindi barlap durýardy.

Ol çopanlaryň goşundan çykanynda, gün öýle bolupdy.

— Gün gijigiberende gelmesem, howwa, şol görkezen ýerime baraýgyn. Onda gaplaňyň gapana düşdügidir — diýip, ol çoluga tabşyrdy.

Awçy gapanlary guran ýerini çoluga görkezipdi. Onuň: “Baraýgyn” diýip beren tabşyrygynam “Başymdan bela iner-ow, çoluk meni halas etmeli bolar-ow” diýen maksat bilen däldi. Ol ýöne gaplaňyň hamyny almaga kömek gerek bolar öýdüpdi. Awçy bela injegini, özüniň agyr ýagdaýa düşjegini bilenokdy. Şol bilmezligi bilenem gapanlaryň gurlan ýerine, özüniň duşjak aýylganç ýagdaýyna, agyr emgege tarap ýöräp barýardy.

Awçy özüniň ýörite taýýarlan bukusyna golaý geleninde, gaplaňyň gapana düşendigini gördi, synlady. Onuň bir öň aýagyndan, birem art aýagyndan düşen gapanlar ony sypdyrarly däldi. Onda-da zynjyr bilen daşa baglanan gapanlar gaplaňy duran ýerinde çüýläpdir. Oňa pugta göz ýetiren awçy gylyjyny syryp, daşlaryň aňyrsyndan çykdy. Ony gören gaplaň agzyny hatap ýaly açyp, dişlerini syrtardyp, arlap, özüniň ezraýylyna towusdy. Duşmanyny ýüzüniň ugruna gabyrdadyp basjakdy. Ýöne gapanlar oňa beýtmäge maý bermediler, towusjak bolup dyzanyndan güýlüp atdylar.

Ýalaw ýaly gylyç gaplaňyň çat maňlaýyndan degdi. Maňlaýy iki bölünen gaplaň duran ýerinde agdaryldy. Aýagyny birki gezek kakdy. Şonuň bilenem gutardy. Awçy gylyjy bilen gaplaňyň o ýanyna bu ýanyna dürtekledi. Janynyň çykandygyna kemsiz gözüni ýetirip, gylyjynyň ganyny onuň derisine süpürdi. Ony gynyna salyp, gapdaldaky daşyň üstünde goýdy. Jöwher pyçagyny alyp, gaplaňy soýmaga başlady. Bu gaplaň üçin oba oňa iň bolmanda bir tüwe, ýa-da bir sygyr berjekdi. Bu uly aw. Onsoňam “Pylan obanyň sürüsine gelýän gaplaňy Iner awçy awlapdyr” diýen sözüň özi nämä degmeýär. Şol pikirleriň astynda maňlaýy çygjardy. Goly bilen derini sylyp goýberdi. Öl içinden “Çoluga irräk gel” diýmeli ekenim” diýip oýlandy.

Ol soýup oturan gaplaňyny ýarpylap barýardy. “Emgek göz bilen gaşyň arasynda” diýleni. Emgek bolsa onuň üstüne edil şo wagt geldi. Töweregine üns bermän işläp oturan awçy serpmeden gaýdan ýaly boldy. Bir wagyrdy gulagyna ildi. Bu gelen bela gaplaňdy. Öňki gaplaňyň ýoldaşydy. Ol munuň şeýledigini daş gaýdan ýaly bolup, üstüne gaplaň özüni oklandan soň bilip galdy.

Gaplaňlaryň jübüt bolup ýaşaýandygyny Iner awçy gözi bilen görmese-de, ol hakda köp gürrüňler eşidipdi. Ýöne şu ýatan gaplaňyň höwrüniň bardygyny hiç kim bilmändi. Çopan, çoluk ol hakda hiç zat aýtmandy. Üstesine-de ätiýajy elden berdi. Ýogsa onuň bir wagt aradan çykyp giden halypasynyň, baryp otuz ýyl mundan öň aýdan sözi: “Gapan gurup, awlaýanyň gaplaň bolsa, özüňem gapanlaryň arasyndadygyňy unutmagyn. Ätiýajy sähelçejik elden berseň, özüň gapana düşersiň:.. Özüni durnalar ýaly ätiýaçlydyryn öýdüp ýören Iner awçy şu gün seresapsyzlyk edip gapana düşdi.

Gaplaň üstüne zyňanyndan Iner awçy çep elini onuň agzyna tutdurdy. Sag eli bilen jöwher pyçagy işledip ugrady. Jöwher pyçak Iner awçynyň aýtmagyna görä ikinji gezekde gaplaňyň ysgynyny alypdy. Ol ikinji, üçünji... onunjy pyçagy urup, gaplaňy süýndüripdi. ýene gaplaňam awçynyň çep elini çeýnäp harap edipdir.

Ahal Iner awçynyň düýäniň üstüne kese daňlyp getirilenini görüpdi. Nurbibi gelnejesiniň ýüzüni penjeläp “Waý!” diýip, ýykylanyny görüpdi. Ol on ýyl mundan öňdi. Iner awçynyň gaplaň bilen dikleşip urşanyny eşidip, onuň batyrlygyna agzyny açypdy. Beýle edermenligi özüniň hiç wagt oňarmajakdygyna gynanypdy. Onda-da ýüregine gyldyrgan batan ýaly bolup gynanypdy. Iner kakasyny bejertmek üçin uzak ýerlere, Maru-Şahu-jahana gidip, tebip getiripdi. Ondan-mundan çagyrylyp getirilen tebipler Iner awçynyň çep goluny çigniniň iki barmak aşak ýanyndan kesip aýrypdylar. Şondan soň ona golak lakamy galypdy.

Ýolbars bilen, gaplaň bilen ýörite dikleşýän pälwanlar bolanmyş diýip, Ahal köp eşidipdi. Olar çep gollaryna köne keçe, garagurum diýen ýaly zatlar bilen sarar ekenler. Ony ýyrtyjynyň agzyna tutduryp, pyçaklaryny işleder ekenler. Ahal ol zatlara ynanybam duranok, unabam duranok. Ol edermenlik däl, ýerliksiz töwekgellik, ýeňilkellelik hasap edýär. Ahal “Onuň ýaly adamlar Iner golagyň gunüne düşseler aljyrar, ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmezler, heläk bolarlar” diýen pikire ynanýar.

Ahal ahyr pikirlerden soň ýene häzirki hakyky ýagdaýa gaýdyp geldi. Ony bu ýagdaýa gaýdyp getirenem Iner golagyň sesi boldy.

— Şu gitjek ýigitlere baştutanlyk etmegi, hawa, Nurmuhammet serdar saňa tabşyrsak diýýär. Şeý diýdiň dälmi, hawa — diýip, Iner golak özüniň sag tarapynda çep tirsegini ýassyga ýaplap aýaklaryny ýygryp gyşaran Nurahmet serdara seretdi. Elindäki käsäni ýerde goýan serdar başyny atyp:

— Ras aýdýaň — diýip, onuň sözüni tassyklady. Serdaryň bu tassyklamasy kime ýarasa-da, Garamergene ýaramady, özünden üç ýaş kiçi Ahalyň öňe sürülmegini, özi barka ýigitlere baştutan edip Ahalyň bellenmegini islänokdy. Şonuň üçinem Nurahmet serdaryň tassyklamasy oňa peýkam bolup sanjyldy. Ol sözi içagyryny, ötläni çeken ýaly çekdi. Onuň çytylan maňlaýyny, içiniň burlup gidenini hiç kim aňlamady. Onuň gözünde oky ýokdy. Oky bolsa serdaram, Inerem, Ahalam duran-duran ýerinde çüýlejekdi. Arman oňa güýji ýetenokdy. “Garynjanyňam bilini bilip bogupdyrlar” diýleni-dä.

Garamergen: “Kelläm symyljap dur, içim agyrýar” diýip müň bahana tapyp galasy geldi. Ýöne gurt degende, Goýmada diýilýän nakylyň özüne-de diýiljeginden "çekindi. Onsoňam baştutanlyga, şöhrata ölemen dyzaýanlygynyň sepi açylaryndan gorkdy. Eger şo sep açylaýsa, ýaşulularyňam oňa bolan ynamy gaçjakdy. Şolaryn ynamy gaçansoň şöhrat üçin atygsap duran arzuwyň bilen hoşlaşaý. Haýsy bir ýumuş bolanda-da baştutan belleýän, seniň abraýyňy, şöhratyňy göterjek ýene şol ýaşulular. Şolar gara diýse garasyň, ak diýse aksyň.

Ine ýaşulularyň arasynda kakasy otyr. Olam şolaryň biri. Oglunyň peýdasyna kelam agyz söz aýdanok. Näme üçin? Edil şolar bilen dilleşen ýaly, ýa bir zat diýmäge golakdan çekinip ýörmükä? Ýa-da oglunyň Ahaldan pesdigine, emelsizdigine olam ynanýarmyka? “Olar öz aralarynda dilleşendirler. Kakamam şolara ynanandyr ýogsam agzy mumlanan ýaly beýdip oturmaz ahyry”.

Iner golak gapydan girip, iç işikde ellerini owkalap duran Ilamana seretdi. Onuň gözlerindäki sorag alamatyna düşündi. Gujagyndaky ýassygy aýryp:

— Hä-ä, taýýarmy? Onda adamlaryň elini ýuwduryberiň, hawa — diýdi.

Adamlar daşaryk, açyk howa çykdylar. Ilaman bilen Handanyň hersiniň elinde uzyn jürnükli, ýaýbaň gulply eýran kündügi bardy.

Oglanlar sag eli bilen kündügiň gulpundan, çep elleri bilen jürnüginden tutup, ýaşulularyň eline suw akdyryp başladylar. Ýaşulularyň ellerini ýuwduryp bolansoňlar, Ahalyň eline suw akdyryp başlan Ilaman:

— Ahal kaka, bileje gidýäs — diýip, özüniň gizläp bilmedik begenjini daşyna çykardy.

Ol munuň ýaly ýumuşlara öňem gidipdi. Ýöne galtamanlar, garakçylar bilen entek ýüzbe-ýüz duşup görmändi. Şu gezek duşaryn, jarka-jarka gylyçlaşaryn diýen umydy bardy. Öz deň-duşlary bilen çagalykdan bäri gylyçlaşyp, türgenleşip ýören Ilaman ilkinji gezek öz güýjüni söweşde synamakçydy.

Maslahata çagyrylan ýigitler nahara garaşman dagadylar. Daň tilki guýruk bolanynda, hol ilerki açyklykda ýygnanmaly etdiler. Nahara diňe ýaşulular galdylar. Ahal bilen Handany Ilaman goýbermedi.

— Meni bir nahary ýeke iýmeli etmäweriň — diýip saklady.

Öýe giren üç çanak palawyň ikisi ýaşulularyň öňünde galdy. Olar bäş adamdylar. Çanaklaryň daşyna egrilen adamlar Aýatylla işanyň bismilla diýerine garaşdylar.

Aýatylla işan Hafizulla işanyň iň uly ogludy. Hafizullanyň mundan kiçem Sadylla, Abdylla atly iki ogly bardy. Sadyllany Maru-Şahu-jahan etrapyna alyp gidipdiler. Şol ýerde oňa ýer-suw berip, ony molla edinip saklaýardylar, Abdyllany Akdaşaýak obasy äkidip, molla edinipdir. Ol Kesearkaçdady. Aýatylla işany şu obada galmaga Iner golagyň özi yrypdy. Oňa obadan dört tanap ýer beripdiler.

Hafizulla işanyň ogullary onuň özi ýaly ýetik ahun däldiler. Özi Hywada Allaguly hanyň medresesinn gutarypdy. Hywa “Miskaýi fizilan”, ýagny “alymlar öýi” diýlip ýöne ýere aýdylmaýardy. Onda dünýäniň iň güýçli alymlary, ahunlary, hatamlary jemlenipdi. Hafizullanyň özi şolardan sapak alyp, çykan ahundy.

Onuň ogullary medresäni görmändiler. Olary işanyň özi okadypdy. Ol Hywadan gaýdanynda iki sandyk kitap alyp gaýdypdy. Olaryň arasynda “Kasasyl enbiýa”, “Hoja Ahmet Ýasawy” diýen ýaly kitaplaram bardy. Hafizulla ogullaryny okadanynda diňe “Epdek” bilen “Rownak” bilen çäklenmedi. Olara “Gurhandan”, “Hadysdan” daşgary şol getiren kitaplaryny “Käfiýanam”, “Şemsiýanam”, “Haşiýanam” okatdy, öwretdi. Şeýdibem ogullaryny mollalaryň, ahunlaryň meýlisine, ylym, kitap hakdaky çekeleşigine goşular ýaly, nämäniň şerigata gelip, nämäniň kowahata sygmaýandygyny aňşyrar ýaly, edipdi. Üstesine-de “aňyrsy ýanar otmuş” diýilýän işanlardan, öwlatlardan iň ýokary gatlak hasap edilýän magtym tiresindendi. Şonuň üçinem Aýatylla obanyň diňe bir mollasy däl, haýyr işi, şer işi seljerip, şerigat bilen ölçäp oturan kazydy. Aýatylla işan:

— Serdar aga, alyberiň — diýip, onuň ýaşyna hormat goýup aýtdy.

Aýatylla Nurahmet serdardan kiçidi. Nurahmet oňa: “Amanmy” diýýärdi.

— Alyň onda, bismilla — diýip, Aýatylla işan sag eliniň ýeňini ýokaryk çermäp, penjäni palawa urdy. Onuň yzyndan ýaş tertibi boýunça Nurahmet serdardan başlap, Ilamana çenli ýeke-ýekeden nahara ellerini uzadyp başladylar.

Naharyň başynda gürläp oturmak gelşiksizlik hasap edilýärdi. Işandanam söz çykmansoň, adamlar sessiz nahar iýýärdiler, hem öz pikirleri bilen gümradylar.

Aýatylla işanyň pikiri hüşür-zekat hakyndady. Şu obada hüşür-zekady iň köp berýän Şally baýdy. Ýöne Aýatylla onuň hüşür-zekat berşine henizem müňkürlik edýärdi. “Gyzyl-kümüş şaýlardan berilmeli zekat kyrkdan bir bolmaly”. Şally baý ýüzden birinem berýän däldir” diýip, işan şübhelenýärdi. “Onuň gyzyl şaýlary gaty köp bolmaly. Berýän zekady diňe Garamergeniň aýalynyň dakynýan şaý-sepiniň agramyna-da ýetenok. Onuň bilen ýerini, wagtyny tapyp, ol dünýäde soraljak hasap-hesipden, musulmançylygyn bäş şertinden, şol şertleriň biri bolan hüşür-zekatdan gürrüň etmeli. Şu gün şoňa maýam boldy”.

Şally baýyň ol zatlardan habary ýokdy. Onuň pikiri şu ýyl ýazyň aýaklarynda, tomsuň başlarynda Maşadyň, Maru-Şahu-jahanyň, Hywanyň bazarlaryna sürüljek mallar hakdady. Öten ýyl diňe Maşadyň, Maru-Şahu-jahanyň bazarlaryna gidýän sürülere öz mallaryny goşupdy. Bu ýyl Hywa mal sürülende oňa-da goşsam diýen pikiri bardy. Ol mal äkidip satýanlara-da müňkürdi. Olar malyň bahasyny doly berenoklar, gizleýärler. Şally baýyň eşitmişine görä, mal satmaga gidýänler doýup geläýýärmişler. Elbetde, işan aganyň aýdyşy ýaly ogurlyk edenler ol dünýäde dowzahda ýanar. Ýöne ondan Şally baýa düşýän zat ýok. Onda ýanýan biri ýakýan biri.

Şu ýyl Naryz kürti ýa-da Garamergeni Hywa mal sürýän adamlara goşsam diýen pikiri bar. Kesearkajyň köp obalaryndan, haýsam bolsa, bazarlaryň birine iberiljek mallar bir ýere ýygnanýar. Süriniň ýany bilen sürekçilerden başga-da ony satjaklar, ony galtamanlardan gorajaklar, atly-ýaragly jigitler gidýärler. Garamergeni şoňa, Naryz kürti sürekçilere goşsa boljak. Naryz kürt hiç wagt baýyň gepinden çykmajak wepaly gul. Şally baý ony öýerdi. Onuň edil özi ýaly alamana gidip getirilen kürt gyzyny tapdy. Toý berdi. Beýle dabaraly, beýle uly bolmasa-da, toý tutdy.

Naryz kürti öýermegini Şally baý özüniň adamkärçiligi diýip hasaplaýardy. Aslynda onuň öýerilmegine säbäp bolan zat Şally baýyň gabanjaňlygydy. Baýyň öýünde-de gelin bardy, gyz bardy. Naryz bolsa daýaw, owadan adam. Ony öýüň golaýynda saklamak ot bilen därini bir ýerde goýan ýaly bir zatdy. Naryz kürtsüz bolsa öý oňup biljek däldi. Odunyňa-da, suwuňa-da, oragyňa, döwegiňe-de şol Naryz kürt ýetişmelidi. Masgaraçylygyň öňünden gaçyp Şally baý oňa ürç edip gelinlik gözläpdem, tapypdam, öýeripdem.

Palawyň üstünde ýatan gapyrgalaryň etinden bir eliniň barmaklary bilen saklap, beýleki barmaklary bilen dörjeläp, bir tokga palawy jemlän, bölek etini şoňa garyp tokgalan Iner golagyň gözüniň öňüne ýaşlyk ýyllary gelip geçýärdi. Gözleri ýanyp turan Iner awçy Abaly serdaryň sag goly, attutary boldy. Onuň ýakyn kömekçisidi. Ol serdaryň: “Iner ýet, Meredaly pälwana aýt, goý, ol duşmanyň sag gapdalyndan gondalaw berip dursun” diýip, at üstünden üzeňňä galyp, gamçysyny uzadyp durşuny görýär.

— Lepbeý, serdarym — diýip, Iner awçy atyň başyny öwürýär. Türresine gamçy degen bedew toýnaklarynyň astyndan gum çägesini düýrmegi bilen zyňyp ak urpakdan aşyp gidýär.

Hawa, Abaly serdar... Ahalyň oňa bir almany iki bölen ýaly meňzeşdigini! Ahalam serdar bolmaga mynasyp ýigit.

Ertir daň entek agaryp-agarmanka atlanarlar. Onuň ýany bilen bolsa öz ogly Ilaman gider. Arman uly oglunyň, Ýolamanyň ýoklugy. Ony bir ýumuş bilen Akdaşaýak obasyna iberipdi. Ol ertir geler. Bular gidensoňlar geler. Bähbit bolsun. Ilaman gidýär. Şoňa şükür. Ahal edil Abaly serdar ýaly atyn üstünde üzeňňä galar. “Ilaman, ýet, pylan zady pylan et diýer”. Ilaman: “Lepbeý, agasy” diýip, ata gamçy çalar. Iner golak öz içinden: “Ömrüň gaýtalanmasy ine şudur” diýip oýlandy.

Aýatylla işanyň eliniň ýagyny mesisine süpürip, gaýra çekilmegi Iner golagyň pikirleriniň arasyna düşdi.

— Işan aga, çekilme, howwa, baryndan iýip otur — diýip, Iner golak barmaklaryny ýalap aýtdy.

— Iýdim, bereket bersin. Tüweleme, süýjem bişirilipdir — diýip, Aýatylla işan nahary öwdi.

— Palaw diýilýän zady howlukman, köp wagtyň dowamynda iýmelidir — diýip, Şally baý öňe omzady-da, sözüniň üstüni ýetirdi. — Palawdan doýulmaýar. Ýöne çak bolansoň boldy ediläýýär. Men-ä barmaklarymyň ujy ýygyr-ýygyr bolýança iýýändirin.

Şally baýyň aýdýanynyň ugry ýok däldi. Ol kelte boýly togalak adamynyň nahardan doýan wagty ýokdy. Özi aýdyşy ýaly “Indi çak boldy” diýip goýardy. Häzirem onuň garny daşyna aýlanyp gidipdi. Ol başyna tahýa atylan ullakan suwkädä meňzeýärdi. Şonda-da bürgüdiňki ýaly penjesi palawy garbap alyp, pişigiň kellesi ýaly tokgalap agzyna oklaýardy.

Adamlar ýeke-ýekeden gaýra çekildiler. “Iý-dä” diýip, olaryň hersine mürähet edildi. Her kim köp iýenligini aýdyp nahary öwdi.


6-njy bap: ŞORGUÝA ÇENLI

Çekenäni halas etmek üçin ýola düşmeli atlylar bellenen ýere ýygnanyp ugranda, gündogar tarapda symgylt zolak emele gelipdi. Ine bu daň tilki guýruk boldy diýilýän wagtdy. Ýigitleriň ikisinden başgasy ýygnanypdy. Entek gelip ýetişmedikleriň biri Garamergendi, beýlekisi Nurahmet serdarlaryň goňşusy Atagulydy.

— Handan, Ataguly turmadymyka? — diýip, Ahal özi ýaly dor bedewli ýigitden sorady. — Bir-ä bir turupdy.

Handan sözüniň yzyny aýtmanka, ümrüň içinden çykan ýaly bolup atly göründi.

— Hanha, gelýärem asyl — diýip, Handan sözüniň üstüni ýetirdi. Ataguly ýoldaşlary bilen salamlaşandan soň, Garamergene bir käse çaý içer salym garaşdylar. Gündogaryň symgylt zolagy barha ulalýardy, agarýardy. Gädile-gädile oraga dönen aý dik depede görünýärdi. Aýyň ýagtylygy diňe özüniň bardygyny bildirmäge ýetýärdi.

Aýa gözi düşen Ahal ejesiniň: “Dört tirkeşikleriň soňky aýam aýaklap barýar” diýeni ýadyna düşdi. Bu aý türkmenlerde ýigrimi dokuz günden ybarat aýlaryň biridi. Indiki aý Rejep, soňky Meret, Meretden soňam Oraza aýy. Bu bolsa tomsuň yssy wagtlary, günüň uzyn wagtlary bolar. Ahal agzyny beklänok. Ýöne ejesi selälige turanynda oýanyp, onuň bilen çaý içmekden lezzet alardy. Her ýylda diňe bir gün selälige ýörite turardy. Olam gadyr gijesi diýilýän gijedi. Şol gün naharam iýýärdi, agzynam bekleýärdi. Tomsuň ot ýaly uzyn günlerinde agyz beklemegiň nähili kyndygyny ol bilýärdi.

Gadyr gijesi selälige turýan, agyz bekleýän bir özi däldi. Özi ýaly ýigitleriň köpüsi şeýledi.

Ol suwsardy, agzy kepäp, dodaklary ýarylara gelerdi. Şonda-da bir owurt suw içsem diýen pikiri ýokdy. Ol beýleki özi ýalylar suw içýärmiş diýip eşiderdi. Ony özüne erk edip bilmezlik, ejizlik hasap edýärdi. Öten ýyl Garamergen bilen bir ýerden gelýärdi. Ikisiniňem agzy beklidi. Bir guýudan atlaryny suwa ýakdylar. Şonda Garamergen:

— Hiç ýerde gürrüň etmäweri, men-ä suw içmesem öljek — diýip, Ahala ýalbardy. Ahal:

— Men seniň suw içeniňi göremok. Görsem aýdaryn — diýip, Dorbedewiň jylawyndan tutup, alyp gitdi. Garamergen hezil edip suw içdi. Ahal ony görmedi. Dogrusy görmedik boldy.

Ýigitleriň biriniň:

— Wagt-a boldy — diýen sesine Ahal pikirlerden açyldy. Daşyna garanjaklap:

— Ilaman, bar, Garamergeni turzup gaýt — diýip, sag gapdalynda duran ýigide ýüzlendi. — Lepbeý, agasy.

— Oňa aýt-da, yzymyzdan ýetiber — diýip, Ahal atyny gündogar demirgazyga tarap sürüp ugrady. Atlylar çat manlaýlarynda lowurdap duran ak ýyldyzy indi gördüler. Şu daň ýyldyzydy. Yrymçy ýigitler ony gowulyga ýordular.

Obanyň itleri atlylary ysyndan tanaýan ýaly, jabjynyp topulmadylar. Käwagt bir “haw-haw” edip ýaltalyk bilen üýrdüler. Olam “Sag-aman gidip geliň, ýoluňyz ak bolsun” diýip, pata berýän ýalydy. Atlylar sessiz-üýnsüz, ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup obadan çykdylar.

Agşamky garalyp ugran asman topragy, paşyrdap oturan otlary birkemsiz ezipdir. Soňam bulutlar para-para bolup tüýdülipdir. Olaryň her ýerde bir bölegi galypdyr.

Asman alabaharyň garly meýdanlaryna meňzeýär. Gije gar meýdany kemsiz ýapar. Soňra bulut syrylyp, ertesi gün çykar. Ýeri keçe bolup ýapan gar erär. Meýdana seretseň guzaýlarda ýatan garlara gözüň düşer. Asmanyň buludam häzir edil şonuň ýalydy. Howadan gök otlaryň ysyna garylan, duýgyňa lezzet berýän mylaýym ys burnuňy gaşaýardy. Otlaryň terligi howa-da geçen ýalydy. Günortadan öwüsýän şemal çigrek däldi. Bu bolsa gündiňiz has mylaýym maýyl boljakdygyny aňladýardy.

Atlary gaty sürenokdylar. Olar öz ýorgasyna barýardylar. Toýnaklaryň sesi çala eşidilýärdi. Olaryň aýaklarynyň astyndan käwagt bir guş pysyrdap uçýardy. Ýöne atlaram olaryň pysyrdysyna ürküp ýa-da kürtdürip duranokdylar. Munuň ýaly wagt ýola düşseň beýle pysyrdynyň boljakdygyny bilýän ýalydy. Atlylaryň ýüzi barha gyzaryp, altyn öwsüp duran daňlaga tarapdy.

Esli ýöränlerinden soň Ilaman olaryň yzyndan ýetdi. Barşyna Ahalyň gapdalyna dykyldy-da:

— Häzir gelýär. Baramsoň turuzdylar. Arkaýyn ýatan ekenler — diýdi.

Soňra hiç kimden ses çykmady. Atlaryň şol gidip oturyşydy. Toýnaklar “typyrt-typyrt” edip birsydyrgyn seslenýärdi. Howa bolsa şol agaryp gidip otyrdy. Günüň dogjak ýeri kömür etmek üçin gandymyň depe ýaly üýşürilip goýlan közüne meňzeýärdi. Heý bolman-da, Ahal ony şoňa meňzedýärdi. Ol her ýyl kömür edýärdi. Öten gyşam iki sebet kömür taýýarlap öýe getiripdi. Şol kömür henizem gutaranok. Ol semawar üçin iň ykjam, iň amatly odun. Semawar ýeke gysym kömür bilen gaýnaýar. Iki sebet kömür diýilýän zat bir tomsuň semawaryny bütin töwerekleri bilen oňarýar. Ýöne kömri diňe gandymdan taýýarlamaly. Gandym diýilýän agajam beýle bir üýşüp ýatanok, çöpläp almaly. Ahal kömri ogly Salyr bilen taýýarlapdy. Şonda: “Näme üçin kömri diňe gandymdan taýýarlamaly, sazakdan, çerkezden kömür edip bolmaýarmy? Näme üçin gumda sazak köp-de, gandym, sözen ýaly agaçlar az?” diýip, oňa sorag baryny ýagdyrypdy...

Ýylgynlynyň düzüne girip ugranlarynda, gün dogjak-dogjagyň üstündedi. Günüň dogjak ýeri güberilip görünýän äpet güle meňzeýärdi. Onuň aşagy gyzyl, ýokarsy sargylt reňkdedi. Güwläp ýanýan ýalna meňzeşdi. Asmandaky bölek-bölek bulutlara heniz dogmadyk günüň şöhlesi düşüp, mis jam ýaly gyzgylt öwüsýärdi. Şo bulutlaryň gyrasy mise hasam meňzeşdi. Mämişi bilen garylan solgun gyrmyzy reňk. Oňa türkmenler narynç reňk diýýärler. Garamergen atlylar Ýylgynly düzlüginiň çetinden girip ugranlarynda, olaryň yzyndan ýetdi. Atyň birneme gyssalandygy, howlukmaç sürlendigi onuň dem alşyndan görnüp durdy. Elbetde, at entek çygjarmandyr. Onsoňam muňa Küýki diýerler. Ýöne-möne zada çygjarýan at däldir. Onuň gyssalyp sürlendiginem diňe Ahalyň seýis gözleri aňypdy. At çalaja sojaýardy.

— Tas ýalançy bolupdym. Şu bela tabşyrsamam turuzmandyrlar — diýip, Garamergen gele-gelmäne öýdäkilerine igenip ugrady. Öýdäkileri ony wagtynda turzupdylar.

— Gitjek bolsaň wagt-a boldy. Horaz gygyrýar — diýip, ony yralapdylar. Garamergen turmany kyn görüp, horazy biwagt gygyrmakda aýyplady. Oňa erbet sögünipdi.

— Beýle horazy palawa atmak gerek — diýip, beýlesine agdarylyp ýatypdy. Ýigitleriň ýanynda bolsa günäni öýdäkileriň üstüne atdy. Hiç kim onuň sözüne hawa-da diýmedi, ýogam. Atlar birsyhly typyrdaklap öňe ümzük atyp barýardylar.

Gözýetimden keýik sürüsiniň tapyrdaşyp barýandygy ýolagçylaryň gözüne ildi. Janawarlar atlylary uzakdan gören bolmaga çemeli. Olar ýyndamlykda köplenç wagt özlerinden rüstem gelýän bedew atlar bilen aýak synanyşmagy onçakly halap baranoklar. Şeýle ýaryşlaryň özleri üçin hasratly gutarýandygyny bilýärdiler. Şonuň üçinem uzakdan atlyny gördügi, golaýlaşaryna garaşyp durman, ökjäni götermek bilen bolýardylar. Atlylardan açygrak bolanlaryny kem görenoklar. “Olar ynha düýeden gaçanokmyşlar” diýip gürrüň edýärler. Düýä bukulyp, olaryň has golaýyna, peýkam ýeter ýaly ýere barýanlaram, şeýdip aw edýänlerem barmyş. Ahal olar hakda edilýän myş-myş gürrüňleri eşitse-de, entek şeýle aw edilenini gözi bilen görmändi.

Atynyň sojap duranyna garaman, Garamergen keýiklere tarap ümledi.

— Biri-ýarymy alnaýsa-ha kem bolmazdy. Şorguýuda çişlig-ä bolardy — diýip yjaza soraýan ähende gürläp, Ahalyň ýüzüne seretdi. Ahal oňa seretmän:

— Sen ozalam bir gezek aw edipdiň, ýadyňa düşýärmikä? — diýip, şol içinden owlak çykan keýik hakynda ýatladyp aýtdy.

Awa dyzmaçlar diňe Garamergen däldi. Rugsat berilse Handanam. Ilamanam, beýlekilerem dyzmaçdy. Gözleri ýanyp duran ýigitler atlary bir derledenlerini kem görenokdylar. Şonuň üçinem Ahal sözüniň üstüni ýetireninde, hemmeler eşider ýaly edip aýtdy.

— Ýaz aýlary keýikleriň guzlaýan wagty bolýar. Şonuň üçinem häzir aw etmek gowy däl. Onuň ýagdaýyny Iner agadan gowy bilýän adam ýokdur. Şol “Aw etmek häzir bolmaz” diýip aýdýar.

Iner awçynyň ady orta düşensoň ýigitleriň dyzmaçlygy ýatdy. Bu ýigitleriň ýanynda Iner golagyň aýdany edil daşa ýazylan kanun ýaly görülýärdi. Ony halamaýan, onuň diýenine pisint etmeýän diňe bir adam bardy. Olam Garamergendi. Gözünde oky bolsa Iner golagy bir pursatam saklajak däldi. Gözüne ilen ýerinde serreldip taşlajakdy. Arman, güýji ýetenok-dy. Garynjanyň bilini bilip bogupdyrlar.

“Bir wagt gaplaň awçynyň bir elini çeýnäpdir. Ol şonda durşuna çeýnän bolsa oňat bolardy. Onda gojany ilem ýigrenmezdi, Garamergenem”. Hawa, ol ilem diýip aýtdy. Garamergeniň özi ýigrenensoň, ony ilem ýigrenip ýörendir, heý bolmanda, ýigrenýän adam başga-da köpdür öýdýärdi. Ine “Ogram özüne osar, orramsam” diýilýän nakylyň manysy şu bolsa gerek. Eger Ahal bilen ikiçäk bolan bolsa onda şo duýgularyny daşyna çykarsa-da çykarardy. Häzir bu ýigitleriň öňünde oňa bogny ysmady. Diňe “Bolýar eken-dä” diýip, içini hümledip oňdy.

Az wagt dymşyp gitdiler. Soňra ýene ýuwaş-ýuwaşdan gürrüň başlandy. Ýene-de şadyýan şorta sözler aýdyldy. Gülküler dik asmana galdy. Käbir ýigitleriň öýlenendäki guşak çözdürişlerinden, ädik çykardyşlaryndan gürrüň açyldy. Kimdir biri çepiksiräk ýigidiň üstünden düşýärdi. Çepiksi ýigit öýlenende onuň gelni bilen geçiren ilkinji agşamyny diňläpdirler.

— “Garadolan pälwany ýykdym” diýip, gelniniň ýanynda öwünýä — diýip, Garamergen aýtdy. Çepiksi oglanam oňa sözde ýan berer ýaly däldi.

— Sen öte eşidensiň. Men Garamergen pälwany diýendirin — diýip, çepiksi ýigit gyzyp aýtdy. “Kelteje adam girrik bor” diýenleri dogry bolmaga çemeli, çepiksi ýigidiň hyrra gahary gelipdi, gulagyna çenli gyzarypdy.

— Seniň göreş tutaýmak hyýalyň-a ýokdur-da, çek atyň başyny. Ýene-de... — diýip, Garamergene janygyp aýtdy.

— Baý, senem-ä Nursähet, mis ýaly derrew gyzaýýaň-ow — diýip, Ahal ony köşeşdirjek boldy.

— Ýok, how, Ahal, bulara ynha Alyň ala meýdany diýäýmeseň, ýa-da “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn” edäýmeseň halys degnaňa degýärler — diýip, Nursähet jedirdedi.

Göreş meselesinde onuň Garamergeniň üstüne rüstem gürlemeginiň jany bardy. Göreşde Garamergeniň döwi pesdi. Ol ikisi köp göreşipdiler. Kän gezegem Nursähet ýykypdy. Bir saparky göreşde şeýle bir waka bolupdy. Garamergen bilen Nursähet kän çekeleşipdi. Kä ol dartdy, kä beýleki silkdi. Şo barmana Nursähet ony agdardy. Adamlaryň şowhuny bilen Nursähet nämäň-näme bolanyny bilenokdy. Gürpüldäp gaýdan Garamergen ýerinden turup bilmän ýatyrdy. Ýüzi edil burç ýaly dym-gyzyldy. Ony ýerinden turuzjak bolan ýigitler birden pakyrda berip gülüşdiler. Hiç zatdan habarsyz Nursähet bäsdeşiniň ýüzüne seretdi. Asyl onuň uçgury ýolnup, galyp bilmän ýatan bolsa nätjek. Bu entek öýlenmedik ýigit üçin uly masgaraçylykdy. Oňa tomaşa edýän diňe erkek adamlar däldi. Obanyn gelin-gyzlaram seredýärdiler. Bu ýagdaýy aňan gelin-gyzlar gülşüp, ýüzlerini sowdular. Şonda ýer-ä ýarylmandy, Garamergenem girmändi.

Elbetde, ony bu ýigitleriň hiç biri ýadyndan çykarmandy. Esasy ýadyndan çykarmadygam Garamergendi. Nursähetden aryny aljak bolup her hili pikir edip görüpdi. Bu ary ýerine salar ýaly däldi. Ol: “Göreşen bolup, märekäniň ortasynda birden balagyny aşak çeksem, syrtyny ýalaňaçlasam” diýibem oýlandy. Ýöne Garamergen ol pikirini ýerine ýetirip biljek däldi. Bilmejeginiňem sebäbi bardy. Ilki sebäpleriň birem güýji, emeli pesdi. Elini guşakdan aýyrdygy Garamergeniň özi öňki gününe düşäýmese-de, güpürdäp ýykyljagynyň ujy iki däldi. Nursähediň ony desse gaýtaran ýaly gaýtarjakdygyny bilip durdy. Nursähediň “Ýene-de...” diýip, Garamergene alarany şonuň üçindi. Nursähet ony ýatlamak islänokdy. Beýlekiler gürleşselerem, gürrüň etselerem, Nursähet olara goşulmazdy. Onuň häzirki gyzmasam Ahala aýdyşy ýaly halys degnasyna degipdi.

Garamergeniň şol ýykylyşyny Nursähet ýatlamasa-da, Garamergen onuň gelni bilen bolan ilkinji gijesinde diňländigini hemişe ýatlaýardy. Ilki-ilkiler, geň, gülşükli görnen gürrüňleri indi öňki täsirini ýitiripdi. Indi ol gürrüňler aýak aşagynda solan, esgi ýaly bolan gülüň ysynyň ýa-da aýdaly çomujyň gülüniň adama täsir edişi ýaly täsir edýärdi.

Bu ýatlamanyň başlanmagyna-da Garamergen özüniň sebäp bolanyny bildi. Ökünip, dilini dişledi. “Garadolan pälwan” diýen sözleri haýsy şeýtan seniň diliňe berdi?” diýip, öz-özüne käýindi. Ahalyň “Mis ýaly gyzaýýaň-ow” diýen sözi Garamergene ýarady. Ahalyň ady tutulsa seňrigini ýygyrýan Garamergeniň gözüne Ahal perişde ýaly bolup göründi.

Garamergeniň häsiýeti “Şeýtanyň şerinde, adam elinde, alty aýagy bar, guýrugy bilinde” diýilýän mataldaky terezilere çalymdaşdy. Bir söz ony göteribem bilýärdi, bir söz aşak basybam bilýärdi. Beýle häsiýeti Ahal ownuklyk, durumsyzlyk hasap edýärdi. Garamergen bolsa özüniň şol ownuklygy bilenem adamlara baha berýärdi.

Ýigitleriň öňüni giň jar kesip ýatyrdy. Jar giň hem çuňdy.

Bu sil suwunyň geçen jaranydy. Şu jaran bilenem Ýylgynly düzlügi gutarýar. Bu jarandan geçip bir salym ýörärsiň weli, belentli-pesli gum depeleri başlanar. Onsoň aňyrda Şorguýam daş däldir. Olar jaranyň darrak ýerinden atlaryny bökdürip geçdiler-de, öz gorgunyna sürüp başladylar. Ahalyň ýigitleri atylan peýkam ýalydylar. Olaryň baryp degmeli nyşanasy Şorguýudy.

Şorguýyny nyşana diýip hasap etseň, oňa tarap atylan ýene bir peýkam bardy. Şol iki peýkam Şorguýuda duşmalydy. Ikinji peýkam bir süri dowardan, on sany galtamandan, Garrybaý çopandan, Tarhan suwçudan ybaratdy. Olar ikinji tarapdan Köwreýikli guýusyndan Şorguýa tarap süýşýärdi.

Çopanlaryň ähli goşy-golamy ýüklenen gök ineri idip barýan Tarhan gaty ýadaw görünýärdi. Ol entek gijäni ukusyz, mal sürüp, şöwür çekip geçirmändi. Ol gijäniň bir wagty gaçsam diýen pikire-de geldi. Ýene ol bu ýerlere näbeletdi. Häzir öýe gaýdaýmaly bolanda-da, nirä gitjegini biljek däldi. Çak bilen kybla gitmelidir öýdýärdi. Ýöne welin iňläp ýatan bu çälüň nçinde bulutly gije niräň kybla, niräň guşlukdygyny näbiljek. Heý, bolmanda, asman bir açyk bolsady. Giçden soň gelip, asmany örten gara bulut ýyldyzlaryň öňüni gabsap durdy. Ýogsam galtamanlardan arasyny üzensoň, göni “Kerwengyran” ýyldyzyna tarap sürübermelidi. Asmandaky ýyldyzlaryň hersiniň bir ady bar. Ine, şolar açyk asmanly gijelerde çopanlara ýol görkeziji bolupdyr. Bu çölleriň her ýerinde duş gelýän çelgileriň deregini tutupdyrlar.

Ýyldyzlaryň her haýsy hakynda rowaýat bar. Olaryň birnäçesini Tarhan Garrybaýdan eşidipdi. “Kerwengyran” hakynda ine şeýle gürrüň beripdi. Gadym zamanlarda bu çöllerden bir uly kerwen barýan ekeni. Gije asmany bulut gaplap alypdyr. Kerwen bir oýda düşläpdir. Adamlar düýeleri çökerip ýatypdyr. Gije gelen bulut derrew syrylypdyr. Kerwenbaşy ony görüp adamlary örüzipdir. Düýeleriň ýüküni urup ugramakçy bolaňlarynda çat maňlaýlaryndan lowurdap ak ýyldyz görnüpdir. Adamlar şony “Daňýyldyzymyka?” diýip, şol ýyldyza tarap gidipdir. Özleriniň ters tarapa gidendiklerini olar ertesi gün dogandan soň bilipdirler. Şeýdip kerwen bu ümmülmez çölde azaşypdyr. Suwsuzlygyň derdinden heläk bolupdyr. Ine, şondan soň ýyldyzyň adyna “Kerwengyran” diýipdirler. Ozal oňa “Myrryh” diýilýän eken. Garrybaýyň aýtmagyna görä bu ýyldyz öňem halanmaýan ekeni.

Häzir şol halanmaýan ýyldyzam ýok. Galtamanlardan gyçyp gitseňem bir ýerde ertire çenli garaşmaly. Üstesine-de ýagşam ýagaýsa, bar onsoň boldugy. Ertire buýup çykarsyň.

Gije ýagyş ýagdy. Kän ýagmady. Gök ýaýlaklara agyz suwy berip geçdi. Daňa golaý bulutlar paralanyp ugrady. Bulutlar daganda gaty basym dagadylar. Tarhan asmana seretdi. Ine, bir ýyldyzyň öňi açyldy. Ýene biri, ondan, mundan biri ýylpyldap göründi. Hemmeden öňürti görnenem altyn orak ýaly aý boldy. Tarhan özüne golaýlan Garrybaýa:

— Häzir ikimizem gaçyp biljek. Asman açyldy. Obany taparys — diýdi. Garrybaý suwça seredip ynjyly ýylgyrdy:

— Bu sürini taşlap nirä gideýin? Ýok, ol-a bolmaz. Gulgeldä garaşaly. Olar bizi gözlärlerem, taparlaram.

Garrybaýdaky ynam Tarhana-da ýetdi. Ol düýäni çökerip, dynç alaýyn diýen niýet bilen düýä mündi. Hatapdan gaýrarak oturdy. Soňra azajyk irkileýin diýen pikir bilen hataby gujaklady. Gije şöwür çekenlerinde şeýdip, duýäniň üstünde gözüniň awusyny almaklyk çarwalaryň edähedidi, uklap, düýşürgäp düýeden ýykylýanlaram bardy. Ýöne Tarhan ondan gorkup duranok. Düýeden ýykylanyň bilen hiç zat bolmazmyş. Düýeler: “Meniň üstümden ýykylan adamynyň gaçan ýeri dabanymdan ýumşak bolsun” diýip dileg edermiş. Düýäniň dabanynyň nähilidigine bolsa Tarhan belet. Daşynyň hamyny aýyrsaň bylkyldap duran ak et. Düýäniň dabany ýaly ýere ýykylsaň, hiç zadam bolmaz. Ynha, eşekden ýykylsaň, ol başga gep. Eşek: “Toýnagymdan gaty ýere ýykaryn” diýermiş. Bilmersiň nämedendigini, ýöne eşekden ýykylan adam gaty ýykylýar, bir ýerini bijaý agyrdýar.

Tarhan gök ineriň üstünde hataby gujaklap, dessine irkildi. Garrybaý düýn günortanam irkilmedi. Şondan bärem aýak üstünde. Iň bärkisi eşeginem münenok. “Ol ýöräp barýarka irkilýär” diýýärler. Şo diýilýäniň dogry bolmagam ähtimal.

Galtamanlaryň hersi bir ýerden sürini sürüp barýardylar. Olar sürini howlukdyryp baranokdylar. Aç maly gyssanyň bilenem aljak galaň ýok. Süri diýilýän zadyň öz häsiýeti bar. Yzyny gyssarsyň weli, öňi duýmazam. Şol bir gidişidir. Ilki başda gyssabam gördüler. Heniz bir gol aşylmanka, atlaram, özlerem ýadadylar. Süllümbaý derlediler. Ýuwaş-ýuwaşdan özlerem köşeşdiler.

Galtamanlar “Oba habar ýeter-ow, yzymyzdan gelmeli atlylar Ýylgynly düzlüginiň çetinden girendir-ow” diýip pikir edenokdylar. Olaryň goýberen ýekeje ýalňyşy bardy. Her sürüde üç adam bolýandygyny ýa olar bilenokdylar, bilselerem ýatdan çykardylar. “Siz üç adam bolmaly, hany biriňiz?” diýip, hiç kim soramady.

Olar hiç hili howpa garaşmaýardylar. Süriniň alnyp gidilendigi hakyndaky habar oba baryp haçan ýetjek. On gündenmi, ýigrimi gündenmi? Ol belli däl. Oba bilen ýoz süriniň arasynda häli-şindi gelim-gidim bolup duranok. Şonuň üçinem galtamanlar ol tarapdan arkaýyndylar.

— Haly beg! — diýip, galtamanlaryň biri murtlak adama ýüzlendi. — Şorguýa-ha indi daş däl. Adamlara naharam bermelidir. Olar düýnden bäri käte bir döwüm çörek gemrip gelýärler.

— Dogry aýdýaň — diýip, Haly beg atynyň başyny çekdi. — Sen goýunlary sür-de baryber. Kimleri berseňem ýigitleriň dört sanysyny meniň ýanyma iber. Ol semiz işşekleriň birini alsynlar.. Biz baryp, goýun öldürip, çişlik edeli.

Haly begiň bu gürrüňi gulagyna ýaran galtaman atynyň başyny öwürdi, ony gamçylady. Az wagtdan soň Şorguýa öňürti gitjek beýleki dört atly galtamanbaşynyň gaşynda peýda boldy. Haly beg üsti Tarhanly inere tarap ümledi.

— Çolugam gitsin. Ol ýerde mallary suwa ýakmaly bolar. Düýäniň üstünde uklap oturmasyn.

Howa mazaly ýagtylansoň, ineriň üstüne bir işşegi ýukläp, bäş atly sürüden üzülip gitdi. Edil şu pursatda Şorguýa tarap barýan beýleki toparyň öňünden süri keýik çykypdy.

Galtamanlar Şorguýa gelip, işşegiň bogazyna pyçak goýanlarynda Ahalyň atlylary sil geçen jardan ötüp, ýüzlerini Şorguýa tutupdylar. Olaryň arasyndaky gürüň indi boljak söweş hakynda gidýärdi. Ahal hüjüm edilende topbak hüjüm etmegi, birek-birekden daşlaşmazlygy ündeýärdi.

— Meniň töweregimde, ses ýeter ýaly ýerde bolmagy unutmaň. Söweşiň dowamynda eýdiň-beýdiň diýer ýaly — diýip, ýigitlere tabşyrdy. Ilaman eli gylyçly özüni Ahalyň gapdalynda görýär. Galtamanlar iki bolup Ahalyň daşyna geçýärler. Ilaman gylyjyny ýokaryk göterip, olara tarap eňýär. Olaryň birini öz üstüne alýar. Jarkada-jarka gylyçlaşýar. Ilaman ähli gazaby bilen duşmany ýeňýär. Beýlekini bolsa Ahal atdan agdarýar. Bular “Ynha bolar” diýlen hyýaldy.

Bu söweşde her kimin özüni görkezmek, söweşe ukyplydygyny subut etmek arzuwy bardy. Ol arzuw Nursähetde-de, Handanda-da bar. Ýöne ol Garamergende hasam uludy. Ol bu söweşde Ahaly öldürilen ýagdaýda, ýa-da agyr ýaralanan ýagdaýynda görýärdi. Özüniň duşmanlary paýhyn edip, sürini olardan gaýdyp alan gahryman derejesinde görýärdi. Ol galtamanlaryň birnäçesini ýesir alyp, oba gaýdýar. Çagajyklar olaryň öňünden ylgaşyp çykýarlar. Adamlar jigitlere baş bolup, Küýkiniň üstünde gaýşaryp oturan Garamergene guwanç bilen seredýärler. Ony ýigitleriň öňbaşçysy edip bellemänine Iner golak gör nähili ökünýär. Onuň öňbaşçy edip bellän Ahaly düýäniň üstünde ýaraly keserip ýatyr.

— Durnalar, durnalar barýar — diýip, ýigitleriň biri gygyrdy. Adamlar hol uzakdan, olaryň öňlerini kesip uçup barýan durnalara seretdiler. Şol ses Garamergenem pikirlerinden açdy. Ony hakyky dünýä gaýdyp getirdi. Atlylaryň öňünden häli-şindi towşan turup hasanaklap gaçýar. Olar mele erşiň oklanan ýumagy ýaly bolup gözden ýitip gidýärler. Kämahal bir tilki görünýärdi. Olaryň uzyn sümek ýaly guýruklary dogrudanam agaryp gelýän daňlaga meňzeýärdi. Onuň mele guýrugyny her ýerde bir ýylpyldadyp gaçyp barşy sygyrsiýdik diýilýän nagşa meňzeýärdi. Olar hemişe kä saga, kä çepe öwrülip ziňk-ziňk edip barýarlar. Tilkiniň göni gaçyp barýanyny awçylaryň arasynda göreni ýokmuşyn.

Ýigitleriň gözi birden bärsine garanjaklap gaçyp barýan möjege düşdi. Gylyçlar şakyrdap gyndan çykdy. Ine, muny awlamagy Ahal gadagan etmez. Bu-da galtamanlaryň biri. Muny awlasaň bir işşegi bar. Şol işşegi söweşden soň oturyp iýäýseň bolar. Şo pikirler bilen gylyçlaryny sogran ýigitler atlaryna gamçy çalmankalar:

— Duruň— diýip, Ahal gamçyly elini ýokaryk galdyrdy. — Hol depäni görýäňizmi? Şondan aşarsyň welin, Şorguýudyr. Olaryň eýýäm şo taýda bolaýmaklary mümkin. Häzir atlary ýadatmaň.

Ýigitler bu pikirdenem el çekmeli boldular. Dogrudanam, möjegiň has uluragy bilen duşuşjak bolup durkaň, bu möjege kowalaşyp, güýç sarp etmek nämä gerek?!

Atlylar ýüzlerini Ahalyn görkezen depesine tarap tutup, sürüp ugradylar. Esli wagt ýigitleriň hiç birisinden ses çykmady. Ýene-de her kim öz pikirine gümra boldy. Diňe atlaryň aýaklarynyň dükürdisi eşidilýärdi. Şo diýilýän depä ýetenlerinde Ahal gamçyly elini galdyryp, yzyndaky ýigitlere ýüzüni öwürdi.

— Siz şu ýerde duruň. Meniň yşaratyma garaşyň. Ilaman ikimiz barlaly — diýdi.

Ýigitler atlaryň başyny çekdiler. Ahal bilen Ilaman atlaryny sürüp, depä dyrmaşyp ugradylar. Ahal depä çykanda, ýigitleri aşakda goýmak bilen ýalňyşlyk edenini duýdy. Giň goluň aňry böwründe ot ýakyp, tarakga gurap oturan galtamanlar Ahal depä çykan dessine gördüler. Ilaman yzdakylara telpegini bulady. Özi bolsa Ahalyň yzy bilen gola tarap at goýdy. Galtamanlar iki atlyny gördüler. Olar garşylyk görkezmek maksady bilen atlandylar. Ýöne soňky çykan alty atlyny görüp, ökjäni göterdiler. Olar atlaryny gamçylap, aňyrky gerişden aşdy. Ahalyň ýigitleri tabyrdaşyp gelenlerinde oduň töwereginde iki adam galypdy. Olaryň biri Tarhandy, beýlekisi Haly begdi, galtamanlaryň baştutanydy. Haly beg gaçmaga ýetişmändi. Ol atyna dynç bermek maksady bilen eýerini aýrypdy. At ota gyzygyp, eýesinden uzaklaşypdy.

Haly begem özgeler gaçanda turup ylgady. Eýersiz atyna münüp gaçmakçy boldy. Ýöne oňarmady. Elleri ýalaňaç gylyçly “Ýa Alla!!!” diýip, gygyryp gelýän atlylar onuň ysgynyny alypdy. Ata münüp bilmän aljyrapdy. Gylyjyny elinden gaçyrdy. Depesinde lowurdan gylyja ellerini daldalady. Dady-perýat edip gygyrdy. Onuň depesinde gylyç göteren Garamergendi. Ol atdan düşüp, Haly begiň gylyjyny aldy, özüni ýesir tutdy.

Gaçan dört atlyny kowalap giden Ahal dagy yzyna öwrüldiler. Elini çarpyp, towsaklap keýp edýän Tarhan olary çişligiň başyna çagyrdy. Ahal Dorbedewi çapdyryp, Haly beg bilen Garamergeniň ýanyna bardy. Tarhana gamçy çalan wagty haýbatly görünýän sary murtly pyýada indi suwa çümdürilip çykarylan körsyçana, ezilen torgaýa meňzeýärdi.

— Adyň näme? — diýip, Ahal azmly sorady. Onuň ýognasdan höküm ediji, hakyky serdarlara muwapyk bolan sesine ýesir hasam aljyrady.

— Hally, Hally meniň adym — diýim, ýesir ejizläp, çalt-çalt gepläp jogap berdi. Hawa onuň ady Hallydy. Ýöne ony galtamanlar mahabatlandyrmak üçin Haly beg diýýärdiler.

— Siz näçe atly?

— On, agasy. On atly.

— Gaçyp gidenler näçedi?

— Gaçyp gidenler bäş, ýok dört, dört.

— Bäşisi süriniň ýanyndamy?

— Hawa, agasy, süriniň ýanynda. Olar indi gelmeli. Ynha gelerler.

Edil şu pursat garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykdy. Oňa Ahalam, Garamergenem aljyrap seretdi. Ýesir gorkuly gözlerini elek-çelek tegeläp, aşak ýapyryldy. Niredendir ylgap gelen Tarhan ýesiriň depesinden gamçyny inderip ugrady. Ol Haly begiň ýüzi diýmän, gözi diýmän çem gelen ýerine şarpyldadyp inderip ugrady. Şarpyldynyň arasynda “Häh, häh” diýen ses gelýärdi.

— Ine, saňa it ogly, ine saňa eşek ogly! Bu Goýmadyň haky! Bu-da Garagözüň haky! Men saňa görkezerin kimiň haramzadadygyny. Me ýene! Gerekmi ýene? — diýip birnäçe gezek saýgylady. Ahyry Ahalyň: —Ýeri boldy edäý indi — diýen sözünden soň Tarhan saklandy. Sojap-sojap dem aldy.

— Gerekmi haram haramzada! Ýaman garawsyz çalýardyň-la gamçyňy! Aýt, ajymy, süýji? — diýip, ony ýene birgezek gamçy bilen çowlap goýberdi.

— Garamergen sen ýesiriň bilen galarsyň, onuň atyny ýaragyny Tarhana ber. Olam seniň bilen galar. Sürini suwa ýakmaga taýýarlansyn — diýip, Ahal çişligiň başyna üýşen ýigitleriň ýanyna bardy.

Ahalyň bu sözi Tarhanyň göwnüni göterdi. Ol Haly begiň gylyjyny hasyr-husur dakyndy. Gylyjy gynyndan syryp aldy. Ony günüň şöhlesine lowurdadyp, ýesiriň gözüniň öňünde bulaýlady. Muňa Haly begiň reňki hasam üýtgedi. Gylyç gamçy däl. Onuň bilen bir gezek uransoň ikinji gezek urjak bolup oturmagyň geregem ýok. Bu-da bir gahary gelip duran oglandyr. Gylyjy bir gezek aýlasa, gutardy. Edýäniň galtamançylyk bolsa, soňunyň şeýle gutarmagy bolup biläýjek zatdy.

— Gulgeldi, senem şu ýerde gal. Çişlik bişiriň. Adamlar açdyr. Bir zat iýdirmeli bolar — diýip, Ahal aýtdy.

Ol adamlara nahar bermelidigini, olary aç saklap ýörüp bolmajakdygyny Şorguýa çenli ýolda pikirlenipdi. Şu ýoz mallaryň arasynda özüniň ýigrimiden gowrak goýny bar. “Şolaryň birini öldürmeli bor” diýip gelýärdi. Bu meseläni galtamanlaryň özleri çözüpdirler. Indi şu öldürilen goýny iýip, öz goýnuny şonuň deregine bermegi ýüregine düwüpdi.

— Handan, senem bulara kömekçi gal. Beýlekiler meniň yzym bilen. Süriniň öňünden çykmasak, ýaňkylaryň gidip goşulmagy bolup biläýjek zatdyr. Olara güýjüni jemlemäge maý bermeli däl — diýip, Dorbedewi sürüp ugrady.

Bäş atly topar tutup ugranda, Garamergen bilen ýesiriň gykylygy dik asmana galdy. Garamergen gamçysyny galdyryp, hemle urýardy. Haly beg jibir-jibir edip ýalbarýardy. Atlylar saklandylar. Ahal nämäniň-nämedigini saýgarmak üçin olaryň ýanyna bardy.

— Agasy rehim ediň! Rehim ediň!—diýip, ýesir Ahalyň öňünde dyza çökdi. Iki elini ýokary göterip ýalbarmaga başlady. Ahal nämäniň-nämedigine göz ýetirensoň loh-loh edip güldi. Garamergen gaçmasyn diýip, onuň uçguryny sogrup aýyrjak bolup dyzaýardy. Haly beg ýatyp-ýatyp çabalanyp ýalbarýardy. Uçguryny bermejek bolup dyrjaşýardy.

— Jan aga, gaçmaýyn, ony bir etme — diýip ýalbarýardy.

— Goý, onsuzam gaçasy ýok — diýip, Ahal aýdansoň gaýra çekildi. Ýerde süýnüp ýatan Haly begiň ýagyrnysyna gamçysy bilen çowlap goýberdi-de:

— It ogly, haramzada — diýip sögündi.

— Garamergen, sen at üstünde bol. Gaçan atlylar gaýdyp geläýmesin. Gulgeldi, Tarhan, sizem atyňyzy mydama öz ýanyňyzda saklaň — diýip, Ahal beýleki ýigitleri yzyna tirkäp, süriniň öňünden çykmaga gitdi. Olar sürä iki gol aşanlarynda duşdular. Ýöne Ilamanyň arzuw edişi ýaly söweş bu gezegem bolmady.

— Janyňyzy gutaryň — diýip, galtamanlaryň biri gygyrdy. Atlylar duran-duran ýerlerinden ökjäni göterdiler. Olaryň hemmesi bir tarapa däl-de, hersi bir tarapa gaçdy. Garrybaý çopan gapdalyndan at gamçylap geçen galtamana dazyrdadyp taýagyny zyňdy.

Bu waka galtamanlar üçin garaşylmadyk ýagdaýam bolsa Garrybaý üçin garaşylmadyk ýagdaý däldi. Oňa ol düýnden bäri garaşyp ýördi. Ol gaçan galtamanyň yzyndan erbet sögünip galdy.

Atlylar Garrybaý bilen salamlaşdylar. Şorguýuda özüniňkilerden başga garaşýanyň ýokdugyny eşidip, çopan hasam ynjaldy. Süri şu pursatdan başlap öňki kaddyna geldi. Edil öňki inýän wagty gün guşluga galanda suwa indi. Ýöne ol suwa Köwreýikli guýusynda däl-de, Şorguýuda suwa indi. Ahalyň atlylaram süri bilen gaýdyp geldiler. Olaryň gelmegi bilen Gulgeldiniň kömekçileri köpeldi.

Ahal gozganyp bilmän oturan Haly begi görüp Garamergene tarap seredip güldi.

— Sen ýene öňki diýeniňi edipsiň-ow.

— Şeýtmeseň boljak däl. Gaçan galtamanlaryň geläýmegi ahmal. Olar geläýdigi, bu gaçjak bolar. Şeýtseň welin arkaýynrak bolýar — diýip, Garamergen gürledi.

Tarhan, guýynyň başynda öz işine girişdi. Gök iner bilen gowalap suw çekýärdi. Olary pagladyp, nowalara guýýardy. Onuň balagy öňküsi ýaly çermelip dyzyndan geçirilipdi. Haly begiň aty onuň ýanynda jylawy gaýtarylgy taýýar durdy. “Häh” boldugy “Mäh” bolaýmalydy. Gulgeldem töwereginiň kömekçileri köpelensoň galan işleri olara tabşyryp, kakasyna goýny bölüp goýbermäge kömekleşmäge gitdi.

Şorguýuda ýigitler iki gün boldular. Onuň töweregini torç edip aýlandylar. Dolanyp galtamanlardan derek tapmadylar. Edil Haly begiň aýdyşy ýaly boldy.

— Olar indi gaýdyp gelmezler — diýip, ol ýaranlary gaçan wagty aýdypdy.

— Näme üçin gelmezler? — diýip, Ahal sorady.

— Sebäp olar haramzada. Nöker däl. Mugt ýalyň güjükleri — diýip, jany ýangynlylyk bilen aýtdy.


7-nji bap: HALLY GALTAMAN

Garamergen oba gaýdyp gelende, arzuw edişi ýaly bolmasa-da şoňa ýakynrak bolupdy. Ol ýesiri atyna mündürip, aýaklaryny aşagyndan daňypdy. Atyny öz atynyň yzyna tirkäpdi. Özem ähli ýigitleriň öňüne düşüp gelipdi. Ol Küýkiniň üstünde uly ýeňiş bilen gelýän serkerde ýaly gaýşaryp otyrdy. Oba adamlary uludan-kiçä ylgaşyp öýden çykdylar. Çopantelpek gülleri ýaly kelleleri şyrdaklyja çagalar şapadaňlaşyp has-da keýp edýärdiler. Hemme kişiniň dilin-de, hemme kişiniň gözünde Garamergendi. Märeke nökerleri gapdallap barýardy. Ýigitler Iner golagyň öýüne sowlandan soň, märeke olardan galdy.

Iner golak howanyň maýyllygyna garamazdan göwyňüllän Hywa donuny ýasgynjak atynyp, gapa çykdy. Onuň ýanynda Şally baý, Nurahmet serdar, Ýolaman bardy. Ýigitler atdan agdylar. Obanyň iň ýaşulusy Nurahmet serdar bilen, Iner golak bilen, soňra beýlekiler bilen salamlaşdylar. Şol arada Garamergen ýesiri atdan düşürdi. Ony ýaşulularyň öňüne getirip, ýeňsesinden batly itekledi. Ýesir ýaşulularyň aýagynyň aşagyna ýykyldy.

Obanyň ýaşulusy diýip, Iner golak hasap edilýärdi. Bütin oba şoňa gulak asýardy. Galtamanlar hakyndaky habaryň ilki şu öýe gelmegi hem, maslahatyň şu öýde edilmegi hem, ýigitleriň ýesiri şu öýe getirilip, ýaşulularyň aýaklarynyň astyna ýykmaklaram şonuň üçindi. Iner golak aýagynyň astynda maňlaýyny ýer berip ýatan galtamana sesini çykarman ep-esli wagt seredip durdy. Soňra aýagy bilen itekledi.

— Hany tur, ýeriňden — diýip, özüniň ýuwaş güňleç sesi bilen aýtdy. Ýüzüne öliniň reňki uran Haly beg ýüzüni ýokaryk galdyrdy-da:

— Hä — diýip, ker bilen gepleşýän ýaly gygyrdy. Iner golak başyny atyp: — Ýeriňden tur diýýän, howwa — diýdi.

Haly beg ýerinden turdy. Iner golagam, onuň ýanyndakylaram daşyndaky tomaşaçylaram galtamanyň boýuny gözleri bilen ölçeýän ýaly synladylar.

— Nireden borsuň?—diýip, Iner golak ýene-de gysgajyk sorag berdi.

— Hyratdan, agasy, Hyrat türkmenlerinden.

— Eneň-ataň barmy?

— Ýok, agasy. Iki sanyjak naçar jigim bardy. Olaram...

— Galtamanlyga nähili baş goşup ýörsüň?

— Ol uly gürruň agasy. Eger aýt diýseňiz, size jikme-jik gürrüň bereýin.

— Geregi ýok. Soň aýdarsyň, howwa — diýip, Iner golak elini salgap goýberdi. — Äkit, Garamergen, soň özüň gürleşersiň.

— Ýör hany — diýip, Garamergen onuň ýeňsesinden itekläp alyp gitdi. Eli ýalaňaç gylyçly Garamergen ýesiri öňüne salyp, oba çagalarynyň goldawynda öýlerine tarap ugrady. Ony bütin obanyň içi bilen geçirip, öz öýlerine getirdi. Ony köneje saman tamyna salyp, gapyny ýapdy. Köne, şakyrdap duran gabsanyň öňüne üýşürip bilen zadyny üýşürdi. Çagalar bolsa bütin obanyň içi bilen:

Galtaman-a galtaman, Emjejigiňe dürtemen...

diýip gygyryşyp, öz aralarynda Garamergeni gadymy ertekileriň pälwanlaryna, uly goşun serkerdelerine, döwleri, jynlary ýeňýän gerçege meňzedip gürrüň edýärdiler. Garamergen olaryň şo gürrüňlerini eşitmedik bolýardy, öz ýanyndan welin lezzet alýardy. Ol ýesiri tussag eden tamynyň gapysyny daş bilen, beýleki bilen birkemsiz bekländen soň:

— Gapyny itekläýse aýdyň, men onuň kellesini alaryn — diýip öz öýüne girdi.

Uzynly gün obanyň gürrüňi tutulan galtaman, Garamergeniň edermenligi hakda boldy. “Bir özi bäş galtamanyň garşysyna urşanmyşyn, dördüsi gaçyp zordan başyny gutaranmyşyn, muny bolsa atdan ýykyp ýesir alanmyşyn. Il içinde “Murtly galtaman diýilýän şumuş” diýen ýaly gürrüň haýsy öýe barsaň edilýärdi. Murtly galtaman hakdaky gürrüň il içinde ýaňrakdan bäri çykyp ugrapdy. Olar Akdaşaýak obasynyň süri malyny alyp gidipdirler. Çopan bilen çolugy daňyp taşlapdyrlar. Olar zordan boşanyp oba gelipdir. Süri bolsa şo gidişine gidiberipdir. Derenli obanyň sürüsini sürenlerinde, oba ýigitleri duýup, yzyndan ýetipdirler. Ýigitleriň gelýänini görüp, galtamanlar gaçyp zordan başyny gutarypdyrlar. Olaryň baştutany çopanyň, çolugyn güwä geçmegine görä, şu sary murtly galtamanmyşyn. Gelip-gelip ol bu gün Garamergeniň eline düşdi. Onda-da günäsiniň üstünde tutuldy. Haly beg bilen ikiçäk gürleşmek üçin Garamergen ony agşam öz jaýyna alyp geldi. Onuň öňünde bir çäýnek çaý goýdy. Özem bir owadan gülli çäýnegi öňüne çekip, çaýyny gaýtardy-da:

— Hany gürrüň berip otur — diýip, gaşlarynyň aşagyndan ýesire ulumsylyk bilen seretdi.

— Nämäni gürrüň bereýin, agasy?

— Nähili galtamançylyga çykyşyňy.

— Men olary Şorguýuda gürrüň beripdim ahyry.

— Ol gezek oňly diňläp bilmedim — diýip, sözüniň üstüni azmly ýetirdi. — Aýt-da, aýt diýlende. Buýtar-suýtar etseňem...

Buýtar-suýtar edende näme etjegini ol aýtmady. Belki ony gamçylajakdyr. Burnunyň üstüne ýumruk bilen urjakdyr. Heý bolmanda, çaý-nahar bermän, öňki ýerine, köne tama dykyp daşyndan beklejekdir.

— Aýtsam, agasy, meniň kakama Keraly söwdagär diýerler. Ony Hyrat ýaly uly şäherde tanamaýan ýok diýseňem boljak — diýip, ýesir gürrüň berip başlady. Keraly söwdagäriň Hyrat şäherinde uly bolmadyk ortaça dükany bolupdyr. Isfihana, Buhara, Samarkanda gatnaýan kerwenlere Keraly söwdagärem öz düýeleri bilen goşulýar ekeni. Ol ýerlerden getiren harytlary bilen öz dükanyny üpjün eder ekeni. Bularyň baýlygy artyp, dükany ulalyp barmasa-da, maşgalany onat oňarýan ekeni. Keralynyň maşgalasynda bir ogul bilen iki gyz bolupdyr. Onuň ogly Hally lälik ösdürilipdir. Söwdagär özüniň mirasdüşerinden hiç zadyny gaýgyrmandyr. Hallynyň özünden kiçi gyz jigileriniň, ejesiniň ýanynda diýeni diýen, aýdany aýdan ekeni. Ol köçede urşup gelip, urlan bolsa, aryny iki gyz jigilerinden çykarar ekeni. Onuň urşup maňlaýyny çişiren, burnuny ganadyp, gözüniň üstüni göm-gök etdirip gelýän wagty az bolmandyr. Bu onuň çaga wagtlary.

Hally jahyl wagtlary jalaý bolupdyr. Aýal maşgala lak atman geçmegi gaty kyn görüpdir. Gijelerini haremhanalarda, owadan gelinler bilen bujnurd şerabyny içip geçipdirler, keýp çekipdir. Bujnurd şerabyny içip, haremhanalarda keýp çekmek üçin Keraly söwdagäriň dükany ýaly dükanyň bolmagy ýeterlik däl. Oňa has ulurak baý bolmaly, ýa-da diýeni bolup duran beg bolmaly, han bolmaly. Keraly söwdagäre oglunyň bu sowurjaňlygy, jalaýlygy ýaramaýar. Üstesine-de şeýleräk bir waka bolup geçýär.

Hyradyň “Bossan” köçesinde gür bagly kiçeňräk howluda Hurşyt banu diýen orta ýaşy alkymlap baran, çekgelerinden ýek-ýarym ak gyl görnüp duran dul aýal ýaşaýar. Onuň jaýy köpçülik üçin bolmasa-da, iki-ýekeler üçin gelip-gidilýän, karar tapylýan ýerdi. Hurşyt banu şäheriň saýlama baý ýigitlerinden ýek-ýarymyny özüne müşderi edinýärdi. Olar hanyň, begiň, uly söwdagäriň, zemindarlaryň ogludy. Keraly söwdagäriňem ogly giç-guryn şo töwereklerde köw-söw edýänleriň biridi.

Hurşyt banuwyň howlusynda görner ýaly Hally uly baýyň, beg diýen ýaly adamyň oglam däldi. Hurşyt banu Keraly söwdagäriň dükanyna tötänden barypdyr. Şol mahal Hally ejesine dükanyň işini ýöretmege kömekleşýär ekeni. Hurşyt banu dükanyň içinde kän aýlanýar. Ýüpek parçalary aşagrak bahadan, özüniň kesen bahasyndan dileýär. Käsini razylaşýar, käsini razylaşanok. Käbirini öz boýuna deňäp:

— Nähili, gelişýärmi? — diýip, Hallydan soraýar. Onuň ýyljyraklap duran owadan gözlerinden ýigitlik duýgusy oýanan Hally baş atýar:

— Hawa, gaty owadan, gaty gowy, wah, siz onsuzam gowy ahyry — diýip öwýär. Banu bir topar zatlary aljakdygyny, ýöne ýanynda gapjygynyň ýokdugyny, şu oglan gidip alyp gaýtsa, puluny öýden berjekdigini aýdýar. Özüniň gowy söwda edenine begenen ejesi:

— Hally, oglum, sen şu gelin bilen git. Ol saňa alty tümen berer. Şony alyp gaýt — diýip, ogluna aýtdy.

Hally Hurşyt banuwyň yzyna düşdi. Olar haşamly baý öýleriň depseň yranmaz dükanlaryň duşundan geçip, “Göwherşat” medresesiniň deňine ýetdiler. Bu meşhur medresä Hally öňem bir gezek gelip görüpdi. Hyradyň şol uly medresesinde Keraly söwdagäriň bir dosty okaýan ekeni. Kakasy bir gezek şol dostunyň ýanyna Hallynam alyp gidipdi. Ýüzüne gündogaryň ajaýyp owadan nagyşlary çekilen “Kuranyň” süreleri ýazylan diwarlar diýseň owadandy.

Medreseden ep-esli arany açyp “Bossan” köçesine sowuldylar. Birsalym ýöränlerinden soň, gök gabsaly howlynyň gapysyna gelip saklandylar. Hurşyt banu:

— Sen şu ýerde azajyk dur, özüm çagyraryn — diýnp, howla girip gitdi. Köp wagt geçmänkä yzyna öwrülip geldi. Gapyny açyp:

— Giriber janym — diýip, mylaýym ýylgyrdy. “Janym” diýen sözi banuwyň oňa ilkinji gezek aýdyşydy. Hally bu söze birhili bolup tisgindi. Ol Hurşyt banuwyň alan harytlaryny göterip, howla girdi. Banu ony eýwanyň ugry bilen ýöredip, aňry çetdäki jaýlaryň birine alyp bardy. Ol Hallynyň göterip gelen harytlaryny onuň gujagyndan aldy.

Belanyň körügem ana şondan başlady. Hurşyt banuwyň ýumşak elleri onuň ellerine degdi. Ýigidiň on iki süňňi dyglap gitdi. Birden ysgyny gaçdy, ýüzi gyzardy, ot alan ýaly laplap ýandy. Hurşyt banu ony aňdy, ýöne aňmazlyga saldy.

— Gel, puluňy bärde bereýin — diýip, ýigidi içki otaga saldy. Ol teke, eýran halylary düşelip bezelen otagdy. Hokga köwşüni daşky otagda goýan ýigidiň ýalanaç aýaklary hala degip, düşegiň mylaýym ýumşaklygy gany bilen ýaýrap giden ýaly lezzet berdi. Otag gül pürkülen ýaly arassady. Diwarlaryň reňkem asmanyň reňkine çalymdaş, pereň matalary çekilipdir. Çep tarapda owadan bezelen haşamly şkaf durdy. Ol şkaf Hyradyň özünde ýasalmaýardy. Ol Buharadan, Samarkantdan getirilip satylýardy.

Otagyň sag böwründe agaçdan ýasalan daşy haşamlanan çarpaý bardy. Bu çarpaýy Hyradyň öz ussalary ýasaýardylar. Çarpaý iki adamlyk bolup, üstünde owadan şahy düşekçe, Hurşyt banuwyň şu egňindäki köýneginiň matasyndan, gyrmyzy gülli matadan syrdalaw ýorgan, iki sany ýanaşyk goýlan gek ýassyk bardy.

Çarpaýyň ýokarsynda ýörite elde edilen nagyşlanan, aşagy seçekli ululy-kiçili dogaçyrlar asylyp durdy. Olaryň gapdalynda reýhan gülli ýaglyk asylgydy. Hurşyt banu “Goý, Hally içerini synlasyn” diýýän ýaly şkafyň ýokarky çekerini açyp, kän güýmendi. Ahyry ol alty tümeni sanap alyp, ony Halla uzatdy. — Ynha, puluň, ýigit!

Hurşyt banu ýene ýylgyrdy, Ýene-de onuň şol ýumşak eli Hallynyň eline degip, endamy dyglady. Hally bu gezek saklanyp bilmedi. Şol ýumşak ellerden garbap tutanyny duýmady. Hurşyt banuwam ona garşylyk görkezip durmady. Olar şahy düşekçeli çarpaýa gyşardylar. Hally birhili özünden giden ýaly, düýş görýän ýalydy. Göýä lälezarlygyň, süýt ýaly ak dumanyň içi bilen barýan ýalydy... Birdenem ol özüne geldi. Gözüni ýalpa açyp, çarpaýyň üstünde aýaklaryny sallap oturdy. Ol gara der bolupdy. Ýüzünden der damjalary syrygyp, ýagyşyň astynda galan leýlisaça meňzeýärdi. Dikelip onuň bilen ýanaşyk oturan Hurşyt banu oňa gysmyljyrady. Hallynyň çep ýaňagyndaky nokat ýalyjak gara tegmile ýuwaşja basdy. — Ýadadyňmy?

Hally sesini çykarmady. Hurşyt banu ýerinden turup, üsti-başyny düzetdi. Ol Hallyny howludan çykaryp, ýola salanynda, şol mähriban ýylgyryşy bilen: — Gelermiň?—diýip sorady.

— Wah, günde gel diýseňem geleýin.

Şondan soňra Hally Hurşyt banuwyň howlusyna gatnap ugrady. Ol howla ikinji, üçünji gezek geleninde bu howluda Hurşyt banuwyň ýeke özi ýaşamaýandygyny, başga-da gelin-gyzlaryň bardygyny bildi. Olara meýil edeninde Hurşyt banu:

— Olara meýil etjek bolsaň, köp puluň bolmalydyr — diýip, ýylgyryp durşuna süýem barmagyny çommaltdy. Hally dükanyň pulundan gyrp-çyrp edip ugrady. Ogurlyga ýüz urdy. Hally hakda onda-munda erbet gürrüňler eşidilip ugrady. Bir gezegem Hurşyt banuwyň beýleki müşderileri bilen urşup, gyzyl gan bolup öýe geldi. Şondan soň Keraly söwdagär oglunyň elden-aýakdan çykyp barýandygyny görüp, ony öz ýanyna alypdyr. “Saňa-da indi söwda-satyg öwrenere wagt boldy” diýip, bir ýere gitse öz ýanyndan goýmandyr.

Aýlar aýlanypdyr, günler, dolanypdyr. Bir günem uly kerwen Eýrana ýola düşüpdir. Keraly söwdagär ona özüniň bäş sany düýesi bilen goşulypdyr. Ol ýere Hyratdaky bol harytlary äkidipdirler.

Eýrana giden kerwen Şahrud şäheriniň üsti bilen geçdi. Kerwen Şahrudyň çetinde ýerleşýän kerwensaraýda ýük ýazdyrdy. Kerwensaraýyň hyzmatkärleri ylgaşyp ähli ýükleri düşürişip, bellenen jaýlara çekmäge kömekleşip, perwana ýaly pyrlanyp hyzmat etdiler.

Kerwensaraýyn aşpeziniň kömekçisi gara mytgaldan balakly, agaryp ugran ýaşyl mytgal köýnekli kürt oglan ýadap gelen myhmanlara ylgap hyzmat edýärdi. Her elinde iki çäýnek göterip, olara çaý daşaýardy. Hally kakasy bilen oturyp çaý içdi. Soňra hyzmatkär her kimiň islegi boýunça kime palaw kime çekdirme, kime nohutly piti daşap başlady. Hally bilen Keraly söwdagäriň öňünde içi palawly gyralary nagyşlanan, gök syrçaly mejmäni getirnp goýdular. Içi hurmaly, sary kişmişli palaw Hallynyň agzyna ýarady. Ol barmaklaryny şapbyldadyp nahar iýdi.

Nahardan soň kimler ýassyga gyşardy. Uzak ýoluň ýadawlygyndan soň irkildiler. Kimler doýa garna ýatmazlyk üçin içde-daşda gezmeledi. Kimler şäheriň söwda-satygyndan habar tutmak, nyrhyny bilmek üçin gezelenje çykdylar. Gezelenje çykanlaryň birem Hallydy.

Hally üç-dört sany söwdagäriň yzyna düşüp gitdi. Ýöne ol ilkinji dükana girilenden soň, olardan üzülip galdy. Töweregine ýaltaklady. Hälki söwdagärleriň hiç birem ýokdy. Hally dükanyň zatlaryna gyzygan bolmaga çemeli. Ýoldaşlaryndan şol aýrylyşmagam onuň başyna düşen aýylganç hasratyň başlangyjydy. Dükandan çykyp, onuň her äden ädimi Hallyny şol aýylganç emgege golaýlaşdyryp ugrady. Hallynyň ol zatlardan habary ýokdy. Ýolbarsyň bagry bilen süýşüp, özüniň alkymyna gelendigini otlap ýeren jeren nireden bilsin? Hallam ölüm howpy abanan şol jeren ýaly, dünýäden bihabardy.

Şäheriň çaň-tozanly darajyk köçelerinden arabaly, düýeli, atly, pyýada adamlar öz ugurlaryna geçip durdular. Köçeleriň gatnawy uly däldi. Ýöne onuň boşap galýan wagtam ýokdy. Hallynyň duşundan häli-şindi geçip durdular. Ine, iki sany adam geçip gitdi. Aňyrda garryja aýal bir oglanjygyň elinden tutup gelýärdi. Onuň yzyndan ýüzi perenjili gelin gel-ýärdi.

Hally perenjili gelniň deňine gelende, gelniň çabdyna Hallynyň tirsegi degdi. Hally onuň niredei çykanyny bilenok, ýöne edil şo wagt bir serbaz ony saklady.

— Sen näme ol gelne el degirdiň, nälet siňen jojuk? — diýip, serbaz onuň ýakasyndan tutdy. Olaryň gykylygyňa adamlar üýşdüler. Perenjili gelnem saklandy.

— Şo ýigit maňa degenogam, hiç zat diýenogam — diýip, gelin perenjiniň aňyrsyndan hemmeler eşider ýaly jedirdäp aýtdy. Serbaz oňa azgyryldy.

— Gümüňi tap şu ýerden, jelep!

Ol aýal dolanyp geplemedi, üýşen adamlaryň arasyna sümlüp gitdi. Serbaz Hallynyň her ýaňagyna bir şapbat çaldy-da:

— Hany meniň şarpyk hakymy ber — diýip, elini uzatdy. Hally oňa düşünmän, aňk-taňk boldy.

— Ol seniň günäňi geçýär. Sen oňa ýaňky iki şarpygynyň hakyny töläý — diýip düşündirdiler. Serbaz onuň ýakasyny has gaty silkdi-de:

— Pedersuhty, men saňa şarpyk hakymy ber diýýän — diýip, öňküden beter azgyryldy. Hally oňa naýynjar garady.

— Agasy, men size beýdip bilmen ahyry.

Olaryň daşyndan dargap ugran adamlaryň biri:

— Şarpyk hakyny bermeseň, bary bir, ol indi seni goýbermez — diýdi.

Hally çekine-çekine serbazyň dulugyna ýelmedi. Serbaz hasam ot aldy. Ol:

— Bu jojukdan bolan meni urdy — diýip, hasam oda-köze düşdi. Ikinji bir gelen serbazyň kömegi bilen onuň elini arkasynda daňdy, ýeňsesine depdi-de südürläp ugrady. Şeýdip ony ažan posta alyp gitdi.

Nahardan so ýassyga kellesini goýan Keraly söwdagär şobada uklady. Agyr ýoluň argynlygy, günortanyň yssysy, kemsiz doýlan palaw, onuň gözüni bürüp alyp barýardy. Ol ýatdy. Düýşünde ony içi hapa bulanyk suwly deňze oklaýarlar. Çykjak bolup dyzaýar, deňziň kenaryndan ýapyşýar. Onuň tutan daşy gopup gaýdýar. Ol daljygýar, hopugýar. Şo barmaşa birden oýanýar. Dünýä täzeden inen ýaly bolýar, begenýär. Ýöne ol uzak ýatyp bilmedi. Elleri naýzaly iki ažan şakyrdap gapydan girip, ony oýardy.

— Keraly söwdagärmi sen?

— Bolubilseg-ä özi.

— Bolubilýäňmi, bolubilmeýäňmi, görübereris. Düyň öňe.

— Nirä? Näme boldy? A-how, saraýban, bular näme? — diýip, Keraly söwdagär saraýbany kömege çagyrdy.

— Elbetde, günä edensiňiz-dä ýa ogluňyz bir zadyň ustünden barandyr — diýip, saraýban oňa kömek edip bilmejekdigini duýdurdy.

Keraly söwdagäriň iki elini arkasynda daňdylar, Ajanlaryň biri naýzasyny ýeňe uzadyp, tussag edileniň öňünden ýöredi. Beýlekisi Keralynyň yzyna düşdi. Ony Şahrudyň darajyk tozanly köçeleri bilen alyp gitdiler. Onda-da uly galtaman tutan ýaly edip alyp gitdiler. Ýol boýy adamlaryň gözi bendidedi. Her kim bir zat diýip çaklaýardy. Biri “Uly galtamanmyş” diýse, başga biri “Ýönekeý ogrumyş, ynha bir elini keser goýbärler-dä” diýýär. Biri “Adam öldürenmiş”, ýene biri “Ýaňky gelen kerwendenmiş, ýol pajyny tölemänmiş” diýip, her kim özüçe pal atýardy. Hiç kim “Şu adam günäsizmiş” diýmeýär. Bu şäherde günäsiz adamy tussag etmeg-ä beýlede dursun, “Günäsiz adam tussag edilenmiş” diýlen söz üçiňem bäş gamçy jeza berilýär.

Keraly söwdagäri şäheriň hojaýyny Nowruzaly baýyň huzuryna alyp bardylar. Söwdagär nämäniň-nämedigine henizem düşünenok. Onuň ogly Hallam şol ýerdedi. Ony görüp Keraly söwdagär içini çekdi. Hallynyň üsti-başy gandy, köýnekleri aşyklynyň eti ýaly sal-saldy. Düýş ýorýan adamlar “Gan gazanç” diýip aýdýarlar. Ýöne bu ganyň öz oglundan çykmagy Keralyny gorkuzdy. Düýşem bolsa oňly düýş däl. Iň bolmanda bu söwdada utulmagyň alamaty. Ýöne welin arman bu düýş däldi. Hallynyň hiç zada düşünmeýän naýynjar nazarlary Keralynyň ýüregini jigletdi.

— Seniň ogluň şäheriň namysyna el gatypdyr — diýip, Nowruzaly baý oňa äpet günä ýükledi.

— Bu düşünişmezlikdir. Meniň oglum onuň ýaly zatlary bilýän däldir. Oňa rehimiňiz gelsin, agaýy!

Nowruzaly baý gapynyň golaýynda duran serbaza ümledi. Ol şo duran ýerinden:

— Ol gyzyň göwsünden tutdy. Gyz gykylyk etdi. Şol wagt men ýetişdim — diýip, bolan wakany üýtgedip aýtdy.

— Bu ýalan sözleýär — diýip, Hally garşylyk görkezjek boldy. Onuň agzynyň ustüne urdular. Ol agzyny gyzyl-gan edip, bir tarapa gyşardy.

Keraly söwdagär oglunyň şonuň ýaly haramzadalyk edip biläýjegine ynanyp ugrady. Hyratda-da eýle beýle gürrüňler söwdagäriň gulagyna degýärdi. Ýöne ony bu ynanjyndan el çekmäge mejbur eden başga bir ýagdaý ýüze çykdy.

— Söwdagär Keraly biziň topragymyzy basgylap ýör, pajynam tölänok — diýip, Nowruzalynyň ýanyndakylaryň biri aýtdy. Nowruzaly hyrsyz, edil gaplaňyňky ýaly gözlerini alartdy.

— Ýok, agaýy. Men töledim. Siz, agaýy, pajy menden özüňiz aldyňyz.

— Näme ol indi şu göwresi bilen, şu sakgaly bilen ýalan sözlär öýdýäňmi? — diýip, Nowruzaly baý oňa azgyryldy. Soňra:

— Ikisinem zyndana salyň — diýip, ažanlara buýruk berdi.

Ataly-ogly alyp çykdylar. Olary çuň gazylan ýerzemine merdiwan bilen düşurdiler. Merdiwany çekip aldylar-da, ýerzeminiň üstüni ýapdylar. Edil gabra giren ýaly gözedürtme garaňkylyk emele geldi. Hally ýerzeminde kakasy bilen iň soňky gijäni geçirdi. Kakasy ýerzeminde ogluna käýinmedi. Ony özüne süýşürip uzynly gije gujaklap ýatdy.

Ertir Hallyny ýerzeminden çykardylar, Ýagyrnysyna on bäş gamçy urdular. Kakasynyň bolsa şol gidişi boldy. Aýdyşlaryna görä oňa kyrk gamçy urupdyrlar. Şol gamçylaryň awysyna zyndanda wepat bolupdyr. Olaryň kerwensaraýdaky ähli zatlaryny Nowruzaly baý alypdyr. Hally mazaly sagalýança oňa bir garryja aýal seredipdirem, emem edipdir. Ol gutulansoňam Hyrada gidip bilmändir. Ol ýere gitmek üçin pul gerek. Goşulyp gider ýaly Hyratdan dolanyp kerwenem gelmändir.

— Şondan soň men ogurlyga, galtamançylyga baş urdum — diýip, Hally galtaman özüniň uzyn gürrüňini jemledi. Garamergene onuň gürrüňleri täsir etmedik ýaly, şol bir oturyşydy. Onuň ýüzünde gynanjam, begenjem, hiç hili alamat ýokdy. Ol Hallynyň ykbalyna diýseň biperwaýdy.

Hally Nowruzaly baýyň zyndanyndan çykanson, şäherde hammalçylyk edip gezdi. Agyr diýmän, ýeňil diýmän, onuň-munuň ýüküni çekdi. Onuň bilenem özüni ekläýmek kyndy. Bir gün bir şaýy düşse, iki-üç gün hiç zat düşenokdy. Aç ýatyp, aç turmaly bolýar. Onsoň gedaý gezip başlaýar. “Gedaýçylyga-da gurp gerek” diýen ýaly oňa-da gurp gerek. Oňa ýaş çaga bolsaň, sandan galan garry bolsaň boljagam. Onda il-günüň rehimem geljek, döwüm-dişlem çöregem berjek. Ýöne welin Hally ýaly güýji ýerindäki ýetginjege kim rehim etsin, kim zat bersin?

Gedaý gezen wagty Hally eline taýak alyp, agsaklap ýöremäge başlady. Şondan soňra adamlaryň rehimi gelip, döwüm-dişlem çörek berip ugradylar. Ol oba-oba aýlanyp gedaý gezýärdi. Hallynyň çölde galyp, çölde ýatan wagtlaram bolupdy. Ol harabalyga baranynda gylyçly pyýadalar onuň daşyny gabady. “Kim sen?” diýip, oňa sorag baryny ýagdyrdylar. Kimdir biri “Hanyň iberen jansyzy bolaýmasyn?” diýdi. Gylyçly adamlar onuň elini arkasynda daňdylar. Ony gylyçdan geçirip, gorpa süsdürip goýbermek hakda gürrüň etdiler. Hally olara hiç bir hany tanamaýandygyny, özüniň bir döwüm çörek üçin gedaý gezip ýörendigini aglap gürrüň berdi. Daşyndakylar oňa yňanmadylar. Şol wagt biri:

— Duruň entek, şu gedaýy men şäherde görüpdim. Dogrudanam şu şol gedaý — diýdi. Şondan soň daşyndaky eli gamçyly adamlar çekildiler. Elini boşatdylar. Oňa özleri bilen çaý içmäge, çörek iýmäge rugsat berdiler. Munuň duşan adamlary hanyň atlylaryndan gaçyp ýören bir bölek galtaman ekeni. Hally olara uzynly gije öz başyndan geçiren wakalary barada gürrüň berdi.

— Indi sen näme etmekçi? — diýip galtaman başy daýaw kürt ýigidi ondan sorady.

Hally oňa näme jogap berjegini bilmän, esli salym dymdy. Elindäki çöp bilen ýer dyrmady. Soňra başyny göterip:

— Oňarsam, kakamyň ganyny aljak. Başarmasam binamyslyk edip gedaý gezjek, ýüzümi saraldyp, ölmez-ödi dilejek ýörjek — diýdi.

Galtamanbaşa Hallynyň jogaby ýarady. Ony öz hatarlaryna kabul etdiler. Oňa gylyç, ýarag alyp berdiler. Bir gezek dükana çozuşlyga gatnaşdy. Bir gezegem kerwen taladylar. Hally galtamanbaşa bir gezek:

— Rugsat berseň, men Şahruda gitjek — diýdi.

— Belki, biz hemmämiz gideris, dükan talarys.

— Ýok — diýip, Hally jogap berdi. — Köp adama gizlenmek kyn bolar. Bir özüm haýsy syçanyň kürümine giremde bolmaýar.

Hally eşigini taşlady-da, ýene öňki gedaý geýimine girdi. Hanjaryny köneje çäkmeniniň içinde gizläp, Şahrud şäherine tarap ugrady. Az ýöräp, köp ýöräp ahyry geldi. Ol Nowruzaly baýyň howlusynyň töwereginde kän aýlandy. Näçe aýlansa-da netije ýokdugyna, Nowruzaly baýa hiç zat edip bilmejekdigine düşündi. Ol gedaý eşiginde ýene şäherden çykyp gitdi. Beýleki galtamanlar bilen dilleşen ýerine geldi.

Onuň şähere baryp bar bitirip bilen zady özüni bejeren garryny tapdy. Oňa özüniň galtamançylyk edip ýygnan puluny berdi. Onda-da halal gazanjym diýip aldap berdi. Ýogsa garrynyň ol puly almazlygy, kabul etmezligi ähtimaldy.

Ýöne welin onuň gideli bäri ep-esli gün geçipdi. Ol belleşilen ýerinden ýaranlaryny tapmady. Olaryň yzyna serbazlar düşüpdir. Galtamanlar bu etraplary taşlap, Maşada tarap gidipdirler. Hally gedaý oba-oba aýlanyp, gedaýçylyk edip, Maşada ýüzlendi. Onuň pikiri ýaranlaryny tapyp, olara goşulmakdy. Ol jaranlarda, harabalarda ýatyp-turup, uzak ýol ýöredi. Ol Maşada gelensoň ýaranlaryndan gördüm-bildim eşitmedi. Hally Maşatda galyp özüne täze ýaran toplap ugrady. Ilki iki, soň üç boldular. Olar Hallynyň hanjary bilen ýolda näwagt, biwagt görnen iki-ýeke adamlary talamakdan başladylar. Olar köpelip-köpelip, on adama ýetdiler. At-ýarag edindiler. Şeýdip ýene kerwen ýollaryna çykdylar. Ýene ondan basym el çekdiler. Kerwenleriň ýany goragly bolýar. Ol howply. Galtamanlar ýönekeý ogurlyga geçdiler. Ýene-de Ryzaguly hanyň serbazlary galtamanlaryň yzyna düşüp ugradylar. Olar gaçyp Kesearkaja geldiler.

— Ynha, bu ýerem meniň iň soňky gelen ýerim boldy — diýip, Hally galtaman dymdy.

— Eger men seni goýberäýsem, sen näme işlemekçi? — diýip, Garamergen dommarylyp, diňläp oturyşyna sorag berdi.

— Men saňa toba ederin, Mekgä giderin diýsemem sen ynanasyň ýok.

— Näme üçin ynanmaýyn.

— Üçini, sen meniň şundan başga oňarjak kärimiň ýokdugyny gözümden bilip otyrmykaň diýýän.

— Ogurlyk, galtamançylyk iň aýyp hünär. Sen başga zat öwrenäýseň bolmadymy?

— Hiç zady öz-özünden öwrenip bolanok. Adamlar bolsa maňa şuny öwretdiler, şuňa mejbur etdiler.

— Seni talan Nowruzaly baý. Sen bolsa özüň ýaly sada adamlary talaýaň. Gaýratyň bolsa, git-de şony tala ýa-da ondan gorkýaňmy?

— Gorkýan.

— Onda galtamançylygy goýarlar, ýogsa bir gün ele düşmeseň, başga bir gün ele düşersiň.

— Möjek bir gün gapana düşjegini bilse-de, sürä çapmalydyr. Ýogsa aç öler. Garamergen jedeli dowam edip oturmady. Ol gürrüňi başga ýana sowdy.

— Soň Hyrada gitjek bolmadyňmy?

— Habar tutdum. Ejem aradan çykypdyr. Gyz jigilerimiňem biri ölüpdir.

— Beýlekisi?

— Beýlekisi Hurşyt banuwyň penjesine düşüpdir. Soň ony daýylarym alyp gidipdirler — diýip, Hally galtaman dymdy.

Garamergen öz içinden “Hally söwdagär. Hally gedaý, Hally galtaman” diýip, oturyşyna esli wagtlap sesiňi çykarmady. Hally galtamanam geplemedi. Ol öz öňünde goýlan bir çanak gatyk bilen nahar edindi. Agzyny süpürip, töwirini galdyranyndan soň, Garamergen oňa:

— Ýör hany, ýatmaly jaýyňa elteýin — diýip ýerinden turdy. Olar daşaryk çykanlarynda howa bulutlaşypdy, gözedürtme garaňky diýilýänidi...

Ertesidi. Hally ýesiriň salnan jaýynyň agzy açykdy, Gapynyň öňüne goýlan daşlaryň hersi bir ýerdedi. Ýesir gije gapyny açyp gaçyp gidipdir. Kim oňa: “Özi gapyny açyp gidendir” diýýär. Kim: “Oňa daşyndan kömek gelendir” diýýär. “Onuň ýaranlary gije oba gelendirler, salnan tamyny bilip, agzyny açandyrlar, özleri bilen alyp gidendirler” diýýänlerem bardy. Ýesiriň gaçyp gitmegine beter gynanan Akdaşaýak obasyndan gelen dört atly boldy. Olar şu ýesiriň özlerini talan galtamandygyna ynanýardylar. Olar düýn şu gürrüňi eşiden batlaryna atlanmandyklaryna gynandylar. Galtamany tanamak üçin alnyp gaýdylan çolugam, çopanam hyrçlaryny dişläp galdylar. Olar ähli iýen gamçylarynyň, eşiden sögünç sözleriniň hasap-hesibini ederis diýen umyt bilen gelýärdiler. Olaryň şol umydyny “Ýesir gaçypdyr” diýen ýeke söz gap bilinden döwüp taşlady. Süýtleňňijiň şemalyň ugruna dagap giden tozgasy ýaly dagap gitdi. Çakyry çykan warak gabsany, dagap ýatan daş, köne soky, kerpiç diýen ýaly gapynyň gulpunyň deregini tutan zatlary gördüler.

Akdaşaýagyň wekilleri Iner golagyň öýüne düşüp, şo ýerden çaý içdiler. Olar Iner golak, Nurahmet serdar bilen eden gürrüňlerinde özleriniň göwnüne gelen müňkürliklerini duýdurdylar.

— Gapynyň agzyna goýuldy diýilýän zatlar içinden itekläp açar ýaly däl — diýip, myhmanlaryň ýaşulusy aýtdy.

Olaryň aýdýany dogrudy. Gapa goýlan zatlary Iner golagam, Nurahmet serdaram görüpdi. Ony itekläp açmaga bir adamyň güýji ýetjek däldi.

— Daşyndan ýoldaşlaram gelen däldir — diýip, Nurahmet serdar ardyndy.

— Olar gelen däldir. Olar itleri örüzmän gelibem bilmez, gidibem — diýip, ýene myhmanlaryň biri aýtdy. Iner golak elindäki käsäni ýerde goýup, gözlerini alyslara dikip:

— Olar gelende-de, onuň bu uly obada, haýsy tama salynjagyny näbilsin, howwa — diýip, böwrüne diň saldy. Oturanlaryň üstünden sowuk suw guýlana döndüler. Adamlar dymdylar. Olaryň gelen netijesi duşnüklidi. Kimem bolsa oňa şu obadan kömek eden bardy. Şol kömegi eden adam galtamanlaryň şärikdeşi bolmagy ahmal. Belki, Akdaşaýak obasynyň sürüsiniň gitmeginde-de onuň eli bardyr. Şu obanyň çekenesine gönükdirenem, belki, şodur. Ine, adamlary, hemmeden beterem Iner golagy iňkise salan zat şo pikirlerdi. Myhmanlar çaý-nahardan soň:

— Bähbit bol-a, onuň bilen duşuşmak nesibämizde ýokdur-da — diýip atlandylar.